Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre—ýurdumymyzyň Prezidentiniň saýlawlary bolup geçdi. Açyklyk we aýan ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen saýlawlaryň barşyna we jemlerine daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dykgatly syn etdiler. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wezipesine girişmek dabarasynyň yzysüre Russiýanyň “Türkmenistan” žurnalynyň sowallaryna jogap berdi.
– Hormatly jenap Prezident! Döwlet Baştutanynyň wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen Sizi gutlamaga hem-de Size alyp barýan ýadawsyz işiňizde egsilmez gujur-gaýrat we berk jan saglyk arzuw etmäge rugsat ediň.
– Gutlaglaryňyz üçin size minnetdarlyk bildirýärin. Öz nobatymda maňa hem şu duşuşykdan peýdalanyp, biziň ýurdumyzda giňden tanalýan rus neşiriniň üsti bilen maňa şu günlerde gutlag we goldaw sözleri bilen ýüzlenen adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň. Men öz halkymyň beýik ynamyna ýürekden buýsanýaryn we adamlaryň meniň durmuşa geçirýän işlerim bilen baglaýan umytlaryny ödemäge çalşaryn.
Ýöne, geliň, wezipä girişmek dabaralaryny we gutlaglary geçdi hasaplap, ilkinji nobatda amala aşyrylmaly gündelik işlere gaýdyp geleliň. Şeýle ýagdaýlarda adatça edilişi ýaly, ýurdumyzda geçen bäş ýylyň dowamynda ýetilen sepgitleri agzap geçmegiň zerurlygy ýok diýip pikir edýärin. Biziň şu ýyllarda gazanan üstünliklerimizi we ýeten sepgitlerimizi siziň ähliňiz oňat bilýärsiňiz. Ýöne çözülmedik meseleler bolsa, ýurdumyzda entek ýeterlik bar. Siziň ünsüňizi şolara çekmek isleýärin.
– Şeýle-de bolsa, hormatly jenap Prezident, şular ýaly möhüm pursatda geçmiş bilen şu günleri birleşdirýän soraglardan sowlup geçmek mümkin däl. Biziň hemmämiz ýurduň soňky bäş ýylda nähili derejede çalt we düýpli özgerendiginiň şaýady bolduk. Şu zatlara öz garaýşyňyz barada näme aýdyp bilersiňiz? Şol ýyllaryň dowamynda Siziň özüňizde nähili özgerişler bolup geçdi?
– Men siziň çylşyrymly sowallary bermegiňize garaşýardym. Ýöne gös-göni şeýle sowallardan başlarsyňyz öýdüp pikirem etmändim... Şol ýyllarda ýaşymyň biraz ulalandygyny, şonuň bilen bagly durmuş tejribämiň artandygyny aýtmanymda hem, döwlet Baştutanynyň egnine düşýän çäksiz jogapkärçiligi täzeçe duýup başladym. Bir tarapdan, ýurdumyzyň durmuşyna degişli aýratyn möhüm meselelerde öz garaýyşlarymda berk durýaryn. Beýleki bir tarapdan bolsa, aýratyn hem, halkara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda çylşyrymly meseleleriň taýýar çözgütleriniň ýokdugy we her gezek kabul ederlikli netijäni gözlemegiň uzak ýoluny täzeden geçmeli bolýandygy düşnükli bolýar. Bu bolsa maňa eglişikli we sabyrly bolmagy öwretdi.
Bäş ýyl mundan ozal döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanmagym dünýägaraýşymyň we bilimlerimiň derejesini düýbünden täzelemegimi talap etdi. Şoňa görä-de, tutuş bu döwür düýpli bilimler ele alynýan talyplyk ýyllary bilen deňeşdirilse göwnejaý bolar. Prezidentiň borçlary barada söz açylanda ömürboýy öwren diýen pähim meniň durmuş ýörelgäme has laýyk gelýär.
