Ï Ýaş türkmen sportçularynyň Belarusdaky üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş türkmen sportçularynyň Belarusdaky üstünligi

view-icon 1685
Türkmen sportçulary Witebsk şäherinde Belarusyň, Russiýanyň we Ukrainanyň dürli sebitlerinden pälwanlaryň gatnaşmagynda 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça geçirilen halkara ýaryşda iki sany altyn we bir sany kümüş medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň toparynda K.Hojakow we Ş.Begjanow hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar.

54 kilograma çenla agramlyk derejede K.Hojakow bäsdeşleriniň bäşisinden üstün çykmagy başardy. Şol agramda pälwanlaryň 20-si göreşdi. 58 kilograma çenli agramda 16 pälwan çykyş etdi. Olaryň arasnyda Türkmenistanyň wekili Ş.Begjanow hemmelerden saýlandy. Ol dört sany ýeňiş gazanyp, altyn medaldan başga-da, “Erkin göreşiň iň gowy tehnikasy üçin” diýen diplomly baýraga mynasyp boldy.

Türkmen pälwanlarynyň ýene-de biri – B.Ýarmämmedow 63 kilograma çenli agramda bürünç medaly eýelemegi başardy. Şol agramda sportçularyň 15-isi güýç synanyşdylar.

Biziň baýraklara mynasyp bolan pälwanlarymyzyň üçüsi hem “Olimp” sport mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi R.Rustamowyň ýolbaşçylygynda öz ussatlygyny kämilleşdirýär.

Erkin göreş bilen meşgullanýan ýaş pälwanlarymyz şu ýylyň tomsunda Bişkek şäherinde geçiriljek Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler.