Ï Türkmenistan sambonyň sebit merkezine öwrülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan sambonyň sebit merkezine öwrülýär

view-icon 727
Şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda sambo boýunça Merkezi Aziýanyň 4-nji çempionaty tamamlandy.

Ýaryşlaryň jemleýji gününde söweş sambosy boýunça çykyş edýän türgenler baýragy almak ugrunda güýç synanyşdylar. Sportuň bu görnüşi boýunça hem ondan öň sport sambosy boýunça geçirilen bäsleşiklerde-de türkmenistanly türgenler altyn medallara mynasyp boldular. Indi bassyr ikinji ýyl Aşgabatdan T.Döwletow (68 kilograma çenli agram derejede), Abadandan A.Nyýazmeňliýew (82 kilograma çenli) we Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ç.Annagurbanow (90 kilograma çenli) Merkezi Aziýanyň çempionlary diýen ada mynasyp boldular. Kümüş medallara bolsa D.Kazakow (52 kilograma çenli), A.Sarykulow (62 kilograma çenli), U.Kazakow (74 kilograma çenli), Z.Mädeminow (100 kilograma çenli), N.Izbasarow (100 kilogramdan ýokary) mynasyp boldular, M.Ojarow bolsa (57 kilograma çenli) bürünç medaly eýeledi.

Şeýlelikde, maksatnamanyň üç görnüşiniň jemlerine laýyklykda – erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport sambosy boýunça, şeýle hem erkekleriň arasynda söweş sambosy boýunça türkmen türgenleri jemi 27 medala (8 altyn, 18 kümüş we 1 bürünç) mynasyp bolup, umumy komandalyk hasapda birinji orny eýelediler. Ikinji orny Özbegistanyň türgenleri, üçinji baýrakly orna bolsa Gazagystanyň topary mynasyp boldular.

Çempionata gatnaşyjylaryň hemmesiniň onuň ýapylyşynda biragyzdan nygtaýşy ýaly, Aşgabatda yzly-yzlyna ikinji gezek geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça çempionaty Türkmenistan tarapyndan halkara sport hereketini işjeň goldamagyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge tarap alnan ugruň anyk durmuşa geçirilmeginiň hem-de şu esasda özünde ruhy baýlygy we beden kämilligini sazlaşykly utgaşdyrýan ýaşlary terbiýelemegiň möhüm subutnamasy boldy.

“Biz türkmen türgenlerine örän guwanýarys, olaryň häzirki wagtda ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sporty ösdürmäge, milletiň saglygy baradaky meselelere ägirt uly üns berilmegi netijesinde siziň ýurduňyzda gurlan häzirki zaman sport desgalarynda ussatlyklaryny ýokarlandyrmak üçin ajaýyp şertleri bardyr” diýip Sambo boýunça Aziýa federasiýasynyň (AFS) ýaryşlara gatnaşan prezidenti F.Pulatow aýtmak bilen, “Taýlandda, Hindistanda, Koreýa Respublikasynda, Liwanda we Türkmenistanda AFS tarapyndan geçirilen sebitleýin ýaryşlaryň bäşisiniň içinde Merkezi Aziýa çempionatynyň Aşgabatda guralyşy iň oňady boldy. Şonuň üçin hem AFS-niň 2011-nji ýylda Daşkentde bolan kongresinde türkmen paýtagty Merkezi Aziýada sambo sebit merkezi diýlip seçilip alyndy” diýip aýratyn belledi.

Sambo boýunça Aziýa Federasiýasynyň baştutany 5-nji Merkezi Aziýa çempionatynyň hem üçünji ýyl ýene-de Aşgabatda geçiriljekdigini hem habar berdi. 2014-nji ýylda bolsa Türkmenistan has uly möçberli ýaryşy – Aziýa çempionatyny ilkinji gezek geçirer.