Üstüme ýüklenen borçlaryň maňa döredijilik we ylym bilen azda-kände meşgullanmaga hem mümkinçilik berýändigi üçin özümi bagtly saýýaryn. Bu bolsa maňa käýarym gündelik işlerden ünsümi sowmagyň iň oňat usuly bolupdy. Bu döredijilik mümkinçiliginiň mundan beýläk hem özüm üçin saklanyp galjakdygyna umyt edýärin. Şu wezipäme saýlanmagym bilen iň ýakyn adamlarym, maşgalam we atam-enem bilen gatnaşyklarda ynsan hökmünde üýtgemedim diýip pikir edýärin.
– Halkara gatnaşyklarynda döwlet ýolbaşçylarynyň özara ynanyşmak derejesine köp zadyň baglydygy hemmelere mälimdir. Bäş ýyl mundan ozal Prezidentleriň halkara «toparyna» Siz täze ýolbaşçy bolup goşuldyňyz. Iň ýokary derejede özara ynanyşmagy gazanmak Size çalt başartdymy?
– Bu netijäni gazanmak bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň daşary syýasatynda üýtgewsiz durnuklylygyň we ýeterlik derejedäki açyklygyň saklaýandygy üçin şeýle bir kyn hem bolmady. Strategik durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegini hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna doly eýerilmegini Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň netijeliliginiň esasy şerti hasaplaýar.
Ylalaşdyryjylyk we hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşygy we durnukly ösüşi gazanmak boýunça dünýä bileleşiginiň alyp barýan işine biziň ýurdumyz işjeň ýardam bermek syýasatyny anyk maksada gönükdirip amala aşyrýar. Biz daşary syýasatyň we döwletara gatnaşyklarynyň guraly hökmünde harby güýjüň ulanylmagyna düýbünden garşydyrys. Şeýle hem, Merkezi Aziýada we Hazar sebiti zolagynda parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak boýunça sebit hem-de halkara derejesinde birnäçe başlangyç bilen çykyş etdik. Bu başlangyçlary dünýä bileleşigi makullady we goldady. Ýurduň alyp barýan syýasaty düşnükli we aç-açan bolanda, umuman, ýurda we hususan-da, onuň ýolbaşçysyna ynam döreýär. Şoňa görä-de, şu ýyllaryň dowamynda dünýäniň köp döwletleriniň baştutanlary we abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen ýola goýan şahsy gatnaşyklarymyň ýürekdeşlik we dostluk häsiýetine eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp bilerin.
Ýöne, bu meniň şahsy hyzmatym bolman, eýsem, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagynyň netijesidir. Şu günlerde meniň adyma gelip gowuşýan köp sanly gutlaglar we telegrammalar daşary ýurtlaryň köpüsiniň baştutanlary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzda emele gelen ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň ýokary derejesiniň aýdyň mysalydyr diýip pikir edýärin.
– Hormatly jenap Prezident! Öz gönüden-göni tabynlygyňyzdaky ýolbaşçylar – Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen gatnaşyklaryňyzy nähili esasda guraýarsyňyz? Adamlary ýolbaşçy wezipelere belläniňizde Siz haýsy esasy ýörelgeleri goldanýarsyňyz?
– Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek boýunça öz konstitusion hukugymdan peýdalanandygymy we ýokary ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda käbir üýtgeşmeleriň bolup geçendigini siz eýýäm bilýärsiňiz. Eger-de, siz soňky ýyllarda Türkmenistanyň Hökümetiniň işi bilen içgin gyzyklanan bolsaňyz, Ministrler Kabinetiniň düzüminde hiç wagt düýpli «arassalamalaryň» bolmandygyna üns berensiňiz. Şeýle ýagdaýlar üçin adaty çäre – ýolbaşçylary ýerli-ýerinde goýmak işleri amala aşyryldy. Öz borçlaryny oňarmadyk ýolbaşçylar eýeleýän wezipelerinden boşadyldy. Olaryň ýerine özlerini işde oňat tarapdan görkezen ýolbaşçylar geldi. Geljekde hem şeýle bolar.
