Türkmenistanda milletiň Lideriniň başyny başlan ählihalk çäresi barha giň gerime eýe bolýar
Türkmenistanda 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň hökümet agzalary we welaýatlaryň häkimleri bilen geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş syýasatynyň wajyp ugry hökmünde bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek meselesine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda, şol sanda Türkmenistan üçin sportuň täze görnüşlerini köpçülikleýin ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini hakyky ählihalk dabarasy hökmünde ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Bu dabara bagtyýarlyk döwrüniň ruhuny beýan etmelidir.
Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligiň ikinji gününde hem ýurdumyzyň sport desgalarynda ählumumy baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi.
Aşgabat. Türgenleriň we janköýerleriň arasynda meşhurlyga eýe bolan “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumy şu gün 17 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça Aşgabadyň açyk çempionatynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu toplumda eýýäm sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň sport mekdepleriniň türgenleriniň 200-e golaýy agramlyk derejeleriniň 10-sy boýunça güýç synanyşdy.
2013-nji ýylda geçiriljek Bütindünýä uniwersiadanyň maksatnamasyna girizilmegi bilen bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýan sportuň sambo görnüşi Türkmenistanda hem ösdürilýär. Mysal üçin, düzüminde 26 döwletiň milli assosiasiýalaryny birleşdirýän Aziýanyň sambo federasiýasy (AFS) indi bassyr ikinji ýyl Türkmenistana Merkezi Aziýanyň çempionatyny geçirmek hukugyny berdi. Yklymda iri sport guramasynyň biziň ýurdumyza uly ynam bildirmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Türkmenistanda Milli olimpiýa komitetine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi ýolbaşçylyk edýär. Milli Liderimiz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunuň netijesinde sport biziň ýurdumyzda türkmen halkynyň ruhubelentligiň, ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap ymtylmasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi we wagyz edýän “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýen ýörelgesi bolsa ýaş türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsi üçin şygara öwrüldi.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ulgamynda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi öz miwelerini berip başlady. Sambo boýunça Daşkentde geçirilen soňky Aziýa çempionatynda türkmen sambo mekdebiniň türgenleri 20-den gowrak medala mynasyp boldular, 2011-nji ýylda Wilnýusda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa Türkmenistanyň zenanlar topary birinji üçlüge girip, sambo boýunça ýokary netijelere eýe bolan ýurtlaryň köpüsini yzda galdyrmagy başardy. Şoňa görä-de, AFS-iň 2011-nji ýylda Daşkentde geçirilen kongresinde türkmen paýtagtynyň Merkezi Aziýada sambo göreşiniň sebitleýin merkezi hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir.
Merkezi Aziýanyň nobatdaky 5-nji çempionatynyň hem indi üçünji gezek ýene-de Aşgabatda geçiriljekdigi bellärliklidir. 2014-nji ýylda bolsa Türkmenistanda has uly möçberli ýaryş – sambo boýunça Aziýanyň çempionaty geçiriler.
Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň Medeniýet we sport merkezinde Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde çeper we sport gimnastikasynyň wekilleriniň görkezme çykyşlary boldy. Bu çykyşlar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek maksadynda guraldy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi köpçülikleýin jemgyýetçilik guramalarynyň biri hökmünde hormatly Prezidentimiziň syýasatyny zenanlaryň arasynda işjeň durmuşa geçirýär. Bu gurama iri sagaldyş çäreleriniň köp sanlysyny amala aşyrdy. Şol çäreleriň biri şu gün hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Oňa gimnastika sport mekdebiniň türgenleri gatnaşdylar.
- Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini geçirmek baradaky çözgüdini ruhubelentlik bilen kabul etdik. Çünki, sport bilen yzygiderli meşgullanmak güýç-kuwwatyňy artdyrýar. Köpçülikleýin sagdynlyk çärelerini guramakda biz hem şu ýörelgeden ugur alyp, sporta diňe bir ýaşlary, maşgala toparlaryny, janköýerleri däl, eýsem, köp çagaly zenanlary hem çekýäris - diýip, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hünärmeni Bahar Serdarowa gürrüň berdi.
Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde şu gün Çandybil şaýolunyň ugrunda hem ähmiýetli waka bolup geçdi. Bu ýerde paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda köpçülikleýin bäsleşikler geçirildi. Ýaryşlary Bilim ministrligi we Aşgabat şäheriniň häkimligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi guradylar. Okuwçylar 1000 metr aralyga ylgamakda, ýüp çekmek we ýaglyga towusmakda bäsleşdiler.
Köpetdag şaýolunda bolsa tigir sürmek boýunça Türkmenistanyň birinjiligi dowam etdirildi. Ýaryşlaryň ikinji gününde 60 kilometr aralyga toparlaýyn bäsleşikde iň güýçliler kesgitlenildi. Ýaryşyň bu görnüşinde Aşgabat-1 topary ýeňiji boldy. Bu topar Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň we Aşgabat şäher sport komitetiniň sportuň milli görnüşleri boýunça mekdebiniň türgenlerinden düzüldi. Şahsy birinjilikde Röwşen Amangeldiýew ýeňiji boldy. Ertir 70 kilometr aralyga toparlaýyn bäsleşikde çempionlar mälim bolar.
Ýokary ligada çykyş edýän erkekleriň arasynda küşt boýunça Aşgabatda Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär. Şu gün ikinji we üçünji tapgyrlaryň duşuşyklary geçirildi.
Ýaryşa 14 küştçi gatnaşýar, olaryň 10-sy ýurdumyzyň geçen çempionatynda iň gowy netije görkezen küştçilerdir, 4-si bolsa birinji ligada çykyş edýän erkekleriň arasynda 2012-nji ýylda ýurdumyzyň birinjiliginde has tapawutlanan sportçulardyr. Küştçüleriň arasynda bir sany halkara grossmeýsteri, iki sany halkara ussady, ýedi sany FIDE-niň, üç sany milli sport ussady we bir sany sport ussadyna dalaşgär bar.
Üç döwden soň aşgabatly grossmeýster Hanjar Ödäýew öňde barýar.
Ikinji we üçünji döwlerde doganlar Atabaýewler – 17 ýaşly Maksat we Ýusup, şeýle hem çempionatyň iň ýaş gatnaşyjysy 12 ýaşly Saparmyrat öz çykyşlaryny ýeňiş bilen tamamladylar. Häzirki wagtda olar öňde barýan oýunçydan bary-ýogy ýarym utuk yzda galýarlar. Bu ýaş türkmen küştçüleri milli we halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanmagy başardylar, şeýle hem sebitleýin we dünýä ähmiýetli iri ýaryşlarda köp sanly sylaglara mynasyp boldular.
Mysal üçin, Maksat Atabaýew 14 ýaşynda 2009-njy ýylda erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony adyna eýe bolan türkmen sportçularynyň ilkinjisidir. Şondan soňky ýyl ol ýurdumyzyň iň gowy küştçüsi diýen adyny saklap galmagy başardy.
M.Atabaýewiň halkara üstünlikleri barada aýdylanda bolsa, bu babatda hem onuň ýokary görkezijilere eýe bolandygyny bellemelidiris: häzirki günde ol öz wagtynda FIDE-niň ussady derejesine we halkara ussady derejesine eýe bolan Türkmenistanyň iň ýaş sportçusy diýen ady saklap galýar. Ýeri gelende aýtsak, ikinji ada Maksat 2010-njy ýylda Hanty-Mansiýskide (Russiýa) geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda eden şowly çykyşyndan soň mynasyp boldy.
Şol ýyl Londonda geçirilen intellektual oýunlaryň olimpiadasy hem Maksat we Ýusup üçin örän şowly boldy. Şahsy birinjilikde olar degişlilikde birinji we ikinji orunlara mynasyp boldular, toparlaýyn hasapda bolsa altyn medallary eýelediler. Ýaş Atabaýewleriň 2010-njy ýylda gazanan şu we beýleki üstünlikleriniň netijesinde olary her ýyl Sankt-Peterburgda (Russiýa) geçirilýän “Dünýäniň ýaş ýyldyzlary” atly iri halkara bäsleşigine çagyrdylar. Bu ýaryşlara gatnaşmak üçin dünýäniň 18 ýaşyna çenli bolan güýçli küştçüleriniň 12-si seçilip alynýar. Geçen ýyl şol ýaryşlara Türkmenistandan iki küştçiniň gatnaşandygy bellärliklidir. Şonda Ýusup gowy netije görkezip, hormatly dördünji orna mynasyp boldy.
