Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda gurlan täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda gurlan täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

view-icon 855
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň nobatdaky binalar toplumynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdebiň hem-de Merkezi Serkerdeler öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Ak mermere beslenen binalar toplumy paýtagtymyzyň merkezinde gurlup, ol okgunly ösýän Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Toplum paýtagtymyzyň bu künjeginde ozal gurlup ulanmaga berlen Harby institutyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Raýat goranyşy we halas ediş baş dolandyryş binasynyň üstüni ýetirip, bitewi bir binalar toplumyny emele getirdi. Binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň, asudalygynyň, Watanymyzyň mukaddes garaşsyzlygynyň goragynda durýan harby gullukçylarymyzyň hormatyna milli senenamamyzda ykrar edilen Watan goragçylarynyň gününe gabat gelendigi bellärliklidir.

Türkmenistan parahaçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde yglan edip, ýurdumyzyň Harby doktrinasy Diýarymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, türkmen halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşynyň kepili bolup durýan Milli Goşunymyzyň ýokary goranyş ukybynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen goranyş häsiýetine eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeler şu maksatlara gulluk edýär. Onda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň häzirki zaman enjamlar we täze ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegine, harby gullukçylaryň gulluklary we ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine, ýokary hünärli harby gullukçyaryň taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu günki paýtagtymyzda ulanmaga berilýän täze harby desgalar toplumy Watan goragçylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzhan” köşkler toplumyndan çykyp, Harby institutyň täze dolanlyryş binasyna tarap pyýadalap gelýär. Bu şanly sene mynasybetli şol ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýygnandylar. Harby ýokary okuw mekdebiniň harby talyplary Türkmenistanyň Döwlet baýdaklaryny ellerinde saklap nyzama düzülip durlar.

Paýtagtymyzyň awtoulag ýollarynyň ugrunda harby ýokary okuw mekdebiniň talyplary, ýaş esgerler we harby mekdepde terbiýelenýänler ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklaryny saklap nyzama düzülipdir.

Dabara gatnaşylar türkmen döwletiniň Baştutanyny ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Harby talyp gyzlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ter gül desselerini gowşurýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew raport berýär.

Milletiň Lideri raporty kabul edip, Harby institutyň toplumynyň täze dolandyryş binasynyň esasy girelgesine tarap barýar. Dabaraly pursat gelip ýetýär. Döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, binanyň içine girýär.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, öz mertebesini saklamagy başarýan islendik döwlet özüni goramaga borçludyr, biziň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň eke-täk maksady hut şundan ybaratdyr diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimiziň söweşjeň kuwwatynyň parahatçylygyň goralmagyna gönükdirilendigini, ýurdumyzyň harby doktrinasynyň diňe goranyş häsiýetlidigini nygtady. Milletiň Lideri bu ýerde özleriniň köňül beren hünärine wepaly, ruhubelent we merdana Watan goragçylary, ussat, ýokary derejede kämil harby hünärmenler taýýarlanmalydyr diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hünärine ökde harbylary taýýarlamak üçin döredilen şertler bilen tanşyp, birinji gatda ýerleşýän okuw otaglaryna baryp gördi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ulgamy boýunça başarnyklary kämilleşdirmek we döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek, asmana atyjy göçme raketa toplumlaryny, artilleriýany dolandyrmak, şeýle hem taktika, atyş taýýarlygy boýunça niýetlenen okuw otaglaryny synlady.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen aragatnaşyk okuw otagyna geldi. Harby institutyň 3-nji ýyl harby talyplary täze sapagy özleşdirýärler. Okuw otagy häzirki zamanyň kämil harby aragatnaşyk enjamlary, tejribe diwarlyklary, harby aragatnaşyk tehnikalaryny bejermek üçin hem-de energiýanyň alternatiw çeşmelerinden elektrik toguny almak üçin enjamlar toplumy bilen üpjün edilipdir. Mugallym bu enjamlaryň ulanylyşy barada jikme-jik düşündiriş berdi. Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk okuw otagynda harby talyplaryň çylşyrymly tilsimatlary özleşdirişleri bilen ýakyndan gyzyklandy we olara üstünlikler arzuw etdi.