Ministrler Kabinetiniň häzirki düzümine, esasan, ýaş ýolbaşçylar girýär. Munuň özi döwrüň bildirýän ýokary talaplaryna doly düşünýän pikirdeşlerimden düzülen topardyr. Elbetde, häzirki döwürde Hökümetiň öňünde öňküler bilen deňeşdireniňde has jogapkärli wezipeler durýar. Ýöne, hiç bir ýolbaşçy özüne bildirilýän talaplaryň öň bitiren hyzmatlary üçin peseldiler diýip pikir edip bilmez. Döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän ýolbaşçylara ynam bildiriler we degişli ygtyýarlyklar berler.
Diňe bir soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza Ýewropanyň, Aziýanyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan ýokary derejeli hünärmenlerimiziň uly topary geldi. Olaryň arasyndan has zehinli we yhlasly ýolbaşçylaryň döwlet gullugynda ýokary wezipelere ýetmegi üçin iň amatly mümkinçilikleriň bardygyny belläsim gelýär. Şonuň bilen birlikde, öňküsi ýaly, döwlet edaralarynyň işgärleriniň ak ýürekliligine we dogruçyllygyna berk gözegçilik ediler.
– Hormatly jenap Prezident! Siziň ýatlap geçen Hökümetiň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriňiziň haýsylaryny ileri tutulýan hökmünde aýratyn belleýärsiňiz?
– Ýakyn ýyllarda amala aşyrmaly işlerimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň meniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamamda ýeterlik doly beýan edilendigine garamazdan, olaryň örän möhümleri barada durup geçmekçi bolýaryn.
Bu ilkinji nobatda, ykdysadyýetimizi senagat pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirmekden ybaratdyr. Biziň öňümizde doly gaýtadan işleýän toplumy bolan täze, häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça ägirt uly işler dur. Gürrüň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary barada – ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi we beýleki ugurlary barada barýar.
Biz ýaňy-ýaňylar hem Garaşsyzlyk ýyllarynda öndürilýän pagtany ýurdumyzyň kärhanalarynda gaýtadan işlemegiň möçberini elli göterime ýetirendigimizi aýdyp, bu üstünlige guwanýardyk. Häzir bolsa uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň ýetilen görkezijileri ýaly, bu sepgit hem eýýäm geçilen sepgitdir. Biz ýurdumyzda ägirt uly gurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirýändigimizi nazara alanymyzda, gurluşyk materiallarynyň köpüsiniň entek daşary ýurtlardan getirilýändigi bilen ylalaşyp bilmeris.
Makroykdysady netijeleri gazanmakdan başga-da, senagat pudaklarymyzy ösdürmek bize ýurdumyzyň barha köpelýän ilatyny iş bilen üpjün etmäge, netijede bolsa, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Bu çylşyrymly, köptaraply işleriň barşynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tejribesini ulanman bolmajakdygy düşnüklidir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak zerur. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny maýa goýum taýdan höweslendirmekden başga-da, biz häzirki döwürde öňdebaryjy Aziýa ýurtlarynyň edişi ýaly, dünýädäki iri, ýokary tehnologiýaly önümleri öndüriji kompaniýalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny ýurdumyzda ýerleşdirmek ýoly bilen gitmäge taýýardyrys. Bu bütin dünýä mahsus bolan ýörelgedir. Şeýle hem, tebigy serişdelerimiz we ýokary hünärli işçi güýjümiz biziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýänler üçin amatly şertleri teklip etmäge mümkinçilik berýär. Dünýäde belli önüm öndürijileriň geljegi uly bolan teklipleri eýýäm gelip gowuşdy, ýakyn wagtda biz olaryň içinden has bähbitli we geljegi uly bolan teklipleri saýlap alarys.
