Fewral aýynda Aşgabatda karting boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçiriler. Türkmenistanyň milli awtosport merkeziniň kubogyny almak ugrundaky bäsleşikler öňde boljak ýaryşlara özboluşly taýýarlyk tapgyry boldy. Ol bäsleşiklere dört topar- „Ýaraw“, „Azatlyk“, „Patriot“ we milli awtosport merkeziniň ýygyndy topary gatnaşdylar. Türgenler baş baýragy almak ugrunda sportuň bu görnüşiniň bäş derejesi boýunça bäsleşdiler.
Ýaş awtotürgenler (14 ýaşa çenli) kuwwaty 50 kub.sm. bolan dwigatelli kiçi ulaglarda – kartlarda ýaryşdylar. Şonda „Ýaraw“ toparyndan Ahmet Wartanow ýeňiji boldy. Ikinji orny bolsa „Azatlyk“ toparynyň adyndan çykyş edýän we ýaryşyň iň ýaş türgeni bolan 11 ýaşly Grigoriý Tumasow eýeledi. Milli awtosport merkeziniň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edýän Maksat Daňatarow bolsa üçünji ýeri eýeledi. Bu ýaryşlara gatnaşyjylaryň arasyndaky iň ýaş türgeniň kakasy 37 ýaşly Ýewgeniý Tumasow bu ýaryşa gatnaşyjylaryň iň uly ýaşlysydyr. Ýöne ol intek hem ýokary sport görkezijilerini gazanmagy başarýar. Bu türgeniň kuwwaty 125 kub bolan dwigatelli „patriot“ kysymly (garyşyk dwigatelleriň kysymy) kiçi ulagda ýa-da kartda çykyş edip, ynamly ýeňiş gazanmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Ol „Ýaraw“ toparynyň düzüminde çykyş edýär.
Bu derejedäki ýaryşlarda „Azatlyk“ toparyndan Wýaçeslaw Şkunow 2-nji orny, „Patriot“ toparyndan Wladislaw Şedrin bolsa üçünji ýeri eýelediler.
Kuwwaty 125 kub bolan dwigatelli ulaglarda ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşlar has-da çekeleşikli boldy. Bu ýaryşlara gatnaşýan ýeke-täk zenan milli awtosport merkeziniň ýygyndy toparyndan 17 ýaşly türgen Asýa Orazmämmedowa tutanýerliligigini we ýaryşa bolan berk erkini görkezdi. Asýa sportuň bu görnüşi bilen 10 ýyl gowrak wagt bäri meşgullanýar we tejribeli türgen hasap edilýär. Şonuň üçin hem ol ýaryşlarda özüni ynamly duýdy we sürüjilik ussatlygy boýunça beýleki türgenlerden has tapawutlandy. Zenan türgeniň diňe „Ýaraw“ toparyndan Annamuhammet Annaýewden yza galyp, kümüş medalyna eýe bolmagy hem muny subut edýär. Annaýew bilen bir toparda çykyş edýän Kirill Dewýatkin 3-nji orna mynasyp boldy.
Kuwwaty 125 kub bolan dwigatelli „halkara“ kysymly kiçi ulaglarda geçirilen ýaryşlarda milli awtosport merkeziniň ýygyndy toparynyň agzasy Serdar Mollamyradow pellehanada „Azatlyk“ toparyndan Myrat Mahmudowdan hem-de „Patriot“ toparynyň düzüminde çykyş edýän Myrat Muhammedowdan öňe geçip, ýeňiji boldy. Mahmudow we Muhammedow degişlilikde ikinji we üçünji orna mynasyp boldular.
Iň ýokary tizlik derejesindäki- kuwwaty 250 kub dwigatelli ulaglarda geçirilen ýaryşlarda ýene-de milli awtosport merkeziniň wekili Aleksandr Kowalýow altyn medala mynasyp boldy. Ikinji orny „Azatlyk“ toparyndan Wýaçeslaw Şkunow, üçünji ýeri bolsa „Patriot“ toparyndan Andreý Dewýatkiň eýelediler.
Ýaryşlaryň bäş derejesiniň jemleri boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Marks Orazmämmedowyň ýolbaşçylyk edýän milli awtosport merkeziniň ýygyndy topary baş baýragy almagy başardy. „Ýaraw“ toparynyň höwesjeň äwtotürgenleri 2-nji orny (uly tälimçisi- Ýuriý Julin), üçünji orna bolsa „Azatlyk“ höwesjeň sport toparynyň düzüminde çykyş eden tälimçi Pawel Şedriniň şägirtleri mynasyp boldular.