Şu gün Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda kadetleriň we ýuniýorlaryň arasynda fehtowaniýe boýunça dünýä çempionaty başlanýar. Oňa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşar. Dünýä bäsleşigine gatnaşmak üçin Moskwa dünýäniň 92 ýurdundan ökde gylyçlaşýançylar ýygnandylar, olaryň arasynda dünýä bäsleşikleriniň we iri halkara ýaryşlarynyň şu ýaş toparyndaky çempionlary we baýrak eýeleri bar. Şu gezekki dünýä çempionatynda kadetleriň ýaş toparynda bäsleşikler diňe şahsy görnüşde, ýuniýorlaryň arasynda bolsa şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçiriler.
Türkmenistandan ýaş gylyçlaşýançylar şpaga we gylyç boýunça bäsleşiklerde medallar ugrunda güýç synanyşarlar. Biziň toparymyzyň düzüminde halkara sport arenasynda tejribe toplan türgenler we ýokary derejede geçirilýän şeýle ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýanlar bar.
Bu ýaryş dunýäniň ähli künjeklerinden ýaş gylyçlaşýançylar üçin möwsümiň baş badalgasyna öwrülip, öz sport aýratynlyklaryny görkezmäge hem-de milli ýygyndy toparlara saýlanmak üçin ýokary reýting oçkolaryny gazanmaga oňat mümkinçilik bolup durýar. Çünki ýaş türgenleriň köpüsiniň ussatlyk derejesi olara öz ýurtlarynyň abraýyny uly ýaşlylaryň bäsleşiklerinde hem üstünlikli goramaga mümkinçilik berýär.
Dünýä bäsleşigi 8-nji aprele çenli dowam eder.