Öňdebaryjy innowasiýalary, ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmazdan, ýokary tehnologiýalar ulgamynda hil taýdan täze derejelere ýetmek mümkin däldir. Bu ugurda biz ýurdumyzyň ylmy binýadynyň milli ykdysadyýetimiziň artýan isleglerine laýyk gelmegi üçin, entek örän köp işleri durmuşa geçirmelidiris.
Biziň ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek boýunça amala aşyrýan işlerimiziň esasy, ahyrky maksadynyň halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak bolup durýandygyny unutmaly däldiris. Döwletimiz ilatyň ýokary ýaşaýyş derejesini, saglygy goraýyş üpjünçiligini, bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini, medeni we ruhy gymmatlyklaryň elýeterliligini we köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny kepillendirer. Şeýle hem halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny barha ýokarlandyrar.
– Hormatly jenap Prezident, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamaňyzda hususy telekeçiligi goldamagyň mümkinçiliklerine aýratyn orun berildi. Bu mesele barada has giňişleýin durup geçäýseňiz? Bu maksatlar ýurtda «aralyk synpy» döretmäge synanyşygy aňladýan-a däldir?
– Telekeçilige, kiçi we orta işewürlige goldaw bermek diňe bir meniň göz öňümde tutýan maksatlarym bolman, eýsem, ýurdumyzyň Esasy Kanunynda hem berkidilen konstitusion talaplardyr. Ösýän köp sanly ýurtlardan tapawutlylykda, bize sarsgynlardan, çökgünliklerden we durmuş taýdan durnuksyzlykdan sowa geçip, bazar ykdysadyýetine barýan, özümize mahsus ýoly kesgitlemek başartdy. Elbetde, bu ýol uzakdyr, ýöne ygtybarlydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň harytlar we hyzmatlar bazarynda döwlete degişli kärhanalaryň köpüsinden öňe geçip biljek köp sanly tejribeli ilkinji telekeçiler peýda boldy. Oba hojalygynda we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde, söwdada, jemgyýetçilik iýmiti ugrunda, giň ugurlar boýunça ýörite hyzmatlar ulgamynda, mebel we gurluşyk materiallaryny öndürmekde, dokma pudagynda we tikinçilik ulgamynda hususy kärhanalar, şeýle hem düýpli gurluşykda ýöriteleşdirilen kompaniýalar we kärhanalar iş alyp barýarlar. Ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň işleýän esasy ugurlary, ine, şulardyr.
Häzir ýurdumyzda telekeçilik işinde diňe başlangyç döwürdir. Ýakyn ýyllarda biz milli ykdysadyýetimizde hususy telekeçiligiň paýynyň ep-esli artmagyna garaşýarys. Telekeçiler üçin salgyt we kanunçylyk ýeňillikleriniň bellenmegine, hususy telekeçilere karz bermek ulgamynyň kämilleşdirilmegine, häzirki köp sanly edara ediş we döwlet dolandyryş ulgamlaryna bazar usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýaşaýyş jaýlarynyň erkin bazarynyň döredilmegine gönükdirilen möhüm çäreler bu işe uly itergi berer. Biz zähmetsöýer adamyň öz telekeçilik ukyplaryny durmuşa geçirmegi üçin giň mümkinçilikleriniň bolmagy, onuň amatsyz kanunçylygyň netijelerine bagly bolmazlygy, şeýle hem bikanun hereket edip, para almagy göz öňünde tutýan ahlaksyz emeldarlara garaşly bolmazlygy üçin ähli zerur şertleri döretmelidiris. Bu ugurda biziň kanun çykaryjy we gözegçilik edýän edaralarymyzyň we ykdysatçylarymyzyň üstünde işlemeli köp meseleleri bar.