Şu ýyl “Dünýäniň ýaş ýyldyzlary” atly iri halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin S.Atabaýew esasy dalaşgär bolup durýar. Ol eýýäm 12 ýaşynda sport ussady diýen derejä eýe boldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýetginjekleriniň arasynda 11 gezek ýeňiji bolan küştçi milli ýaryşlaryň köpüsinde özüniň ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlady.
Atabaýewleriň “üçlügini” iň güýçli bäsdeşleriň hataryna goşmak bolar. Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň şu çempionatynda hem olara garşy durup biljek küştçi az bolsa gerek.
4-nji aprelde nobatdaky döwüň duşuşyklary geçiriler.
Daşoguz welaýaty. Daşoguz welaýatynda türgenleriň we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň müňlerçesi Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşýarlar. Köneürgenç şäherindäki täze sport mekdebi düýn şeýle çäreleriň geçirilýän ýerleriniň birine öwrüldi. Şol ýerde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Sport desgasynyň açyk futbol meýdançasynda şäherdäki mekdepleriň toparlary özara bäsleşdiler. Bu ýerde 2-nji orta mekdebiň topary gowy oýny bilen janköýerleriň göwnünden turmagy başardy. Milli göreş boýunça etrapda geçirilen ýaryşlarda bolsa “Derýalyk” geňeşliginiň pälwanlaryna ussatlykda taý tapylmady.
Sport baýramçylygyna ýygnanan şäherliler şol gün şeýle hem uşu we karate, uly tennis boýunça görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Ýakyn günlerde Köneürgenç etrabynda sportuň ýene-de birnäçe görnüşi, şol sanda basketbol, woleýbol, tigir sürmek we beýlekiler boýunça ýaryşlar geçiriler.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy netijesinde diňe bir sport we sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleriň sany däl, eýsem, ýurdumyzyň demirgazygynda has uly meşhurlyga eýe bolýan sportuň görnüşleri hem artýar. Mysal üçin, soňky ýyllarda bu ýerde sportuň suwda oýnalýan görnüşleri, tennis we kiçi futbol düýpli ösüşe eýe boldy.
Şu gün welaýatda hepdeligiň çäklerinde başga-da birnäçe çäreler geçirilýär. Daşoguz welaýatynda ýerleşýän ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary şu günki güni köpçülikleýin ylgamak çäresinden başladylar, boks boýunça welaýatyň açyk birinjiliginiň ýarym final ýaryşlary dowam edýär, şäheriň zähmet toparlary woleýbol boýunça bäsleşýärler.
Mary welaýaty. Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde täze 4-nji sport mekdebinde kikboksing boýunça welaýat ýaryşlary geçirildi. Murgap jülgesinde ýetginjekleriň müňlerçesi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýar. Olaryň arasynda sport ussatlary hem az däl. Bu gezek bäsleşiklere ýüzlerçe tomaşaçy gelip, türgenleriň ussatlyk bilen eden çykyşlaryndan lezzet aldylar.
Şu ýaryşlaryň netijeleri boýunça birinji orna Mary şäheriniň ýetginjekleri, ikinji orna Sakarçäge etrabynyň, üçünji orna bolsa Mary etrabynyň türgenleri mynasyp boldular. Ýeňijileriň ählisi hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
***
Lebap welaýaty. Ýurdumyzyň gündogar welaýatynda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi giň gerimli sport-sagaldyş çärelerine beslendi. Şu gün Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň “Himiýaçy” stadionynyň sport meýdançasynda futbol boýunça welaýatyň göçme kubogyny almak ugrundaky bäsleşige badalga berildi. Oňa welaýatyň şäherleriniň we etraplarynyň futbol toparlary gatnaşýarlar. Hormatly baýraga eýe boljak topar 5-nji aprelde belli bolar.
Şu gün Türkmenabat şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň açyk sport meýdançasynda bolsa bilim we sport ulgamlarynyň işgärleriniň arasynda kiçi futbol boýunça welaýatyň çäklerindäki iki günlük ýaryş başlandy.
Lebap welaýatynyň etraplarynda kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň işgärleriniň arasynda spartakiada dowam edýär. Ýeňil atletika, woleýbol, ýüp çekmek, küşt we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlara ýüzlerçe adam gatnaşýar. Sportuň ähli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň ýeňijileri hem 5-nji aprelde belli bolar.
