Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň tälimçileri we türgenleri üçin tennis boýunça halkara maslahaty öz işine başlady. Oňa Pekindäki (HHR) “6 Sense” Halkara tennis akademiýasynyň ýolbaşçylary Karlos Rodriges we Andres Bruno gatnaşdylar. Dünýäde ykrar edilen tennis akademiýalarynyň birine wekilçilik edýän hünärmenleriň ikisi-de Türkmenistan bilen ýokary derejeli tälimçileri we türgenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen biziň ýurdumyza geldi.
Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçen mejlisinde dünýäniň öňdebaryjy sport merkezleri bilen ýygjam aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiziň geçen ýylyň noýabrynda Hytaý halk Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hökümýet wekiliýetiniň agzalary Pekindäki “6 Sense” Halkara tennis akademiýasyna baryp gördüler we onda ýokary hünärli türgenleri taýýarlamak üçin döredilen şertler we usullar bilen tanyşdylar.
Pekindäki “6 Sense” Halkara tennis akademiýasy 2010-njy ýylyň başynda dünýä belli tälimçi Karlos Rodriges tarapyndan döredildi. Ol tälimçi dünýäniň birinji raketkasy, “Uly Şlem” turnirleriniň edi gezek ýeňijisi, 2004-nji ýylda Afinide geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi, Federasiýanyň Kubogynyň eýesi, Tour Championships jemleýji turniriniň iki gezek ýeňijisi Žýustin Eneni we başga-da birnäçe dünýä belli meşhur tennisçileri ýetişdirdi.
Geçen ýylyň ahyrynda “6 Sense” Halkara tennis akademiýasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 11 türgeni üç hepdelik türgenleşikde boldy.
Türkmen türgenleriniň örän uly mümkinçilikleri bar, olaryň halkara derejeli tennisçiler bolup ýetişmegi ugrunda degişli tälim beriş tapgyrlaryny guramaly. Şunuň bilen bir hatarda türgenleriň geljek neslini taýýalamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy möhüm hasaplaýaryn diýip, tälimçi aýdyr.
Halkara tennis akademiýasynyň ýolbaşçysy, türkmen döwletiniň Baştutanynyň sport hereketini wagyz etmäge berýän yzygiderli ünsi we bu ýerde döredilen ajaýyp şertleriň netijesinde Türkmenistanda tennisiň uly ösüşe eýe boljakdygyna ynam bildirýär.
Sport düzümleriniň ösüşi boýunça Türkmenistan sebitde iň öňdäkileriň biridir. Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurtda sport ulgamy boýunça düýpli özgertmeler ýaýbaňlandyrylypdyr diýip, K.Rodriges maslahatyň birinji gününi jemläp türkmen paýtagtynyň sport binýatlary bilen tanyşlygynyň barşynda belledi. Bu ýerde döredilen we döwlet Baştutanynyň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurduň sporty uly ösüşe eýe boldy. Munuň özi diňe bir ýurduň bu ugur boýunça gazanýan abraýyny alamatlandyrman, eýsem Türkmenistanyň ägirt uly sport mümkinçiliklerine eýediginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, myhman aýtdy. Aşgabatda 2017-nji ýylda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şeýlelikde türkmen türgenleriniň dünýä giňişliginde, şol sanda tennis ýaryşynda özüni görkezjekdigine ynam etmäge ähli esaslar bar diýip, tälimçi sözüni jemledi.
1990-njy ýyllaryň başlarynda K.Rodriges özüniň Belgiýadaky tälimçileri we türgenleri taýýarlamak işine köp derejeli ulgamy girizdi we ol häzire çenli bu ýurtda üstünlikli hereket edýär. Häzir ol Pekinde netijeli iş alyp barýar. Ol ýerdäki “6 Sense” Halkara tennis akademiýasynda öwretmegiň dürli maksatnamalary boýunça 5 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolan aralykdaky türgenleriň 500-e golaýy tälim alýar.