«Aralyk synp» barada aýdylanda bolsa, meniň pikirimçe, bu mesele durmuş taýdan gatlaklara bölünmegiň has aýdyň ýüze çykýan ýurtlary üçin mahsusdyr. Umumylykda kabul edilen görnüşde «aralyk synp» düşünjesi nämäni aňladýar? Bu örän baý adamlaryň topary hem, hususy telekeçilikde iri kärhanalara eýeçilik edýän adamlar hem, jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaýan, ruhy-ahlak taýdan pese düşen ýa-da mätäçlik çekýän adamlar hem däldir. Şeýle dälmi?
Size mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda jemgyýetden üzňe, ruhy-ahlak taýdan pese düşen adamlar hem, diňe durmuş kömek pullarynyň hasabyna ýaşaýan adamlar hem ýok. Bellenýän pensiýalaryň möçberleri bolsa, gartaşan adamlara kadaly ýaşaýyş üçin ýeterlik bolýar. Biziň wezipämiz «aralyk synpy» emeli ýagdaýda döretmek däl-de, bu synpa mahsus bolan durmuş taýdan üpjünçilik derejesiniň her maşgala elýeterli bolmagy üçin, durmuş we iş şertlerini döretmekdir.
Adam býujete degişli guramada, döwlet pudagyna degişli kärhanada, hususy kompaniýada ýa-da daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanada işlese-de, ähli ýerde onuň zähmet hakynyň möçberleri düýpli döwlet durmuş goldawy bilen utgaşyp, hakykatda, «aralyk synpyň» şertli wekiliniň gazanjyna laýyk gelmelidir.
Ine, biziň öz öňümizde goýýan maksadymyz şundan ybaratdyr. Biz eýýäm belli bir derejede bu maksada ýetdik. Aşgabatlylaryň ähli amatlyklary bolan jaýlar diýip atlandyrýan jaýlaryndaky öýlerde ýaşaýan adamlaryň durmuş düzümine bir seredip görüň. Durmuş goldawynyň hereket edýän usullary diňe gurply işewür adamlara däl-de, eýsem, lukmanlara, mugallymlara, ýol işçilerine, awtoulag sürüjilerine, umuman, «aralyk synp» diýilýän topara degişli bolmadyk adamlara hem häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga mümkinçilik berýär.
Elbetde, döwletimiziň ilatyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge çalyşmagy, umuman, hususy telekeçiligiň sany barha artýan wekilleriniň girdejileriniň möçberlerini has-da köpelmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar. Döwletimiz gurply adamlaryň sanynyň barha artmagyna gyzyklanma bildirýär. Olar geljekde gazanýan girdejilerini diňe bir öz durmuşynyň hilini gowulandyrmaga we hususy telekeçiligiň gerimini giňeltmäge goýmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ykdysadyýetine iri maýa goýumlaryny goýýan adamlar hökmünde hem çykyş edip bilerler. Ýöne Türkmenistanda maşgala girdejisiniň we üpjünçiliginiň ortaça statistik derejesiniň adaty güzeran üçin iň az serişdäniň möçberinden köp esse ýokary bolmalydygyny ýene-de bir gezek gaýtalap aýdýaryn.
– Hormatly jenap Prezident! Ýaňy-ýakynda Syýasy partiýalar hakyndaky täze kanunyň kabul edilmegi bilen ýakyn wagtda ýurduň içerki syýasy durmuşynyň işjeňleşmegine garaşyp bolarmy?
