Ï Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Baş serkerdebaşysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Merkezi Komandowaniýesiniň Baş serkerdebaşysyny kabul etdi

view-icon 586
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-niň Merkezi Komandowaniýesiniň Baş serkerdebaşysy Jeýms Mettisi kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen hem-de sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýan oňyn, döredijilik syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ymtylýandygyny belledi. Jenap Jeýms Mettisiň nygtaýşy ýaly, ABŞ Türkmenistany wajyp we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar we onuň tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini işläp düzmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşýan goşandyna ýokary baha berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däbe öwrülen dostlukly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyk türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip nygtady. Hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanan bu strategiýany yzygiderli amala aşyrmak bilen, biziň ýurdumyz sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydyr. Bu barada aýtmak bilen döwlet Baştutany Türkmenistanyň geljekde hem halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelejekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, häzirki zamanyň global howplaryna we wehimlerine, şol sanda neşeleriň bikanun dolanyşygy, halkara terrorçylyk, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyk ýaly howplara garşy durmak boýunça möhüm wezipeler bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, bu mesele geçen hepde Waşingtonda geçirilen türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň gün tertibiniň bir bölümi boldy. Olara gatnaşmak üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyrygy boýunça ABŞ-nyň paýtagtynda biziň ýurdumyzyň wekilçilikli topary boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren ylalaşdyryjylyk başlangyçlarynyň, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmaga, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň hem ähmiýeti bellenildi. Munuň özi tutuş sebitiň abadançylygyna we durnuklylygyna gös-göni täsir eder.

Türkmen tarapynyň degişli ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistan geljekde hem durnukly sebit we dünýä ösüşiniň, ählumumy bähbidiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli nusgalaryny we usullaryny döretmek işine giňden ýardam berer diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we ýokary wezipeli myhman hoşlaşanlarynda iki ýurduň geljekde hem däbe öwrülen döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge taýýardygyny bellediler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze depgine we mazmuna eýe boldy.

Duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Robert Ýudžin Patterson gatnaşdy.