Türkmenabatda ýaşlaryň arasynda erkin we grek-rim göreşleri boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Grek-rim we erkin göreş boýunça geçirilýän ýaryşlaryň ählisi ýaňy-ýakyndan bäri bir sport guramasynyň goldawy–biziň ýurdymyzda Türkmenistanyň sport göreşiniň Milli nerkezi, dünýä ýüzünde bolsa, höwesjeň göreşiň Halkara federasiýasy tarapyndan geçirilýär.
Erkin göreş boýunça geçirilen bäsleşiklerde ýer eýeleri Aşgabatdan gelen güýçli pälwanlara mynasyp garşylyk görkezmegi başardylar. 50 kilogram agram derejede Guwanç Permanow tapawutlandy. Öňki geçirilen bäsleşiklerde bolşy ýaly, ol finalda hem wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Lebaplylaryň ýeňiş başlangyçlaryny 55 kilogram agram derejede bäsleşen Röwşen Rozumbaýew dowam etdirdi. Ukyply, 17 ýaşly türgen bu bäsleşige çenli ulylaryň arasynda ýurdyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen bäsleşikde iň gowularyň üçlüginiň hataryna goşulmagy başardy. 60 kilogram agram derejede çykyş eden Çary Hallyýew Lebabyň ýygyndysyna üstünlik getirdi. Munuň üstesine hem Çary ýurdyň çempionatynyň baýragynyň eýesidir we ulularyň arasynda Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisidir.
Soňra final bäsleşiklerem çekeleşikli geçdi, hakyky ýeňşe köp garaşmaly boldy. 66 kilograma çenli agramda paýtagtly türgenleriň 2-si tutluşdy. Şonda Batyr Orazgylyjow ýeňiji boldy. 74 kilogram agramda Orazberdi Şaberdiýew (Aşgabat), 84 kilogram agramda bolsa, Ahmet Bäşimow ýeňiji boldular. 96 kilogram agramda Selim Muhitdiýew (Aşgabat) üstünlik görkezdi.
Has agramly derejede – 120 kilogramda Alijan Isakow (Lebap) wagtyndan öň ýeňiji bolup, ýurduň çempiony hökmünde, tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Grek-rim göreşi boýunça geçirilen ýaryşlar hem çekeleşikli boldy. Klassiki usulda göreşýän paýtagtly türgenler altyn medallaryň 8-siniň 7-ni eýelediler. Olar Hoşgeldi Nobatmyradow (50 kilograma çenli), Annamämmet Ataýew (55 kilograma çenli), Eziz Saparmyradow (60 kilograma çenli), Arslan Oraşew (66 kilograma çenli), Jahangir Ibragimow (74 kilograma çenli), Amanaly Ataýew (84 kilograma çenli) we Arkadiý Petrosýan (96 kilograma çenli) dagylardyr. 120 kilogama çenli agramda maryly pälwan Kakamyrat Myradow birinji orny eýeledi.
Aşgabatly türgenler Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Nepes Gukulowyň, Gasan Rasulowyň we Sergeý Söýünowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.
Ýeňijiler milli ýygyndy toparynyň düzümine girdiler we olar maý aýynyň ahyrynda we iýun aýynyň başynda Almatyda geçiriljek Aziýa çempionatyna we Bakuda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler. Bilşimiz ýaly 2017-nji ýylda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi esasynda Aşgabatda üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Yklym boýunça geçirilýän bu iri bäsleşiklerde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde erkin we grek-rim göreşleri boýunça ýaşlaryň arasynda şu gezekki geçirilen ýurdyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşlara gatnaşa türgenleriň iň ussatlaryny görjekdigimize ynanýarys.