– Bu sowala jogap bermek üçin ýurdumyzyň syýasy durmuşynda ýaňy-ýakynda örän möhüm wakanyň bolandygyna – Esasy Kanunymyzyň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň tassyklanandygyna ünsüňizi çekmek isleýärin. Öňki Esasy Kanunymyz bilen deňeşdirilende elliden gowrak düýpli üýtgetme girizilen Konstitusiýanyň täze redaksiýasy döwlet gurluşynyň we hukugyň häzirki zaman nazaryýetiniň we tejribesiniň gazananlarynyň iň oňat nusgalaryna esaslanýar. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy Türkmenistan tarapyndan gol çekilen we tassyklanan halkara resminamalarynyň düzgünlerini beýan etmäge, jemgyýetiň ösüşiniň öňdebaryjy ugurlaryny goldamaga, bazar ykdysadyýetli, ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi bolan, demokratik, hukuk döwletini gurmagyň strategik wezipelerini berkitmäge mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täze redaksiýasyny tassyklamak bilen, biz kanunçykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň düzümlerini emele getirmegiň dünýädäki demokratik tejribesini doly ulanmaga çalyşdyk. Meniň pikirimçe, Esasy Kanunymyzyň täze redaksiýasynda göz öňünde tutulan dolandyryş nusgasy ýurdumyzyň ykdysady we durmuş-jemgyýetçilik ösüşiniň mümkinçiliklerine doly laýyk gelýär. Netijede, biz häzirki türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýan, köp wezipelere niýetlenen guralyna eýe bolduk.
Şeýlelikde, köp partiýaly syýasy ulgama geçmegiň mümkinçiligini kepillendirýän Syýasy partiýalar hakyndaky kanunyň kabul edilmegi jemgyýetimiziň demokratik ýol bilen ösüşiniň kesgitlenen döwründe konstitusion gurallary netijeli ulanmakda maksadalaýyk ädim boldy. Häzirki zaman dünýäsinde demokratiýalaşdyrmagyň köplenç dürli ýagdaýlarda geçýändigi üçin hem, Türkmenistanda bu işiň kadaly we sazlaşykly amala aşyrylýandygyna men siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Biziň ýurdumyzyň çäklerinden daşarda adamlaryň arasynda agzalalygy we barlyşyksyzlygy döredýän, dagynyklyga we bulam-bujarlyga alyp barýan durnuksyzlygy döredýän güýçleriň, kähalatlarda bolsa aç-açan reaksion güýçleriň demokratik şygarlary öňe sürüp, syýasy sahna çykýandygynyň mysallary köpdür.
Öz garaşsyzlygynyň ähli ýyllarynda biziň ýurdumyza gapma-garşylyksyz jemgyýetçilik ösüşini saklap galmak başartdy. Biz muňa guwanmaga haklydyrys. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de şu ýol bilen öňe gitjekdigine men pugta ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, gülläp ösüşiň ýolunda öňe gitmekde jemgyýetde raýat agzybirligini we bitewüligini saklamagyň ýene-de bir guraly hökmünde ýuwaş-ýuwaşdan köp partiýalylyga geçmek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.
– Hormatly jenap Prezident! Gürrüňimiziň syýasy meseleler barada barýandygy sebäpli, Siziň ilkinji Prezidentlik möhletiňiziň dowamynda örän güýçli depginler bilen ösdürilen Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyna hem üns bermän geçmek bolmaz. Türkmen bitaraplygynyň şeýle täsir galdyryjy üstünlik gazanmagynyň syry nämede?
– Türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhy ýoly dünýä bileleşiginiň işleriniň çäklerinde syýasy aňyýetiň täze, bitarap nusgasynyň döremeginiň kanunalaýyklygyny köp derejede kesgitledi. Türkmen Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýynyň esas goýujy düzgünlerini biz parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk ýörelgelerinden ybarat diýip kesgitleýäris.
Türkmenistanyň eýe bolan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň syýasy mümkinçilikleri ýurduň harby howpsuzlygy düşünjesi bilen çäklenmeýär. Bu hukuk ýagdaýy bütin sebitde ylalaşdyryjylyk işlerini üpjün etmegiň möhüm guralyna hem öwrülýär. Biziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz ösdügiçe we dünýä bileleşiginiň aňynda howpsuzlygy gazanmagyň ygtybarly usuly hökmünde berkedigiçe, Türkmenistana halkara derejesinde syýasy ynamyň derejesi hem ep-esli ýokarlandy. Häzir biz Türkmenistan bilen dünýäniň öňdebaryjy iri döwletleriniň arasynda emele gelen ynanyşmak gatnaşyklarynyň derejesine we durnuklylygyna, serhetdeş döwletler hem-de sebitdäki beýleki goňşy ýurtlar bilen açyklyga esaslanýan hyzmatdaşlygymyza guwanyp bileris.
