Ï Türkmen küştçüleriniň uly üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçüleriniň uly üstünligi

view-icon 789
Budapeşt şäherinde küşt boýunça geçirilen halkara ýaryşynda Aşgabat şäheriniň sport mekdebiniň küştçüleri ýokary sylaglaryň 6-syna – 4 altyn we 2 kümüş medala mynasyp boldular. Wengriýanyň paýtagtynda ýaryşyň bäş normatiw kategoriýasy boýunça baş baýragy almak ugrunda Russiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan we beýleki ýurtlardan 50-den gowrak türgen güýç synanyşdylar.

Türkmen toparynda çykyş edýän türgenleriň arasynda iň ýokary görkezijini FIDE – niň ussady Maksat Atabaýew gazandy. Oňa küşt oýnunda ikinji orunda durýan “halkara ussat” derejesinde altyn medaly eýelemek başartdy. M. Atabaýew on oýundan 8 oçko toplady. Bu bolsa onuň küşt reýtingini 2261,5 balla çenli ýokary göterdi. Bu netije watandaşymyzyň “halkara ussat” normotiwine ikinji ball goşuldy. Onuň normatiwi doly ýerine ýetirmegi üçin ýene bir ball toplamak ýeterlikdir.

Şu kategoriýa boýunça ýaryşa gatnaşanlaryň arasynda ikinji orny we kümüş medaly ýene-de bir watandaşymyz – FIDE-niň ussady Annaberdi Esenow eýeledi. Ol ýeňijiden bary-ýogy 0,5 oçko yza galdy. Şeýlelikde, Annaberdiniň reýtingi 2303,8 balla barabar boldy, “halkara ussat” normatiwine hem iki ball goşuldy.

Ýaryşyň “FIDE–A-1” kategoriýalary boýunça birinji we ikinji ýerleri hem biziň türgenlerimiz eýelediler. Birinji orna Rüstem Nazarow, ikinji orna bolsa Saparmyrat Atabaýew mynasyp boldy. Şeýle-de, bu iki türkmen küştçüsi bir meňzeş - 7,5 oçko topladylar. Birinji ýeriň ykbalyny olaryň özara duşuşyklary çözdi. Duşuşykda R. Nazarow ýeňiş gazandy hem-de onuň halkara küşt reýtingi 2102,2 balla çenli galdy. Özüniň reýtingini R. Nazarowdan 12,4 ball öňürden S. Atabaýewiň hem reýtingi ep-esli ýokary galdy.

“FIDE-A-2” kategoriýasynda ýeňiş gazanan Serdar Weliýew hem halkara küşt reýtingine 50 oçkodan gowrak goşmagy başardy. Indi biziň sport ussadymyzyň hasabynda 2037,4 ball bar. Türkmen türgenleriniň arasynda bu ýaryşda “FIDE-W” kategoriýa boýunça 4-nji altyn medaly Aşyrgeldi Annageldiýew eýeledi.

Budapeşt şäherinde geçen halkara ýaryşyna gatnaşan türkmen küştçüleri özleriniň ýeňişlerini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň şanly baýramçylygyna bagyşladylar. Türkmenistanyň küşt boýunça ýygyndy toparynyň uly tälimçisi, halkara grossmeýsteri Orazly Annageldiýewiň aýtmagyna görä, ýurdumyzyň birinji topary Daşkentde mart aýynyň birinji ýarymynda geçiriljek nobatdaky halkara ýaryşyna ykjam taýýarlyk görýär. Ýöne eýýäm şu günler sport synçylary türkmen küştçüleriniň bu halkara ýaryşynda-da üstünlikli çykyş etjekdiklerini ynam bilen aýdýarlar.