Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmakdaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Aşgabady gurmagyň we şäher düzümini ösdürmegiň täze taslamalarynyň birnäçesi bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda has-da ösdürmäge gönükdirilen meseleleri çözmek hemişe türkmen döwletiniň Baştutanynyň üns merkezinde durýar. Şunda bu ulgama ähli babatda amatly we täze şäher ulgamyny döretmek maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalary we täzelikleri, şeýle hem dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmak möhüm meseleleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan toplumlaýyn özgertmeler strategiýasyna laýyklykda Aşgabatda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar, şäherleriň we obalaryň durmuş-ykdysady düzümi kämilleşdirilýär.
Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Baştutanynyň ulagy paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň we Andalyp köçesiniň kesişýän ýerinde saklandy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, şeýle hem “Polimeks” türk kompaniýasynyň wekili garşyladylar. Şu ýerde şäher gurluşygy ulgamynda ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän bu kompaniýa tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda taýýarlanylan taslamaly planşetler goýlupdyr.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze iri ýadygärlik toplumynyň taslamalarynyň görnüşleri hödürlenildi. Şol toplumyň çäginde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gahrymanlarça wepat bolan türkmenistanly esgerleriň we 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan weýrançylykly ýer titremäniň pidalarynyň hakydasyny ebedileşdirjek ýadygärlikler gurlar.
Döwlet Baştutanymyz türkiýeli hyzmatdaşlaryň teklipleri bilen tanşyp, toplumyň binagärlik keşbi we abadanlaşdyrylyşy babatda birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Bu toplum taryhy nukdaýnazaryndan hem, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek babatynda hem möhüm ähmiýete eýe bolup, türkmen halkynyň parasatly we mizemez däpleriniň birini – gahrymanlara uly sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň ýagty ýadygärligini hatyralamak däbini özünde jemlär.
“Polimeks” kompaniýasynyň işläp taýýarlan beýleki taslamalarynyň hatarynda döwlet Baştutanymyza şäheriň gündogar böleginde, Arçabil şaýolunyň ugrunda, Konstitusiýa binasynyň we paýtagtymyzyň täze Medeni-dynç alyş merkeziniň aralygyndaky çäkde döretmek göz öňünde tutulýan täze seýilgähiň, şeýle hem ýokarda agzalan merkezi abadanlaşdyrmagyň taslamalary hödürlenildi. Aýlanyn ägirt uly syn ediş halkasy şol merkeziň desgalarynyň biridir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar babatda anyk teklipleriň we maslahatlaryň birnäçesini aýdyp, paýtagtymyzda döredilýän täze seýilgäh toplumlary diňe bir Aşgabadyň gözelligini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, bu ýerler baş şäherimiziň ýaşaýjylarynyň we köp sanly myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülmelidir, diýmek, olarda munuň üçin ähli şertler bolmalydyr diýip nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz landşaft bezegi, binagärlik we inženerçilik-tehniki pikir babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ulanmagyň möhümdigi barada aýdyp, seýilgähleri hem-de medeni maksatly desgalary bezemekde milli öwüşginli bezeglerden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Munuň özi şol desgalaryň gözelligini has-da artdyrar. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz bu medeni-dynç alyş merkeziniň “Älem” diýlip atlandyrylsa, maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň ulag-aragatnaşyk düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça meýilnamalar nazara alnyp taýýarlanylan taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy. Munuň özi paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösüşini nazara almak bilen, onuň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň möhüm şerti bolup durýar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň çäklerinde täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, estakadalaryň we ýol aýrytlarynyň ýerleşişiniň nusgasy, şeýle hem paýtagtymyzyň gündogar böleginde gurulýan täze bäşýyldyzly myhmanhana barýan ýoluň taslamasy hödürlenildi.
Milli Lilerimiziň belleýşi ýaly, şeýle taslamalar işlenilip taýýarlanylanda we durmuşa geçirilende täze tehnologiýalardan hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryndan ugur almak zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz bu mesele bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, paýtagytymyzda we tutuş ýurdumyzda gurulýan täze awtomobil ýollary hem-de ýol düzüminiň degişli desgalary ähli görkezijiler babatda, şol sanda hil we ýol hereketiniň howpsuzlygynyň şertleri, şeýle hem bezeg babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir diýip nygtady. Şoňa görä-de, awtomobil ýollaryna ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyna, olaryň yşyklandyrylyşyna, bagy-bossanlyga öwrülmegine aýratyn üns bermek möhümdir. Şunda hormatly Prezidentimiz ulag-aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri geljekde hem döwletiň üns merkezinde bolar diýip nygtady.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanyşandan soň, Çandybil şaýolunyň we Andalyp köçesiniň çatrygynda gurlan awtomobil köprüsine galdy we bu ýerden Aşgabadyň hem-de ak mermerli türkmen paýtagtynyň täze binagärlik keşbini kemala getirýän täze desgalaryň keşbini synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde täze desgalary gurmak we ony abadanlaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi we paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilende adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy, netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek esasy görkeziji bolmalydyr diýip, ýene-de bir gezek nygtady.
Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň bezegine öwrüljek bu köpriniň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu desganyň inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça köprüleri gurmagyň halkara ölçegine doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu köpri gurulan mahalynda, täze tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary hem-de ýurdumyzyň howa we geologiki şertlerini göz öňünde tutýan tehniki çözgütler ulanyldy.
Aşgabat barada aýdylanda bolsa, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, paýtagtymyzy we onuň düzümini hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmegi üpjün etmek biziň esasy wezipämizdir diýip, milli Liderimiz belledi. Ýurdumyzyň baş şäherinde gurulýan häzirki zaman desgalarynyň ählisi, bu ýerde kemala gelýän seýilgäh toplumlary we dynç alyş zolaklary onuň çalt depginler bilen täzelenýän keşbi bilen sazlaşmalydyr, Aşgabadyň gözelligini has-da artdyrmalydyr. Şoňa görä-de, biziň täze taryhy eýýamda gurýan we döredýän zatlarymyzyň ählisi ýokary hilliligi bilen tapawutlanmalydyr, çünki bularyň ählisi diňe bir häzirki nesillere däl, eýsem türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine hem hyzmat etmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we iş saparynyň jemini jemledi.