Ýurdumyzda geosyýasy, ykdysady we adam mümkinçiliklerimizi ulanmak hem-de döwletimiziň adamlar üçin ýokary ýaşaýyş derejesi, çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýeti bolan, daşary ýurtlar bilen durnukly we netijeli gatnaşyklary saklaýan döwletleriň hataryna çalt goşulmagy üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna mümkin bolan derejede gatnaşmagyna gönükdirilen ugurlaryň tutuş toplumy maksada okgunly ösdürilýär. Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygy boýunça syýasatynyň esasy mazmuny aşakdakylardan, ýagny halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary bolan daşary syýasaty, ykdysadyýeti, medeni-gumanitar we ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.
Bitarap döwlet hökmünde biziň ýurdumyz öz halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan anyk we aýdyň ýörelgelere esaslanyp, uzak möhlete niýetlenen daşary ykdysady strategiýasyny emele getirýär. Biz ykdysady hyzmatdaşlygy hiç wagt syýasylaşdyrmadyk we syýasylaşdyrmaýarys. Biziň hyzmatdaşlarymyz bu ýagdaýa ýeterlik derejede düşünmek bilen garaýarlar we ýokary baha berýärler. Bu bolsa dürli ýurtlar we kompaniýalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bize mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak hem-de pugtalandyrmak, ýaragsyzlanmak, täze wehimlere we howplara garşy göreşmek, adam hukuklaryny goldamak we goramak ýaly, örän möhüm halkara meselelerinde aýdyň ýörelgä eýerýär. Biziň ekologiýa, azyk meselesinde, dünýä maliýe-ykdysady çökgünligiň ýaramaz täsirine ýol bermezlik, ylmy, medeniýeti we bilimi ösdürmek meselelerinde hem öz garaýşymyz bar. Biziň daşary syýasatda geljekde amala aşyrjak işlerimizde Bitaraplygyň esasy ýörelgelerini ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin ygtybarly daşary syýasat binýady döredildi. Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan, köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň strategik ileri tutýan ugry bolmagynda galýar. Biz Birleşen Milletler Guramasyna ählumumy özara hyzmatdaşlygyň bütin häzirki zaman ulgamynyň esasy guraly, dünýäde parahatçylygy gorap saklamagyň we goldamagyň hem-de bähbitleriň deňeçerligini saklamagyň, bar bolan ählumumy howpsuzlyk ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýarys.
– Hormatly jenap Prezident! Ýakyn geljek üçin Siziň nähili maksatlaryňyz bar, Siz Prezident dolandyryşynda ikinji möhletde öz işleriňize haýsy möhüm ädimlerden we çözgütlerden başlamakçy?
– Prezident saýlawlarynyň öň ýanyndaky çärelere girişmek bilen, özüm üçin oňyn netijeleriň boljakdygyna örän uly umyt baglaýardym. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň Hökümetiniň işinde saýlawlaryň jemleri bilen baglanyşykly uly tapgyrlaýyn arakesmäni göz öňünde tutmadym. Bu bolsa biziň şu ýyl we ýakyn ýyllar üçin durmuşa geçirmegi göz öňünde tutan maksatnamalarymyzyň öz güýjünde galýandygyny aňladýar. Biz netijeli işläris, durmuşa guwanyp ýaşarys, sebäbi işleriň möçberi biziň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuş derejesini gowulandyrmak isleýän meýlimize baglylykda artar. Gyzykly sowallary berendigiňiz we netijeli söhbetdeşlik üçin, size minnetdarlyk bildirýärin!
* * *