Ï Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdesi

view-icon 1388
Saglygym - baş baýlygym

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan ösüşiň we başlangyçlaryň döwri türkmen sportunuň taryhynda täze sahypany açdy, häzirki wagtda türkmen sporty ozal görülip-eşidilmedik derejedäki ösüşe eýe bolýar. Ýurdumyzda döwrebap we halkara standartlaryna laýyk gelýän sport desgalarynyň düzümi döredilýär hem-de köpçülikleýin-bedenterbiýe sagaldyş hereketiniň depgini günsaýyn güýçlenýär. Milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň hepdeligi munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar, bu hepdelik 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar.


Biz bu ählihalk sagdynlyk çäresiniň geçirilýän üçünji gününde bolan wakalary siziň dykgatyňyza etirýäris.

* * *

Aşgabat. Şu gün Olimpiýa Milli sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda hokkeý oýny boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ilkinji ýaryşa badalga berildi. Bäsleşik döwlet Baştutanymyzyň ýörite Karary esasynda, ýurtda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, berk bedenli sagdyn ruhly ýaşlary ösdürip ýetişdirmek maksady bilen esaslandyryldy.

Abraýly baýrak ugrunda 4 sany topar bäsleşer. Olar Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, ýurdumyzyň söwda we dokma senagaty ulgamynyň “Şir” we Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagynyň “Alp Arslan” toparlarydyr. Aýlawlaýyn geçirilýän bäsleşigiň netijeleri boýunça üstün çykyn iki topar öz aralarynda baş baýrak ugrunda güýç synanyşarlar. Olaryň iň güýçlisi türkmen hokkeýiniň taryhyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp bolan topar hökmünde girer. Biziň ýurdumyz üçin sportuň täze görnüşi çaklamalara görä ýakyn wagtda örän gyzykly we meşhur bolar.


Türgenler entek Türkmenistanda ýola goýulmadyk bu milli derejedäki ýaryşlara örän ykjam taýýarlyk gördüler. Toparlaryň dördüsi-de ýörite taýýarlygy geçdiler, olaryň hersiniň özboluşly lybaslary bar. Şu gün typgyçlarda ynamly hereket edýän ýaşajyk türkmen türgenlerine syn edeniňde sportuň bu görnüşiniň janköýerleriniň köp boljakdygyna göz ýetirýärsiň. Russiýaly hünärmenleri hokkeý boýunça geçiren türgenleşiklerine çenli türgenler Gökderedäki çagalar sport - sagaldyş meýdançasynda öz ussatlyklaryny berkitdiler. Olar Gökderede otuň üstünde oýnadylar, agşamlyk bolsa, “Olimpiýa” milli sport köşgünde we Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda halkara ýaryşlaryny gerçirmäge niýetlenip ýörite enjamlaşdyrylan paýtagtymyzdaky buzly toplumlarda tügenleşiklerini dowam etdiler.

Mälim bolşy ýaly, ýaryşlary geçirmek, olara eminlik etmek, hokkeý sportunyň düzümini kämilleşdirmek, okuw-türgenleşik oýunlaryny guramak, buzly stadionlaryna tehniki hyzmat etmek boýunça geňeş hyzmatlaryny geçirmek üçin Aşgabada Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän hokkeý boýunça bäsleşige Russiýa Federasiýasyndan wekilçilikli topar geldi. Onuň düzüminde hünärmenler, ussat eminler we tälimler bar.


Olaryň biri, Kazan (Tatarystan) şäheriniň “Ak bars” Çagalar hokkeý mekdebiniň baş tälimçisi Lenar Rosimowiç Wildanowyň kanagatlanma bilen belleýşi ýaly, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň açylan pursatyndan bäri bu erde Russiýasynyň, Sloweniýanyň we Polşanyň belli toparlary görkezme bäsleşiklerini geçirdiler. Şeýlelikde, Aşgabatda hokkeý bilen gyzyklanýan ýetginjeklerden sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji türkmen toparlary döredildi.

Biz bäş-alty ýaşly çagalary buza çykaryp, olara tälim berip başlaýarys. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, ýetginjeklik döwründen hokkeý oýnuny öwrenmek mümkin däl hasaplanýar diýip, belli russiýaly tälimçi L.Wildanow belleýär. Ýöne Aşgabatda ýerli oglanlaryň hokkeýe tüýs ýürekden gyzyklanmalary, olaryň islegleri, typgyçlarda edýän ynamly hereketleri bu ýerde hokkeý oýnunyň rowaçlanjakdygyndan habar berýär diýip, kazanly tälimçi belledi we türgenleşikleriň barşynda meýdandaky oýunçylaryň, derwezeçileriň mümkinçiliklerini artdyrdyk, toparlaryň baştutanlaryny kesgitländiklerini aýtdy. Şunuň ýaly döwlet tarapyndan çagalaryň hokkeý oýnamak baradaky arzuwynyň amala aşmagy ugrunda ähli çäreleriň durmuşa geçirilýändigine göz ýetirmek örän ýakymlydyr diýip, ol sözüni jemledi.

