Türkmen futbolçylary Sankt-Peterburgda badalga alan, däp bolan Arkalaşygyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlary Estoniýanyň toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykmak bilen başladylar.
Häzirki bäsleşikler öň geçirilen ýaryşlardan tapawutlanýar. Indi aýry-aýry toparlar däl-de milli ýaşlar ýygyndy (21 ýaşdan uly bolmadyk türgenler) toparlary oýnaýarlar. Baýragy almak üçin bäsleşýän 12 topar üçe bölünýär. “A” topar-Russiýa, Gazagystan, Estoniýa, Türkmenistan; “B”-Ukraina, Moldowa, Gyrgyzystan, Latwiýa; “S”-Belarus, Eýran, Täjigistan, Litwa.
Her topardan güýçli komandalaryň 2-si we toparda 3-nji orny eýelän komandalaryň 2-si 1-8-nji orunlary eýelemek ugrunda özara güýç synanyşarlar.
Ilkinji duşuşykda oýunçylaryň biri meýdançadan çykarylandan soň biziň toparymyz aglaba wagty azlykda oýnamaly boldy. Duşuşygyň tamamlanmagyna 7 minut galanda türkmen futbolçylarynyň nobatdaky garşylyklaýyn hüjümi netijesinde A. Annasähedowyň takyk uran topy tora girdi. Oýun tamamlanandan soň oňa, duşuşygyň iň oňat oýunçysy hökmünde ýörite baýrak gowşuryldy.
Türkmenistanyň ýaşlar topary indiki duşuşygy, ýaryşlaryň ilkinji oýnunda öz russiýaly deň-duşlaryndan 0:1 hasabynda asgyn gelen Gazagystanyň topary bilen geçirer.
Ýaryşlaryň beýleki ilkinji oýunlarynyň netijeleri şeýle boldy: Gyrgyzystan-Latwiýa-2:3, Ukraina-Moldowa-1:0.
Ýaryş dowam edýär.