Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçulary Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde başlanan AFK-2012-niň Çagyryş kubogynyň final ýaryşynda Maldiw adalarynyň toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.
Ähmiýeti boýunça ikinji ýerde durýan yklymlaýyn baýrak ugrunda 8 komanda iki topara bölünip güýç synanyşýar. Ýaryşyň ýeňijisi 2015-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final böleginde çykyş eder.
Türkmen futbolçulary “A” toparda çykyş edýärler. Oňa Maldiw adalarynyň toparyndan başga-da, Palestinanyň we Nepalyň ýygyndylary girýärler.
AFK-nyň Çagyryş kubogynyň final ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýan topar bilen birinji oýnuň ilkinji minutlary türkmenistanlylar üçin ýeňil bolmady. Eýýäm duşuşygyň 20-nji minutynda garşydaşlar hasaby açdylar. Ýöne geçirilen pökgä garamazdan, biziň futbolçularymyz hüjüm etmegini dowam etdiler we oýnuň 33-nji minutynda R.Mingazow ýakyn aralykdan hasaby deňlemegi başardy. Arakesmä 7 minut galanda Türkmenistanyň ýygyndysynyň kapitany B.Şamyradow hem tapawutlanyp bilerdi, ýöne onuň urgusyny derwezeban gaýtarmagy başardy.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ý.Hojageldiýewiň şägirtleri Maldiw adalarynyň toparynyň derwezesine hüjümi artdyryp, 5 minutyň dowamynda 4 sany howply pursaty döretmegi başardylar. Ýöne türkmen futbolçulary uzak wagtlap derwezeden pökgüni geçirip bilmediler. Şeýle bolsa-da, oýnuň 78-nji minutynda olaryň yhlasy ýerine düşdi, G.Çonkaýew hasaby 2:1-e ýetirdi. Oýnuň 85-nji minutynda biziň oýunçylarymyz üçünji pökgini derwezeden geçirip, ýeňşe bolan ynamy has-da berkitdiler. Şol pökgini A.Amanow öz hasabyna ýazdy.
Türkmen futbolçulary indiki oýnuny Palestinanyň ýygyndysy bilen geçirer.
AFK-nyň Çagyryş kubogy ugrundaky ýaryşlar 2006-njy ýyldan bäri geçirilýär. 2010-njy ýylda Şri-Lankanyň paýtagty Kolomboda geçirilen iň soňky bäsleşikde Türkmenistanyň ýygyndysy finala çenli ýetdi, şonda diňe jerime urgular arkaly KHDR-iň toparyndan utuldy.