Bäsleşigiň açylyş dabarasy “Olimpiýa” Milli sport köşgünde geçirildi. Belent ýaňlanýan sazyň owazy astynda bäsleşige gatnaşyjy toparlar buzly meýdança çykýarlar. Bäsleşigi alyp baryjy olary tanyşdyrýar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Belent owazly sazyň astynda ýaşajyk figuralaýyn typýan türgenleriň görkezme çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýýar.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, buzly meýdançada “Oguzhan” hem-de “Alp Arslan” toparlary peýda bolýarlar. Oýnuň ilkinji pursatlaryndan başlap, türgenler örän depginli oýnadylar. Her bir hüjüm derwezäniň agzynda çylşyrymly hereketlere utgaşyp gitdi. Birinji tapgyrdan soň emele gelen hasap garşydaşlaryň güýjüniň deňeçerdigini aňlatdy, şeýlelikde tapgyr 2:2 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň ikinji tapgyrynda “Oguzhan” toparynyň hokkeýçileri depginlerini güýçlendirdiler we garşydaşlarynyň derwezesine iki hokkeý topyny geçirdiler. Özleri bolsa bir hokkeý topuny goýberdiler. Şeýledikde hasap 4:3 boldy. Oýnuň jemleýji tapgyrynda “Alp Arslan” toparynyň hokkeýçileri “Oguzhan” toparynyň oýunçylarynyň depginli hüjümleriniň öňünde durup bilmediler we 3 jogapsyz hokkeý pökgüsini goýberdiler. Ýaryşyň jemi boýunça “Oguzhan” topary 7:3 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

Beýleki bir oýunda “Bürgüt” toparynyň oýunçylary “Şir” komandasynyň hokkeýçilerinden 4:3 hasabynda ýeňiş gazandylar. Bu ýaryşda türkmen hokkeýiniň taryhyndaky ilkinji bäsleşikde “Bürgüt” toparynyň hüjümçisi Kakajan Gulmämmedow ilkinji hokkeý topuny derwezä girizdi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebiniň müdiriniň we bäsleşigiň baş emini Meretdurdy Goçowyň habar berşi ýaly, ýeňiji bolan topar tälimçiler düzümi bilen bilelikde Kazan şäherine giderler we ol ýerde sport türgenleşiklerinde, görkezme bäsleşiklerinde hokkeý dünýäsine has çuňňur aralaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşikler bolsa dowam edýär...

* * *

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň sport bilen meşgullanmagyna degerli badalga berdi. Bu çärä daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri hem goşuldylar. Olar birnäçe ýaryşlara gatnaşmak arkaly, bu köpçülikleýin sagdynlyk çäresine gatnaşmagy maksat edindiler. Şu gün köp ugurly “Aşgabat” stadionynyň meýdançalarynda daşary ýurtly diplomatlaryň arasynda tennis boýunça ýaryş geçirildi. Şonda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kit Renni Allan ýeňiji boldy.

Ertir Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport binýadynda daşary ýurtly diplomatik toparynyň wekilleri woleýbol boýunça bäsleşerler, 6-njy aprelde bolsa şol ýerde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşa gatnaşarlar.

Şu gün Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde paýtagtymyzda täsirli ýaryşlaryň ýene-de birnäçesi bolup geçdi.

Tigir sürmek boýunça Türkmenistanda birinjiligi almak ugrundaky ýaryş dowam edýär. Toparlaýyn görnüşde 70 kilometr aralykda geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde terbiýelenilýänlerden hem-de Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň sportuň milli oýunlary boýunça sport mekdebinde tälim alýanlardan düzülen Aşgabat-1 topary üstün çykdy. Ýekelikde ýaryşa gatnaşýan iň ýaş türgen – Aşgabadyň 12-nji orta mekdebinde okaýan 15 ýaşly Wýaçeslaw Kutuzow üstün çykdy. Ertir aýry-aýrylykda ýaryşa goşulmak arkaly, 25 kilometr aralyga özbaşdak ýaryşda üstün çykanlar kesgitlener.

Ýokary ligada çykyş edýän erkekleriň arasynda küşt boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty Merkezi küşt klubunda guralýar. Onda dördünji we bäşinji tapgyrlardan soň ozalkysy ýaly halkara grossmeýster Hanjar Ödäýew öňde barýar. Ol mümkin bolan bäş oçkodan 4,5 oçko gazandy.

FIDE-niň ussady, 17 ýaşly Maksat Atabaýew bäşinji tapgyrda H.Ödäýew bilen deňme-deň oýnamagy başardy. Bu duşuşygy esasy bäsleşikh asaplasa bolar, çünki onad altyn medala dalaş edýänleriň ikisi özara güýç synanyşdylar. Ýeri gelende aýtsak, Maksat ýaşlygyna garamazdan küşt boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynda erkekleriň arasynda iki gezek (2009 we 2010-njy ýyllar) ýeňiji boldy.


Şeýle hem öňdebaryjylaryň toparyna doganoglanlar Maksat we Ýusup Atabaýewler girdi. Olaryň her biri bäş oýundan soň 3,5 oçko toplady.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilen beýleki bäsleşikler hem örän gyzykly boldy. Gurtly kölünde Aşgabadyň birinjiligini almak ugrunda guralan ýaryşda sport mekdepleriniň türgenleri küreklemek boýunça bäsleşdiler. Baýdarkada ýekelikde küreklemekde aýal-gyzlaryň arasynda 500 metr aralykda geçirilen ýaryşda Polina Zaýd, iki bolup küreklemek boýunça erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde Sergeý Romanenko we Dmitriý Ýakowlew ýeňiji boldular.

“Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda gylyçlaşmak boýunça ýaryşlar geçirildi. Onda erkekleriň arasynda Mekan Esenow, gyzlardan bolsa Diýana Hudaýberdiýewa ýeňiji boldy.

Şu gün “Olimpiýa” stadionynda ýeňil atletikaçylaryň köpçülikleýin baýramçylyk bäsleşikleri geçirildi. Oňa sport mekdepleriniň türgenleriniň 280-si gatnaşdy. Olar ýaryşyň 13 görnüşi boýunça paýtagtymyzyň birinjiligi ugrunda güýç synanyşdylar.

* * *

Ahal welaýaty. Türkmenistanyň häzirki çempiony “Balkan” toparynyň futbolçylary ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldular. “Türkmennebit” döwlet konserniniň topary bu üstünligi Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi paýtagtymyzyň HTTU toparyny şu gün 2:1 hasabynda utmak arkaly gazandylar.

Ýurduň iki sany öňdebaryjy toparynyň duşuşygy 2012-nji ýylyň milli futbol möwsümini açdy. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde Abadan şäherindäki stadionda geçirildi.

“Balkan” we HTTU toparlarynyň her biri iki sapar kubok eýesi boldular. Bu gezek olar Naýbaşy kubok ugrunda bäsleşdiler.

Oýnuň 10-njy minutynda “Balkan” toparynyň hüjümçisi G.Çonkaew hasaby açdy. 89-njy minutda HTTU toparynyň oýunçysy B.Şamyradow pökgüni derwezä dürs urmagy arkaly hasaby deňlemegi başardy. Oýnuň ikinji bölüminiň ahyrynda balkanabatly futbolçylar 11 metrlik jerime urgusyna hukuk gazandylar. Ýöne, oýunçy N.Sapargylyjow 11 metrlikden pökgüni dürs urup bilmedi.


Netijede bäsleşigiň emini Ç.Gurbanow goşmaça wagty yglan etdi. Şeýlelikde, bäsleşigiň 95-nji minutynda “Balkan” toparynyň oýunçysy çep gyradan hüjüm edip, jerime meýdançasyna girdi we pökgüni tora girizmegi başardy.

Şunluňda “Balkan” topary ýurdumyzyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy.

* * *

Balkan welaýaty. Şu gün säher bilen Balkanabatda tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde ýaşlaryň arasynda ylgaw bäsleşigi geçirildi. 1 kilometrden gowrak aralyga guralan ýaryşa dürli okuw mekdepleriniň, şeýle hem günbatar welaýatyň merkezi şäheriniň sport mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

Soňra sport baýramçylygy ýöriteleşdirilen olimpiýaçylary taýýarlaýan çagalar –ýetginjekler mekdebiniň bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda dowam etdi. Bu ýerde ýaş türgenler gylyçlaşmagyň iki görnüşi boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bir aý gowrak mundan ozal Balkanabatda gylyçlaşmak boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň geçirilendigini ýatlamak ýerlikli bolar. Şonda balkanly türgenler öz ussatlyklaryny görkezip, milli ýygyndy toparyň hataryna goşuldylar. Olar Russiýanyň paýtagty Moskwada gylyçlaşmak boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar.

