Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 572
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdymyzyň hökümet agzalarynyň binäçesi, welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurlary, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, halkara möçberinde bolşy ýaly, sebitleýin we pudaklaýyn derejedäki möhüm çärelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Şeýle hem 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli şu gün Türkmenistanda badalga berlen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlagynyň orunbasary S.Toýlyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjigi bilen ýanaşyk ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binasynyň, şeýle hem Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binalar toplumy döwlet syýasatynda bilim ulgamynyň ileri tutulýandygynyň, ýurtda türkmen ýaşlaryny ýokary dünýä ülňülerine laýyklykda terbiýelemek we hünär taýdan taýýarlamak üçin amatly şertleriň döredilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr diýip belledi. Saglygy goraýyş we bedenterbiýe, bilim we sport ýaly ulgamlaryň ösdürilmegi öz aralarynda berk baglanyşyklydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz wise-premýere sportuň Türkmenistan üçin täze görnüşlerini köpçülikleýin ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli bilim berilýän bilim ojaklarynda bu ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň we ylmy işleriň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi.

Mahlasy, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhunyň aýdyň nyşany bolan sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi durmuşymyzyň her bir ulgamynda öz beýanyny tapmalydyr.

Göni aragtanaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň gurluşyk we energetika pudaklarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, iri gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýol gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda gurulýan desgalar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly häzirki zaman talamlaryna loly laýyk derejede gurulmalydyr diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda ýol gurluşygy, ýollaryň yşyklandyrylyşy boýunça alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi we ýollaryň gurluşygyny çaltlandyrmagy hem-de ýerine ýetirilýän işleriň hiline berk gözegçilik etmegi wise-premýerden talap etdi.

Soňra iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowanyň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzda yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň dowamynda guralmagy meýilleşdirilýän medeni çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde döwletiň we jemgyýetiň hem-de her bir raýatyň durmuşynda medeniýet ulgamynyň ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny belläp, pudagyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň we onuň halkara abraýynyň belende galmagynyň kepilidigini aýtdy. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz milli habar beriş serişdeleriniň işi barada durup geçdi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli oňyn özgertmeler, medeniýetimizde ýetilen sepgitler barada adamlaryň ýeterlik maglumat almaklary üçin bar bolan mümkinçilikleriň has-da giňeldilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri türkmen halkynyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini we halkyň gadymy ruhy gymmatlyklaryny giňden wagyz etmelidirler diýip aýtdy. Taryhyň häzirki täze tapgyrynda täze syýasy durmuş we ykdysady mümkinçilikleriň netijesinde täzeçe pikirlenýän jemgyýetiň kemala gelmegi üçin zerur bolan şertleriň döredilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekillerine we döredijilik işgärlerine aýratyn ornuň degişlidigini nygtady.

Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlagynyň orunbasary A.Goçyýew hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän bank-maliýe ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň ähl pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilişi, welaýatlarymyzyň durmuş derejesini düýpli özgertmek boýunça berjaý edilmeli işleriň maksatnamasy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetde maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna ylmy çemeleşmeleriň, daşarky we içerki maýa goýum serişdeleriniň giňden çekilmegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi we milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ykdysady usullaryň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygynyň we halkyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormaily Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, dokma senagatynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň maksatnamasy, şeýle hem Türkmenistanyň Koreýanyň Ýosu şäherinde guralýan “EKSPO-2012” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga görýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, emele gelen ählumumy meýilleri hasaba almak bilen, ýurdymyzyň haryt öndürijileriniň dünýä bazarlaryndaky orunlaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli çäreleriň toplumlaýyn işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ýurduň eksport mümkinçilikleriniň we daşary söwda dolanyşygynyň has-da netijeli höweslendirilmeginiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO-2012” barada aýtmak bilen, biziň ýurdumyzyň bu bütindünýä gözden geçirilişe gatnaşmagy Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ýola goýýan özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňelder diýip belledi we Bütindünýä sergisine taýaýrlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlagynyň orunbasary R.Seýitkulyýew göni aragtanaşykda geçirilen iş maslahatynda özüniň gözegçiik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaynda alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olary döwrebaplaşdyrmak we tehniki parkynyň üstüni döwrbap ulaglar bilen ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady, maýa goýum, üstaşyr we serişdeler mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde möhüm şertleriň biri bolup durýar diýip belledi. Döwletimiz bu ulgamyň döwrebap tilsimatlar bilen üpjün edilmegine hemme taraplaýyn üns berýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere pudagyň kärhanalarynyň işiniň hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi üçin, täzeçe çemeleşmeleriň we meýilnamalaryň anyk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meselelere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimlerini gezekli-gezegine göni aragatnaşykda geçirilýän wideşekilli iş maslahatyna çagyrdy. Häkimler hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişiniň depginleri, şeýle hem güýzlük däne ekinlerine ideg edilişi barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz welaýat häkimleri bilen bolan gürrüňdeşlikde hasyllylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň, ylmyň we tejribäniň utgaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy hem-de ekiş mömsümini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Milli Liderimiz ekarançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy wezipe edip goýdy we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagyna we olarda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegine gözegçiligi gowşatmaly däldigini tabşyrdy. Maslahatynyň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň ýene-de biri galla oragyna görülýän taýýarlyk boldy. Milli Liderimiz bu möhüm möwsüme görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, maddy-enjamlaýyn serişdeleriň oýlanyşykly paýlanylmagy, kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň degişli taýýarlygynyň üpjün edilmegi, galla kabul edýän, olary saklaýan we gaýtadan işleýjn kärhanalaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda oba senagat toplumynyň we durmuş medeni ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen içgin gyzyklandy hem-de adamlaryň iş, durmuş we dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy welaýatlary ösdürmegiň maksatnamasynyň esasy ugrudyr, çünki ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegi sebitiň senagat mümkinçilikleriniň has-da ösmegini şertlendirer diýir belledi.

Şeýle hem ýerlerde Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini geçirmegiň hem-de Bütindünýä saglyk gününe we beýleki şanly senelere taýýarlyk görmegiň maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi atly umumymilli giň möçberleri çäräniň maksady biziň döwletimiziň durmuş syýasatynyň möhüm bölegi bolan we milletiň saglygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň kepilidir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz häkimlere bu çäreleri ählihalk dabarasy hökmünde ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimleri bilen bolan gürrüňdeşlikde döwlet Baştutanymyz tomusky çagalar dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň meseleleriniň üstünde hem durup geçdi. Bu möwsümiň uzakda däldigini bellemek bilen, milli Liderimiz tomusky dynç alşa häzirki günlerden degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Şunlukda Hazaryň kenaryndaky dynç alyş zolagynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berip, döwlet Baştutanymyz bu ýerde oňaýly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň bina edillendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň häkimine deňiz ýakasyndaky şypahana toplumynyň dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy we beýleki welaýatlaryň häkimlerine hem çagalar sagaldyş merkezlerini tomusky dynç alşa taýýarlamak boýunça zerur işleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasry A.Ýazmyradow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişiniň depginleri, güýzlük däne ekinlerine ideg edilişi, tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer hasabatyň dowamynda maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba senagat toplumyna degişli kärhanalaryň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda ýaýabaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bu möhüm ulgamyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz oba senagat toplumynda derwaýys möwsüm bolan gowaça ekişini agrotehniki kadalara layyklykda alyp barmak, onuň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda ýene-de bir möhüm möwsüm bolan galla oragy golaýlap gelýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz möwsüme ykjam taýýarlyk görmegi, orak möwsüminde işlejek ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy, galla saklamak we gaýtadan işlemek boýunça degişli kärhanalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy babatda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara ýüzlendi we tabşyrylan işlere jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň, gözegçilik edýän ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň ýokary netijä eýe bolmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny şertlendirer diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki geçirilen maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.