2012-nji ýylyň 4-7-nji aprelinde Aşgabatda sportyň gyşky görnüşleri toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrunda ýetginjekleriň arasynda hokkeý oýny boýunça ýaryş geçiriler. Bu ýaryş ýaşlaryň arasynda sporty ösdürmäge, onuň gyşky görnüşleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna itergi berer.
Ýaryşa Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň «Bürgüt», «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan», söwda we dokma senagatynyň «Şir» hem-de ulag we aragatnaşyk toplumynyň «Alp Arslan» toparlary gatnaşarlar.