Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 633
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Rejebowiç Artykow Türkmenistanyň Energetika we senagat ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky şaýolunyň we B.Annanow köçesiniň çatrygynyň gündogar tarapynda awtoduralgaly, çagalar we sport çäreler üçin meýdançalary bolan, dükan bilen üpjün edilen 5 gatly hersi 40 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmäge we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, gurmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji maý aýynda başlamak we binalar we desgalar toplumyny 2013-nji ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna Aşgabat şäherinde 2095-nji we 2012-nji köçeleriň ugrunda awtoduralgaly, çagalar üçin hem-de sport we köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen meýdançalary bolan 5 gatly hersi 40 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada “Dogu Akdeniz Zeýtin, Gida, Tarim Sanaýi ve Ticaret Limited Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýlaryny we desgalary 2013-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2012-njy ýylyň 6-njy aprelinde Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar.