Ï Türkmenistanyň futzal boýunça topary Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futzal boýunça topary Aziýanyň çempionatyna gatnaşar

view-icon 689
Futzal boýunça Aziýanyň 12-nji çempionatyna gatnaşmak boýunça Dubaýda geçirilen bije atyşlykda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Tailandyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary Türkmenistanyň toparynyň bäsdeşleri boldular. Olar “A” toparyny emele getirdiler. Bu çempionat 25-nji maýdan 1-nji iýun aralygynda BAE-de geçiriler.

Beýleki toparlaryň düzümleri: “B” topary – Ýaponiýa, Taýwan, Täjigistan, Liwan; “C” topary – Eýran (Aziýanyň on gezek çempiony), Awstraliýa, Katar, Koreýa Respublikasy; “D” topary – Özbegistan, Indoneziýa, Hytaý we Kuweýt.

Aziýanyň çempionatynyň ýarym final oýunlary 30-njy maýda, finaly bolsa 1-nji iýunda geçiriler.

Türkmenistanyň futzalçylary altynjy gezek Aziýanyň Kubogy ugrunda göreşerler. Türkmenistanlylar birinji duşuşygy 25-nji maýda ýer eýeleri bolan BAE-niň futzalçylary bilen geçirerler. Şonuň ertesi ildeşlerimiz Aziýa -- 2008-iň wise-çempiony Tailandyň topary bilen duşuşar. Futzalçylarymyz toparlaýyn bäsleşigiň iň soňky oýnuny 27-nji maýda Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy bilen geçirer.