Ï Gonkongdan - medallar bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gonkongdan - medallar bilen

view-icon 714
Uşu boýunça Gonkongda geçirilen halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üç altyn, üç kümüş we dört sany bürünç medallara mynasyp boldular. Bu ýaryşa 12 ýurtdan, şol sanda Hytaýdan, Malaýziýadan, Makaodan, Singapurdan, Russiýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Braziliýadan Hindistandan, Gazagystandan türgenler gatnaşdylar.

Aşgabat şäher sport komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň uşu boýunça Milli federasiýasynyň türgenleri uşu-sanşou boýunça medallaryň sekizisine mynasyp boldular. 17 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde Çarygylyç Tagangylyjow (48 kg. çenli agramlykda) birinji orna, ulularyň arasynda bolsa Kemal Sähedow (75 kg. çenli agramlykda) we Jennet Aýnazarowa (65 kg. çenli agramlykda) birinji orunlary eýelediler. Şeýle üstünlik gazanmazdan ozal Ç.Tagangylyjow we K.Sähedow ozal hem dört gezek ýeňiji bolupdylar. Şunda K.Sähedow eýýäm duşuşygyň 5-nji sekundynda Hytaýyň wekilinden üstün çykdy. 2 müň ýyllyk taryhy bolan sportuň bu görnüşi bolsa hut Hytaýda döredi. D.Aýnazarowa özüniň russiýaly bäsdeşinden üstün çykdy.

Ýetginjekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde Baýramgeldi Annaýew (60 kilograma çenli agramlykda) we Aýgül Rahymowa (52 kilograma çenli agramlykda) kümüş medala mynasyp boldular. Rahat Rahymow (44 kilograma çenli agramlykda), Hydyr Nurniýazow (56 kilograma çenli agramlykda) we Goçmyrat Jumanyýazow (70 kg. çenli) bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmen türgenleri taolu (maşklaryň toplumy) daoşu usuly boýunça (giň gylyç) iki medaly eýelediler. Şunda Jahan Amandurdyýewa kümüş medala, Baýrammyrat Babaýew bolsa bürünç medala mynasyp boldular.

Şu ýyl türkmen uşu ussatlary maý aýynda Stokgolmda (Şwesiýa) geçiriljek halkara ýaryşyna, awgust aýynda Hoşiminde (Wýetnam) geçiriljek Aziýa çempionatyna, sentýabrda bolsa ýetginjekleriň arasynda dünýäde birinjiligi almak ugrunda Makaoda geçiriljek ýaryşlara gatnaşarlar.