Soňra milletiň Lideri institut bilen tanyşlygyny asmana atyjy göçme raketa toplumynyň okuw otagynda dowam etdi. Bu ýerde harby talyplar asmana atyjylar berlen gönükmäni dürs we tiz ýerine ýetirdiler. Harby talyplar häzirki zamanyň çylşyrymly tehnikalaryndan baş alyp çykmagyň usullaryny başarjaňlyk bilen ele alýandyklaryny görkezdiler. Döwlet Baştutanymyz asmana atyjy göçme raketa toplumynyň häsiýetnamalary barada harby talyplar bilen sowal-jogap alyşdy.

Taktika okuw otagynda tälim alýan harby talyplar hormatly Prezidentimizi ýokary ruhubelentlik bilen garşyladylar. Olar amaly türgenleşik okuwyndan bir parçany görkezdiler.

Milletiň Lideri okuw otaglarynyň enjamlar bilen üpjün edilişini aýratyn gyzyklanma bildirip synlady, bular ata Watanymyzyň goragçysyna mahsus bolan asylly käri saýlap alanlara döwrebap bilimleri ele almaga we ussatlygyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine degişli goşunlaryň ähli görnüşleriniň has täze harby tehnika bilen üpjün edilendigini göz öňünde tutup aýdanyňda, munuň özi has möhüm ähmiýete eýedir.

Soňra milletiň Lideriniň indiki baran okuw otagynda—artilleriýanyň görnüşleriniň aýratynlyklary we söweş usullary hem-de olaryň gurluşygy babatda harby talyplar berlen gönükmä laýyklykda türgenleşik okuwyny geçirdiler. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde goýlan enjamlar bilen tanyşdy, şolaryň mümkinçilikleri milletiň Liderine görkezildi.

Atyş taýýarlygy boýunça okuw otagynda harby talyplar berlen gönükmä laýyklykda nyşanany urmagyň ýokary derejesini görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz harby talyplaryň atyş taýýarlygy boýunça ulanýan ýaraglary, olaryň häsiýetnamalary bilen içgin gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz geljekki serkerdelere okuwda üstünlik gazanmagy, mukaddes watançylyk borçlaryna ygrarly bolmagy, beýik ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp derejede dowam etdirmegi arzuw etdi. Muňa jogap hökmünde, harby talyplar Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşyna okamak we saýlanyp alnan hünäre eýe bolmak üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, şeýle hem harby gullukçylar barada hemmetaraplaýyn alada edilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýeri gelende aýtsak, Harby institutyň toplumyna başga-da birnäçe täze binalar degişlidir, şolarda has kämil tehnika bilen üpjün edilen okuw otaglary, iş otaglary, şol sanda kompýuterli we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen otaglar, barlaghanalar, kitaphanalar, mejlisler zallary, dolandyryş jaýlary, naharhana bar. Harby talyplaryň we ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Türkmen döwletiniň Baştutany sport zalyna bardy. Bu ýerde harby ýokary okuw mekdebiniň harby talyplary miletiň Lilerine sportyň dürli görnüşleri boýunça— sambo, dzýudo, erkin göreş, türkmen milli göreşi we Gündogaryň başa-baş söweşleriniň beýleki görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow saglyk durmuş ýörelgesine eýermek bilen, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň artykmaç taraplaryny hemişe äşgär etmek arkaly ata Watanymyzyň goragçylaryna asylly görelde görkezýär. Döwlet Baştutanymyz ýaş esgerleriň görkezme çykyşlaryna gyzyklanma bilen syn edip, sport boýunça yzygiderli türgenleşikleriň ýaşlary diňe beden taýdan taplamakda däl-de, eýsem, olary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde hem göwnejaý serişde bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti harby talyplar we olaryň halypalary bilen hoşlaşyp, Harby institutyň täze dolandyryş binasyndan çykdy hem-de awtoulag bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň täze ýöriteleşdirilen harby mekdebe tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanyny dabara gatnaşyjylar—Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri tüýs ýürekden mähirli garşylaýarlar. Harby talyplar milletiň Liderine gül desselerini gowşurýar.

