Täze urganly ýol Köpetdagyň eteklerinden „Türkmenistan“ teleradioýaýlymlar merkezine çenli uzar. Ýol bilen birlikde şol ýerde degişli üpjünçilik ulgamlaryny, tebigatyň gözelliklerini synlamak üçin niýetlenen meýdançalary we zerur bolan binalary we desgalary, ýagtylandyryş ulgamyny hem-de restoranlary gurlar.
Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugynyň habar berşine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde bu taslamany amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmekligi tabşyrdy. Taslamada adamlaryň dynç almaklary üçin amatly şertleri we hyzmatlaryň ýokary derejeliligini üpjün etmeklige aýratyn üns berler.
Urganly ýoluň Teleradioýaýlymlar merkezinden Köpetdaga tarap uzalyp gidýän ikinji nobatdakysyny we onuň bilen birlikde bu ýerde lyža sporty bilen meşgullanmak üçin emeli garly ýoly gurmaklyk hem hem göz öňünde tutulan. Onuň üstesine-de howanyň sowuk gelen käbir ýyllary bolsa ýagan gar bu meýdanlarda ýylyň bütin dowamynda hem eremän galýar.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna türkmen daglarynyň gözellikleriniň ajaýyplygyny synlamaga, lyža sporty bilen meşgullanmaklyga mümkinçilik döreder. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi gün-günden pajarlap ösýän ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwatynyň mundan beýläk hem ösmegine we berkemegine öz saldamly goşandyny goşar.