Türkmen olimpiýa ýygyndy toparyna ýene bir türgen goşuldy. 2011-nji ýylda Parižde geçirilen dünýä çempionatynda üç sany ýollanma eýelän ştangaçylarymyza Londanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna 63 kilograma çenli agramda çykyş edýän dzýudoçy G. Haýytbaýewa hem goşuldy. Bu barada dzýudo boýunça Halkara federasiýasy (IJF) habar berdi.
Dünýä görkezijisi boýunça 63-nji ýeri eýeleýän, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk baradaky Milli institutynyň talyby, dzýudoçy G. Haýytbaýewa halkara ýaryşlarynda eden çykyşlarynyň jemi boýunça 80 oçko toplamagy başardy we Aziýa dzýudo birleşiginiň yklym boýunça (JUA) ýollanma mynasyp boldy.
2011-nji ýylda Türkiýede geçen Ýewropanyň açyk kubok ýaryşlarynda bürünç medala mynasyp bolan, 26 ýaşly G. Haýytbaýywa Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş eder. Häzirki wagtda ol paýtagtymyzda ýurdumyzyň O.Muhammetnazarowanyň ýolbaşçylygyndaky ýygyndy zenanlar toparynyň hatarynda bu uly ýaryşa taýýarlyk görýär.
Milli olimpiýa komitetiniň habar bermegine görä, Londan Olimpiýadasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana ýene 2 (bir erkek we bir aýal) ýollanmany Sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça Halkara federasiýasy (FINA) we Ýeňil atletika boýunça Halkara federasiýasy (IAAF) ýollady.
Ýakyn aýlarda olimpiýa ýollanmalaryny gazanmak üçin türkmen türgenleri ýene-de boks, dzýudo, erkin we grek-rim göreşleri, zenanlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça ýokary derejeli ýaryşlarda güýç synanyşarlar.