Ï Türkmen küştçileriniň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen küştçileriniň üstünligi

view-icon 711
Türkmen türgenleri Özbegistanyň ilkinji grossmeýsteri Georgiý Agzamowyň hormatyna 20 ýaşa çenli bolan ýaşlaryň arasynda küşt boýunça geçirilen altynjy halkara reýtinginde iki medaly – kümüş we bürünç medaly eýelemegi başardylar. Maksat Atabaýew wise çempion bolmagy başardy, şu ýaşdaky toparlaryň arasynda milli derejelerde geçirilýän ahli bäsleşiklerde Maksadyň baş bäsdeşi bolan onuň doganoglan dogany bolan Ýusup Atabaýew bolsa üçünji orna eýe boldy. Türkmen toparynyň beýleki wekilleri hem Daşkentde özleriniň halkara reýtinglerini ýokarlandyrdylar.


Bu bäsleşige gatnaşmak üçin12 ýurtdan – Russiýadan, ABŞ-dan, Indoneziýadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Moldowadan we beýleki ýurtlardan120 töweregi küştçiler Daşkentde ýygnandylar. Bäsleşige gatnaşýanlaryň köpüsi halkara grossmeýsteri diýen ýokary ady eýedirler.

17 ýaşly halkara bäsleşiginiň baýrak eýeleriniň ikisi hem şäher sport komitetiniň Aşgabatdaky sport küşt mekdebinde türgenleşýärler. Bu ýaş küştçiler „FIDE-niň ussady“ diýen ada eýedirler. 2009-njy ýylda erkekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda Maksat eýýäm şahsy birinjilikde kümüş medaly eýeledi. 2010-njy ýylda Londonda geçirilen intellektual oýunlaryň olimpiadasynda küşt boýunça geçirilen bäsleşikde Maksat we Ýusup degişlilikde altyn we kümüş medallary eýelediler, şeýle hem olar toparlaýyn hasapda pýedstalyň ýokary basgançagyna çykdylar.