Şu bahar günlerinde Amyderýa jülgesiniň ähli ýerlerinde giň möçberli sport-sagaldyş çäreleri geçirilýär. Garabekewülde 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda şaşka boýunça welaýat birinjiligi geçirildi. Seýdi şäherinden A.Kulyýew çempion boldy, gyzlaryň arasynda bolsa türkmenabatly M.Rozyýewa birinji ýeri eýeledi. Welaýatyň merkezinde ýaşlaryň arasynda el pökgüsi, boks boýunça ýaryşlar, şeýle hem zenanlar toparlarynyň arasynda kiçi futbol boýunça welaýat çempionaty tamamlandy. Bäsleşikde baýrakly orunlara degişlilikde Türkmenabadyň, Serdarabat we Saýat etraplarynyň toparlary mynasyp boldular.
***
Balkan welaýaty. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäheriniň kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirilýär. Şäheriň iň gowy sport desgalary sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň ygtyýaryna berildi.
Şu gün nebiti gaýtadan işleýjileriň ýaryşlary aýratyn köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň köp ugurly bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda bu kärhananyň açyk çempionatlarynyň birbada ikisine – kiçi futbol we woleýbol boýunça ýaryşlara dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Futbolçylaryň bäsleşigine nebiti gaýtadan işleýän toplumyň önümçilik we kömekçi bölümleriniň ählisinden 18 topar gatnaşdy. Türkmenistanyň iri nebithimiýa kärhanasynyň woleýbolçylarynyň ýaryşy hem köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu bäsleşige sehleriň erkekler we zenanlar toparlary gatnaşýarlar.
4-nji aprelde Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde “Olimpiýa” Milli sport köşgünde ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda hokkeý boýunça ilkinji milli ýaryşyň açylyşy bolar.
Abraýly baýrak ugrunda dört topar – Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguz han”, söwda we dokma senagaty ulgamynyň “Şir” hem-de ulag we aragatnaşyk ulgamynyň “Alp Arslan” toparlary bäsleşerler. Bu toparlar bilen Russiýadan çagyrylan ýokary hünärli tälimçiler işleşýärler. Olaryň arasynda Tatarystanyň at gazanan tälimçisi Lenar Wildanow, Artýom Guşşin, Sergeý Gusew we Oleg Týulýukin bar.
Ilkinji duşuşyk 11:00-da geçiriler. Soňra, 16:00-da ýaryşyň açylyş dabarasy bolar, onda uly aýdym-sazly sport şüweleňi guralar. Şondan soň janköýerler hokkeý toparlarynyň ýene-de bir duşuşygyna tomaşa edip bilerler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky hokkeý boýunça birinji Milli ýaryş biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň hil taýdan ösüşinde täze ugry kesgitledi, çünki biziň sportçularymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşiginiň öňüsyrasynda tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda oňat taýýarlygy geçdiler. Bularyň ählisi diňe Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mümkin boldy. Şu döwürde milli sport hereketini ösdürmek gaýragoýulmasyz döwlet wezipeleriň hataryna girizildi.
Final duşuşygy we üçünji orun ugrundaky oýun 7-nji aprelde paýtagtymyzdaky 10 müň orunlyk sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda geçiriler. Geçen ýyl bu sport desgasynyň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
4-nji aprelde futbol janköýerlerine gyzykly waka garaşýar: 17:00-da “Abadan” stadionynda Türkmenistanyň Superkubogy ugrundaky aýgytlaýjy oýunda häzirki çempion “Balkan” (Balkanabat) we ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi HTTU (Aşgabat) duşuşarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleriniň hem gatnaşýandygy bellärliklidir. Olar ýaryşlaryň birnäçesine gatnaşmak bilen, köpçülikleýin sagdynlyk çäresine goşulyşmagy ýüreklerine düwdüler. 4-nji aprelde geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan köp ugurly “Aşgabat” stadionynyň kortlarynda daşary ýurtly diplomatlar tennis boýunça ýaryşda güýçlileri kesgitlärler. Şondan soňky gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport meýdançasynda olar şol ýokary okuw mekdebiniň topary bilen woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler, 6-njy aprelde bolsa şol ýerde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşige gatnaşarlar.
Türkmenistanda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi dowam edýär...

* * *