Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şerzod Faýziýewi kabul etdi.
Dostulkly goňşy ýurduň doly ygtyýarly wekili duşuşmaga wagt tapanlygy üçin türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ikinji prezidentlik möhletine täzeden saýlanylmagy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we Türkmenistanyň gülläp ösmegine we türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen asylly işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, Özbegistanda türkmen Lideriniň ýöredýän syýasatyna we öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we tutuşlygyna goldaýarlar. Şol başlangyçlar Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz ýakyn goňşulary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýändigini belledi. Bu babatda Özbegistan bilen bizi diňe duldegşir goňşulyk taýdan ýakynlyk däl-de, eýsem, iki doganlyk halklaryň çuňňur taryhy kökleri, medeniýetleriniň, dilleriniň, däpleriniň umumylygy birleşdirýär.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, döwlet Baştutanynyň wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Y.Karimow bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşligini mähir bilen ýatlady. Şol söhbetdeşligiň barşynda goňşy döwletleriň liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini hem ara alyp maslahatlaşyp, ony has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, milli Liderimiz Şerzod Faýziýewe Türkmenistanda alyp baran netijeli işleri hem-de deňhukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan guralýan dostluk we köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Diplomat öz nobatynda, soňky ýyllarda hil taýdan we düýpli özgeren türkmen-özbek gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ýardam edýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi. Özbegistanyň ilçisi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini belläp, diňe soňky 3-4 ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň dört esse artandygyny nygtady, munuň özi özara gyzyklanma bildirilýändigine we ýakyndan bilelikde geçirilýän işe aýdyň şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we Özbegistanyň ilçisi ýokary derejede birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz berkidilmegine gös-göni hyzmat edýändigini bellediler, şeýle hem halkara we sebitleýin syýasatyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet Baştutany we özbek ilçisi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine hem-de iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine gabat gelýän we hoşniýetli erk-isleg, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanan oňyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Özbegistanyň ilçisi hoşlaşanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýolbaşçylyk eden ilçihanasynyň üstünlikli işlemegine beren kömegi we şahsy ýardamy üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
--Men Siziň ajaýyp ýurduňyzy we myhmansöýer halkyňyzy tüýs ýürekden söýdüm we bu söýgi nirede bolsam-da, meniň kalbymda hemişelik galar-- diýip, Şerzod Faýziýew milli Liderimize we tutuş halkymyza berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny we wezipelerini durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.