Bu ýerde mekdebiň okuwçysy döwlet Baştutanymyzdan täze okuw mekdebini açyp bermegi haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, olaryň ählisini Watan goragçysynyň güni we täze desgalaryň açylmagy bilen gutlady.

Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylarynyň garaşsyz bitarap ata Waianymyzy wasp edýän aýdym-saza beslenen dabaraly çykyşlary ýakymly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze okuw mekdebiniň esasy girelgesine tarap barýar we binany açýar.

Döwlet Baştutany 600 okuwçy üçin niýetlenen mekdep bilen tanyşlygyň barşynda birinji gatdaky okuw otaglarynyň birnäçesine, şol sanda fizika, başlangyç harby taýýarlyk boýunça okuw otaglaryna baryp gördi we ilkinji nobatda, olaryň enjamlar bilen üpjün edilişine we ýaşlary okatmak üçin döredilen şertlere üns berdi. Ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen başga-da birnäçe okuw otaglary, şol sanda astronomiýa, türkmen dili we edebiýaty we beýleki otaglar, şeýle hem barlaghanalar, lingafon otagy, kompýuter otagy, mejlisler zaly we giň naharhana ýaşlaryň ygtyýaryndadyr.

Döwlet Baştutanymyz okuwçylar bilen bolan gürrüňdeşligiň barşynda olardan okuwy, hususan-da, daşary ýurt dillerini öwrenişi barada sorady. Milli Liderimiz mekdepde terbiýelenýänleriň geljekde haýsy hünäri saýlap aljakdygy we haýsy harby ýokary okuw mekdebine girjekdigi barada gyzyklandy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwçylaryň boş wagtlarynda olar üçin medeni çäreleriň guralmagynyň, şol sanda muzeýlere we teatrlara yzygiderli gezelençleriň guralmagynyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem okuwçylaryň estetiki terbiýesine we olaryň gözýetiminiň giňeldilmegine, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine, şu maksatlar bilen olar üçin aýdym-saz we sungatyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy babatda mümkinçilikleriň döredilmegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesle bilim bermegiň we terbiýelemegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belläp, ýaşlara okuwda üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Muňa jogap hökmünde harby okuwçylar döwlet Baştutanyna şeýle ajaýyp sowgat-- täze mekdep hem-de ýurdumyzyň ýaşlary barada ýadawsyz alada edilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby mekdebiň ýatakhanasyna tarap ugrap, lift bilen binanyň ikinji gatyna çykdy we bu ýerde ýaşlar üçin döredilen ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşdy. Ýeri gelende aýtsak, harby mekdepde tälim alýanlar üçin göwnejaý ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur zatlar göz öňünde tutulypdyr. Döwlet Baştutanymyz ýatakhanalara baryp, şeýle hem dürli maksatlar üçin niýetlenen, şol sanda harby lybaslary we esbaplary saklamak üçin niýetlenen durmuş we gulluk otaglaryny synlap, muňa doly göz ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz ýatakhananyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, ýaş okuwçylaryň saglygyny berkitmek, olary sport bilen meşgullanmaga çekmek meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi we şunda okuw mekdeplerinde arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Ýokarda agzalan otaglardan başga-da, şol binada kitaphananyň, okuw otaglarynyň, şol sanda okuw maslahatlaryny geçirmek üçin otaglaryň, şeýle hem fitness-zalyň we lukmançylyk otagynyň bardygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby mekdebiň ýatakhanasyny synlap, nyzam meýdançasyndan ýöräp, okuw mekdebiniň esasy girelgesinden çykdy. Türkmen döwletiniň Baştutany mekdepden çykanda, harby okuwçylar bilen birlikde, ýadygärlik üçin surata düşdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň täze binasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň barýan ýolunyň ugrunda türkmen dessantçylary söweşjeň sungatyň tärlerini ele almakda öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Şol wagt bu ýerde dabaranyň başlanmagyna ähli zatlar taýýar edildi, dabara gatnaşyjylar milletiň Liderini mähirli garşylaýarlar. Döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desseleri gowşurlýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýdym-saz topary watançylyga bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi serkerdeler öýiniň esasy girelgesine tarap barýar we binanyň içine girýär.

