Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 622
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedewe Týumen oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren uçar heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.