Ï Türkmen futbolçylary AFK-nyň Çagyryşynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen futbolçylary AFK-nyň Çagyryşynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda

view-icon 690
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çagyryşynyň kubogy ugrunda Katmanduda geçýän ýaryşyň ýarym finalyna çykdylar. Bu ýeňşi tňrkmen futbolçylary “A” toparynyň jemleýji oýnunda Nepalyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, bu kontinental ýaryşyň taryhynda bassyr ikinji gezek gazandylyr.

Ýarym finala çykmak üçin bu duşuşykda ýeňiş hem ýeterlikdi. Ýöne Türkmenistanyň ýygyndy topary oýnuň hüjüm ediş ýolyny saýlap aldylar we eýýäm ýedinji minutda hasaby açdylar. E. Tagaýew A. Amanowyň meýdançanyň burçundan uran pökgüsini ussatlyk bilen tora salmagy başardy. Oýnuň başynda geçirilen bu pökgi biziň oýunçylarymyzy ruhlandyrdy. Bu bolsa olaryň oýnuň birinji ýarymynda birnäçe hüjümleri etmeklerine getirdi. Hasaby oýnuň dowamynda öz ussatlyklaryny görkezen A. Amanow we G. Çonkaýew hem artdyryp biljekdiler. Ýöne olaryň uran pökgülerini derwezeçi yzyna gaýtarmagy başardy. N. Çoliýewiň uran pökgisi bolsa derwezäniň sütünine degip, yzyna gaýtdy.

Oýnuň 79-nju minutynda A. Amanowyň depen pökgüsi nepally oýunçylaryň goragçysy B. Maharjanyň aýagyna degip, ýer eýeleriniň toruna girdi. Şeýlelikde, hasap 2:0 boldy. Üçünji pökgini bolsa oýnuň ikinji ýarymynda oýna giren G. Hangeldiýew geçirdi.

Indi türkmen futbolçylary finala çykmak üçin “W” toparynynyň aýgytly duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndy toparyny ýeňmegi başaran Filippinleriň ýygyndy topary bilen duşuşar. Üç ýyl mundan öň AFK-nyň Çagyryşynyň kubogy ugrunda şeýle ýaryşda Türkmenistan bilen Filippinleriň ýygyndy toparlary duşuşypdylar. Şonda 5:0 hasabynda turkmen futbolçylary ynamly ýeňiş gazanypdylar.

Beýlki ýarym finalda Palestinanyň ýygyndy topary AFK-nyň Çagyryşynyň kubogynyň häzirki eýesi, soňky duşuşykda – Hindistanyň ýygyndy toparyny 4:0 hasabynda ýeňen KHDR-nyň ýygyndy komandasy bilen duşuşar.

Bu ýaryşyň ýeňijisi bolsa Awstraliýada geçiriljek Aziýa-2015 final ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.