Serbiýanyň paýtagty Belgradda dünýäniň ýurtlarynyň 50-den gowragynyň toparlaryny ýygnan karate boýunça däbe öwrülen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri dürli mynasybetli medallaryň bäşisini gazandylar.
Bäsleşige iň ýaş gatnaşyjylaryň arasynda iň ýokary mynasybetli medala Marydan Arslan Ataýew altyn mynasyp boldy. Gyzlaryň arasynda Marydan Zöhre Jumabaýewa hem hut şonuň ýaly üstünlige eýe boldy. Kümüş medallara bolsa Aşgabatdan Serdar Annagulyýew bilen Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Arslan Hudaýgulyýew mynasyp boldular. Şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Diýar Hojaýew bürünç medalyň eýesi boldy. Ýene bir bürünç medaly bolsa toparlaýyn bäsleşiklerde D.Hojaýew, R.Annaýew, O.Durdyýew we R.Hudaýberenow gazandylar.
Topary bäsleşiklere Türkmenistanyň Milli karate merkezine üstünlikli ýolbaşçylyk edip gelýän Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi H.Hojaýew taýýarlady. Bu merkez häzir ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan başa-baş göreşiň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň 2 müňe golaýyny özüne birleşdirýär.
Soňky ýyllarda halkara arenasynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasatynyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolmak bilen, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge we sportda ýokary netijeleri gazanmaga ägirt uly ähmiýet berýär. Häzirki zaman sport desgalarynyň-- stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, sport mekdepleriniň gurluşyklarynyň giň gerim almagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki wagtda dünýäniň ähli yklymlaryndan milli assosiasiýalaryň we federasiýalaryň 100-den gowragyny özüne birleşdirýän Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) gara guşagynyň 6-njy danynyň, şeýle hem Ähliýapon karate-do federasiýasynyň hormatly agzasynyň şahadatnamasynyň gowşurylmagy karate sportyny mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berdi.
Türkmen karateçileriniň dünýä bäsleşiginde gazanan şeýle uly üstünligi hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasynyň miwesidir. Munuň özi sportuň Türkmenistanda halkymyzyň täze belentliklere, ösüşe we döredijilige ymtylyşynyň alamaty bolup, häzirki eýýamyň häsiýetli aýratynlygydyr.