Soňky üç ýylyň içinde Lebap welaýatynda 14 sany sport mekdebi, birnäçe stadion we sport toplumlary açyldy. Bu bolsa sebitde bedenterbiýe hereketiniň we sportuň ösdürilmegine uly badalga boldy diýip, Lebat welaýatynyň sport komitetiniň başlygy Mämmet Hojanepesow belleýär.
Olaryň arasynda Türkmenabatda 2009-njy ýylda dabaraly ýagdaýda açylan 10 müň ýere niýetlenen stadion has görnüklisidir. Sportuň gimnastika, göreş, boks görnüşleri üçin zallar, trenažer zallary, ýapyk suw basseýni, woleýbol, basketbol , tennis bilen meşgullanmak üçin açyk meýdançalary, şeýle-de tomaşaçylar üçin günden hem ýagyşdan gorag telärli kiçi futbol üçin meýdança sport toplumynyň bölegidir. Kiçi futbol üçin meýdança hemme howa şertlerine laýyk gelýän emeli tebigy däl ot örtügi bilen düşelen. Bu ýerde myhmanlar we ýaryşlara gatnaşyjylar üçin niýetlenen 50 orunlyk myhmanhana hem bar.
Beýik Türkmenbaşy etrabynda hereket edýän sport toplumy 1500 tomaşaçyny howanyň dürli ýagdaýlarynda kabul edip bilýär. Bu ýerde agyr atletika, göreş we gimnastika, trenažer zallary, amatly geýim çykarylýan we iş otaglar , suwa düşmek üçin aýratyn ýerler bar. Ylgamak üçin ýodalar futbol meýdançasynyň daşyna halka edip aýlanan. Kiçi futbol meýdançasynyň emele örtügi dürli pasyllarda sportuň bü görnüşi bilen meşgullanmaga we kiçi futbol boýunça oýunlary geçirmäge mümkinçilik berýär. Woleýbol , basketbol we iki sany tennis meýdançalary hem oňa ýanaşyk ýerleşýär.
Beýik Türkmenbaşy etraby sport ussatlaryna hemişe baýdy, esasan hem pälwan ussatlary köpdi. Indi bolsa täze häzirkizaman sport toplumynyň ulanylmaga berilmegi bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, iri sport ýaryşlaryny şol sanda halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik döredi.
Sport desgalarynyň we sport mekdepleriniň gurluşygy dowam ediler. Gurlan we indi gurulýan mekdeplerde we çagalar baglarynda sport zallary, sportuň dürli görnüşleri üçin meýdançalar we basseýnler göz öňünde tutulan. Diýmek, lebaply ýaşlaryň sagdyn-durmuş ýörelgeleri esasynda ýaşamaklyga, sport mekdepleriň tälimçilerinde bolsa olaryň arasyndan geljekgi çempionlary saýlamaklyga giň mümkinçilikleri bar.
II-Umumymilli Spartakiadada okuwçylar I-orna, ulular bolsa umumy toparlaýyn hasapda II orna mynasyp boldular. Halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda abraýly çykyşlaryň bardygyny hem bellemeli. 2011-nji ýylyň ýaz aýlarynda Sambo boýunça geçirilen Merkezi Aziýa Çempionatynda Türkmenistan hem umumy hasapda ýeňiş gazandy. Bu ýeňşin gazanylmagynda lebaply pälwanlaryň görnüp duran goşandy bar. Taşkentde geçirilen „Sambonyň ähli ýyldyzlary“ atly meşhur ýaryşynda Rano Uzakowa I orna mynasyp boldy. Wengriýada kikboksing boýunça geçirilen dünýä çempionatynda Muhammet Altybaýew hormat münberiniň ýokary derejesine, Myrat Togtamyşew bolsa kümüş medalyna eýe boldular.
Ştangaçy Daniýar Ysmaýilow Malaýziýada ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşda III orna mynasyp boldy. Tailantda agyr atletika boýunça geçirilen ýaryşda Malika Kerimowa, Durdygül Çaryýewa we Seýitjan Mirzaýew hem III orny eýelemegi başardylar. Lebaply ştangaçylar ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde bolup, 2011-nji ýyly Taşkentde geçirilen Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşynyň gowy netijeleri bilen jemlediler. Daniýar Ysmaýilow, Aziza Joraýewa we Malika Kerimowa dagylar hem dürli derejeli medallaryň eýeleri.
Belli bolşy ýaly Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi esasynda Aşgabatda üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Welaýatyň sport mekdeplerinde 2017-nji ýylda geçiriljek bu ýaryşda we halkara ýaryşlarda çykyş etjek türgenleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Lebaply türgenleri we tälimçileri „Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllar aralygynda bedenterbiýe we sporty ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda öňlerinde sport üstünlikleri gazanmak boýunça wezipeleri goýup, ony amala aşyrmak ugrunda arman- ýadaman zähmet çekýärler.