Şu gün türkmen paýtagtynda Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan karting boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Altyn medal ugrunda çekeleşikli geçen bäsleşikde “Azatlyk”, “Ýaraw”, “Watançy” we Türkmenistanyň Milli awtosport merkeziniň toparlary bäş görnüşi boýunça güýç synanyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde milli sport hereketi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlendi. Soňky ýyllarda höwesjeňligiň çäklerinden çykan ýurdumyzyň awto sporty özüniň ýokary sport derejesini dünýä äşgär etdi. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen Dakar seriýasyndaky awtoralli—2010 ýaryşy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, şol ýaryşyň ugry Kazan şäherinden Aşgabada çenli bolan aralygy geçdi.
Türkmenistanda karting boýunça geçirilen ýaryş biziň ýurdumyzda awtosportuň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny tassyk etdi. Geçirilen bäsleşiklerde kiçi göwrümli hereketlendirijileri bolan ulaglaryň bäsleşigi has-da täsirli boldy. Onda “Ýaraw” toparynyň wekili ýeňiji boldy.
Hereketlendirijisi 125 kub derejeli ulaglaryň bäsleşigi hem örän gyzykly boldy. Onda üç öwrüm boýunça “Azatlyk” toparynyň türgeni birinji gelmegi başardy.
Şeýle göwrümdäki hereketlendirijisi bolan ulaglaryň indiki ýaryşyna ýetginjekler topary gatnaşdylar. Bu bäsleşikde ýurdumyzyň Milli awtosport merkeziniň sürüjisi tapawutlandy.
Tizligi has ýokary bolan bäsleşikde hereketlendirijisiniň göwrümi 250 kub derejeli bolan ulagda “Azatlyk” toparynyň türgeni iň ýokary sylaga—Altyn medala mynasyp boldy.
Umumytoparlaýyn bäsleşikde ýeňiş Kubogy “Azatlyk” toparyna berildi.