Türkmenabat şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda pauerlifting boýunça “üç görnüşli ýaryş” bölüminde (ştanga bilen çommalmak, ştangany ýatyp galdyrmak we eglip ýokaryk çekmek) Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Oňa biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşi boýunça ussatlaryň 50-ä golaýy gatnaşdylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça Aziýa (üç görnüşi ýaryş) we dünýä (ştangany ýatyp galdyrmak) çempionatlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy topary düzüler.
Ýaryş milli derejedäki üstünlikleriň köp sanlysy bilen tamamlandy. Umumy toparlaýyn ýaryşda paýtagtymyzyň sport komitetiniň ikinji Aşgabat toparynyň (uly tälimçi G.Pawlow) wekilleri ýeňiş gazandylar. Olaryň hasabynda 9 ýeňiş bar. Ikinji orny Lebap welaýatynyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän D.Puzanowyň şägirtleri eýelediler. Mary welaýatyndan topar (uly tälimçi B.Amanmyradow) üçünji orna mynasyp boldy.