Bu ajaýyp 9 gatly binada dabaraly çäreleri geçirmek, harby gullukçylaryň medeni dynç alşy, şeýle hem myhmanlaryň kabul edilmegi üçin ähli şertler döredildi. Onda Taryh muzeýi, Weteranlar öýi, mejlisler-zallarynyň birnäçesi we köp ugurly zal, kitaphana, şekillendiriş sungaty we aýdym-saz bilen meşgullanmak üçin studiýalar, fotostudiýa, dolandyryş we okuw otaglary bar. Serkerdeleriň ygtyýarynda naharhana, kafe we restoran, şeýle hem myhmanhana otaglary bar. Bulardan başga-da şol ýerde suwa düşülýän howuz, spa-salon we fitness-zal ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi serkerdeler öýi bilen tanyşlygyny Taryh muzeýini synlamakdan başlaýar, şondaky ekspozisiýa bu ýerde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň taryhyna bagyşlanypdyr. Muzeýde arhiw surat materiallary, gadymy ok atýan we sowuk ýaraglaryň nusgalary, şeýle hem ХIХ we ХХ asyrlaryň ýaraglary, Beýik Watançylyk urşy döwrüniň söweşjeň baýdaklary, häzirki wagtda Milli Ýaragly Güýçlerimizde bolan harby awiasiýa hem-de bron tehnikasynyň nusgalary ýerleşdirilipdir. Eksponatlaryň arasynda uçarmanyň lybasy bar. Şol lybasda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň 26-njy iýunynda sesiň tizliginden çalt uçýan MiG-29 söweşjeň uçarynda uçuşy amala aşyrdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby gullukçylaryň biri ýüzlendi. Ol türkmen esgerleriniň adyndan milletiň Liderine ata Watanymyzyň goragçylary barada yzygiderli alada edýändigi, ajaýyp baýramçylyk sowgat—täze Merkezi serkerdeler öýi hem-de döwlet Baştutanynyň şu günki dabaralara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, türkmen harby gullukçylarynyň geljekde-de ata Watanymyza ygrarly gulluk etjekdigine ynandyrdy.

Muzeýi synlandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 20 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiň başlygynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny kabul etdi.

Ýygnananlar döwlet Baştutany bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, iň oňat arzuwlaryny we mümkinçilikden peýdalanyp, Milli Goşuny döwrebaplaşdyrmak, ökde hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meselelere içgin üns berilýändigi hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada ýadawsyz alada edilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we ýakymly arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn bitaraplygyň we parahatçylygy söýüjigiň ýörelgelerine elmydama ygrarlydygyny we bu ýörelgeleriň diňe goranyş häsiýetine eýe bolup durýan hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygynyň, diýmek, onuň yzygiderli ýaglaýda hemmetaraplaýyn ösüşi, türkmen halkynyň abadan we döredijilikli durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen Milli harby doktrinanyň esasyny düzýändigini ýene-de bir gezek belledi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýolunda uly üstünlikleri gazanmagyna ata Watanymyzyň we halkymyzyň mizemez daýanjy diýip hasaplanýan Ýaragly Güýçleriň önjeýli goşant goşýandygyny belläp, döwletiň geljekde-de harby gullukçylara hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda harby ugurda amala aşyrylýan özgertmäniň çäklerinde ýurdumyzda Watan goraýjylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, olaryň hünär ussatlygynyň kämilleşdirilmegi üçin döwrebap görnüşdäki harby şäherjikleriň gurulýandygyny hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi üçin yzygiderli ýagdýada degerli çäreleriň görülýändigini aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany döwletiň Milli goşunyň goranyşa ukyplylygyny pugtalandyrmak we onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda alada etjekdigini hem-de şu maksatlar üçin, täze harby we ýörite tehnikany satyn aljakdygyny, harby işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriň ýolbaşçylaryny we tutuş şahsy düzümi baýramçylyk bilen gutlap, harby gullukçylara bagtyýarlyk, abadançylyk we olaryň ýeňil bolmadyk, ýöne ýurdumyzyň howpsuzlygy we rowaçlygy ugrundaky asylly zähmetinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Şonda döwlet Baştutany türkmen esgerleriniň ata Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny gözüň göreji ýaly goramak boýunça mukaddes watançylyk borçlaryny mynasyp derejede berjaý etjekdigine ynam bildirdi.

Harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary paýtagtymyzda gurlan Harby institutyň täze ajaýyp binalar toplumy, Merkezi serkerdeler öýi we ýöriteleşdirilen harby mekdep üçin, döwlet Baştutanymyzyň şu günki dabaralara gatnaşandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentini, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny geljekde-de ata Watanymyza janyny gaýgyrman gulluk etjekdiklerine, öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleriň ählisini berjaý etmekde öz güýçlerini, bilimlerini we tejribesini aýmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Döwlet Baştutany mejlisler zalyndan çykanda, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň birinji gatynda ýerleşýän mejlsiler zalyna bardy hem-de bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyldaky birinji giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, şu gün däp boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2011-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine gararys, şeýle hem täze ýylda öňde durýan wezipeleri kesgitläris diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini açyp, bu ýere ýygnananlary Watan goragçylarynyň güni hem-de bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň täze harby-okuw binalar toplumynyň we Merkezi serkerdeler öýüniň açylmagy bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtynyň bezegine öwrülen täze döwrebap binalarda ýokary ahlakly, edermen Watan goragçylarynyň, ýokary hünärli harby gullukçylaryň, öz işiniň ussatlarynyň taýýarlanjakdygyna ynam bildirip, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we Watan goramak ýaly örän jogapkärli hem-de abraýly gulluklarynda uly üstünlikler arzuw etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerbaşysy mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar çykyşlarynda özlerine ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada öňi bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol milli Liderimiziň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyny we kämilleşdirilmegini ugur edinýän başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň barşy, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygy, şeýle hem harby gullukçylar üçin amatly gulluk hem-de durmuş şertleriniň döredilişi barada aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde 2011-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleriň durmuşa geçirilişi, serhet galalarynyň täze binalarynyň we harby gullukçylaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew öz gezeginde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna beýik özgertmeler eýýamynyň gazananlarynyň ygtybarly daýanjy bolan milli goşunymyzda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde durmuşa geçirilýän harby özgertmeler we degişli çäreler hakynda hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda kanunçylygyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine alnyp barlan gözegçilik işleriniň netijeleri hakynda hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew 2011-nji ýylda ýerine ýetirilen işler we häzirki jemgyýete çynlakaý howp bolup durýan durmuş nogsanlygyna garşy barşylyksyz göreşiň çäklerinde durmuşa geçirilýän anyk çäreler hakynda habar berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzyň IIM-inde geçen ýylda geçirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi. Hasabatda ýurtda jemgyýetçilik tertip-düzgünini we durnuklylygy üpjün etmek, raýatlaryň kanuny hukuklaryny hem-de azatlygyny goramak, şeýle hem düzgün bozmalaryň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan çäreler hakynda aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy A.Hallyýew dünýä ülňülerine laýyklykda täze taryhy eýýamyň talaplaryny hasaba almak bilen, ýurdumyzyň milli kazyýet ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ähli döwlet wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek täze kanunlaryň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylyşy hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew özüne ynanalyan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we geçen ýylda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri hakynda hasabat berdi we soňky döwürde ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän ýükleriň artmagy netijesinde gullugyň işiniň has-da kämilleşdirilendigini aýtdy.

Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow 2011-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol okgunly ösýän Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň durnukly artýandygyny belläp, munuň özi biziň ýurdumyza halkara jemgyýetçiliginiň gyzyklanmalarynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler her bir ýolbaşçynyň tabşyrylan ýumuşa örän wepaly we ýokary derejede jogapkärçilikli çemeleşmegini talap edýär diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda häzirki döwürde we geljekde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm weziepeleri kesgitledi.

Harby doktrinamyzyň goranyş häsiýeti eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz oňyn bitaraplyk ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý edilmegine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan hemişe harby güýji ulanmaga garşy çykyş edýär we uruş hereketlerine jedelleri çözmegiň usuly hökmünde hiç wagt garamaýar diýip nygtady we biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanan syýasaty alyp barýandygyny we onuň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändigini aýtdy.

Ýöne, muňa garamazdan, biz ýurdumyzyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän goranyş ulgamyny döretmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu maksatlar üçin şu ýylda ýurdumyzyň Milli goşunynyň, Harby-deňiz güýçleriniň, Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam ederis, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak barada yzygiderli alada ederis diýip belledi.

-Döwletimiz bu maksatlar üçin hiç wagt serişde gaýgyrmaz, zerur bolan serişdeleri goýberer-- diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen bäş ýylyň dowamynda öňki döwürler bilen deňeşdirilende, harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin serişdeler 4 esseden gowrak köp göýberiler.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýaş nesilleri watansöýüjilik we mukaddes harby borjuna wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm ugra aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Şu gün dabaraly ýagdaýda açylan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň we ýörite mekdebiniň täze binalary muňa hyzmat eder.

-Ýurdumyzyň harby-okuw mekdeplerine harby talyplary we okuwçylary seçip almak işi ýola goýlan talaplara laýyklykda adalatly geçirilmelidir. Bu ýerde hakyky watansöýüjiler, gahryman pederlerimiziň asylly däplerini mynasyp dowam etdirijiler, Watanymyzy jany bilen söýýänler we onuň erkinligini hem-de garaşsyzlygyny ähli zatdan ýokary görýänler okamalydyrlar, bu harby-okuw mekdeplerinde diňe bir beden taýdan güýçli we sowatly hünärmenler däl, eýsem sazlaşykly ösen, ruhy taýdan kämil Watan goragçylarynyň täze nesilleri terbiýelenmelidir--diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

-Ata-babalarymyzyň arzuwlan, ýürekden söýen, döş gerip goran mukaddes ata Watanyň – Garaşsyz Türkmenistanyň her bir türkmenistanly üçin gymmatlydygyny, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermegiň her bir raýatyň konstitusion borjudygyny, şoňa görä-de, beýik özgertmeler zamanasynyň beren ajaýyp miwelelerini gorap saklamagyň zerurdygyny siz bilmelisiňiz-- diýip, milletiň Lideri nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýargyly Güýçleriniň her bir gullukçysy merdana ata-babalarymyzyň edermenlik ýoluny dowam etmäge, olaryň watançylyk duýgularyndan ruhlanmaga borçludyr, döwlet nyşanlarymyza buýsanyp, olara sarpa goýmalydyr diýip belledi.

-Türkmen halkynyň şöhratly geçmişine bolan beýik buýsanç duýgusy her bir harby gullukçynyň kalbynda bolmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady we milli gymmatlyklarymyza aýawly garamagyň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen döwletiniň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň we harby-syýasatynyň ugrunyň ygtybarly daýanjy bolup durýan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji, goranmak häsiýetli Harby doktrinasy esasynda, harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýarys. Harby gullukçylarymyz we olaryň maşgalalary barada hemişe alada edýäris, olaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, olaryň netijeli işlemekleri, oňat dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirýäris. Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri geljekde-de dowam ederis.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary milli goşunymyzyň kämilleşdirilmegine, onuň kuwwatynyň artdyrylmagyna berýän hemişelik ünsi hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, häzirki döwürde harby gullukçylaryň ygtyýaryna iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň we enjamlarynyň gelip gowuşýandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.

Şeýle hem mejlisiň barşynda başga-da birnäçe meselelere, şol sanda guramaçylyk meselelerine seredildi we degişli resminamalar bilen berkidilen çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz netijeli geçen mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de olara türkmen halkynyň parahatçylykly, abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Şanly wakalar mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Harby instituta we Merkezi serkerdeler öýüne iki sany awtobusy sowgat berdi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany binadan çykýar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp we olaryň ählisini baýramçylyk hem-de oňa gabatlanylyp täze desgalaryň açylmagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, bu ýerden ugrady.