Soňky ýyllarda Balkan welaýatynyň şäherlerinde we etrap merkezlerinde döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Günbatar welaýatyň ähli şäherlerinde we etraplarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar. Şunuň bilen bir hatarda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärleri öz iş ýerlerinde gündelik önümçilik maşklary bilen meşgullanýarlar.

Balkan welaýatynyň ähli şäherlerinde we etraplarynda döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň yzygiderli bina edilmegi

jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelýändiginiň, köpçülikleýin sport hereketiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn tagalla etmegi netijesinde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu giň möçberli çäräniň barşynda sport toplumlary dürli görnüşler boýunça, şol sanda milli göreş, başa-baş söweş, boks, woleýbol, basketbol, futbol boýunça dürli möçberli bäsleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Ýurdumyzyň şypahana merkezleri hasaplanýan Türkmenbaşy şäherinde we Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda medeniýetli dynç almak üçin amatly şertler döredildi. Şu gün bu ýerde baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça bäsleşikler geçirildi.

Oňa şypahanalar şäheriniň sport mekdebinde tälim alýan türgenler gatnaşdylar. Deňiz ýakasynyň ýaşlarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolan bu bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen Türkmenbaşy şäheriniň sport komiteti bilelikde guradylar. Kürekleýjileriň bäsleşigine şäher ilaty we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň sagaldyş merkezlerinde dynç alýan myhmanlar tomaşa etdiler. Ýekelikde we jübüt bolup ýaryşmakda ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda 200 hem-de 500 metr aralyk boýunça geçirilen bäsleşikler has-da çekeleşikli boldy.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde deňiz ýakasyndaky şäheriň kärdeşler arkalaşyklarynyň goldaw bermeginde bilim işgärleriniň arasynda hem woleýbol boýunça bäsleşik guraldy. Baýramçylyk sport çärelerine şäheriň bilim bölüminiň we umumy, bilim berýän orta mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Toparlaýyn bäsleşikler 10-njy umumybilim berýän mekdebiň täze binasynda geçirildi. Ýaryşa tomaşa edenleriň sany örän köp boldy.

* * *

Mary welaýaty. Mary welaýatynyň döwrebap sport desgalarynda ýurdumyzda yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, dürli sport çäreleri dabara bilen dowam etdi.

Şu gün welaýatyň 10 müň orunlyk baş stadionynda sport gimnastikasy, woleýbol, ýeňil atletika, kikboksing boýunça bäsleşikler geçirildi. Olarda Mary şäheriniň, Murgap, Sakarçäge we Mary etraplarynyň wekilleri ýeňiji boldular we olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Küşt, şaşka, kiçi futbol, woleýbol boýunça guralan ýaryşlar bolsa Murgap etrabynda geçirildi. Soňra etrap merkezinde köpçülikleýin ylgaw guraldy.

Soňky ýyllarda Mary welaýatynyň Mary, Baýramaly şäherlerinde, Sakarçäge we Ýolöten etraplarynda dürli sport merkezleri açyldy. Welaýatyň ussat türgenleri milli we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak bilen, baýrakly orunlary eýeleýärler.

Her hepdäniň şenbe we ýekşenbe olar köpçülikleýin sport çäresine gatnaşýarlar. Welaýatyň mekdepleriniň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bu ýerdäki Saglyk ýoluna ýöriş edýärler. Ýolötende baýdarkada küreklemek boýunça ýaryşlar yzygiderli guralýar.

Şeýlelikde, Mary welaýatynda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine uly üns berilýär, bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň hataryny artdyrýar. Geljekde sebitiň köp sanly daýhan birleşiklerinde döwrebap sport desgalarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

* * *

Daşoguz welaýaty. 7-nji aprelde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň üçünji güni Daşoguz welaýatynda dürli görnüşli sport, medeni we köpçülikleýin çärelere beslendi. Daşoguz şäheriniň we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň sport desgalary şol çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Daşoguzdaky 25-nji orta mekdebiň sport zalynda mekdep okuwçylarynyň arasynda woleýbol, küşt we şaşka oýunlary boýunça birinjilige badalga berildi. Welaýatyň 10 müň orunlyk sport toplumynyň göreş zalynda grek-rim göreşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Oňa 2000-2001-nji ýyllarda doglan ýaş türgenler gatnaşdylar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň maslahatlar zalynda “Jan Watanym Türkmenistan -- bagtyýarlygyň, sagdynlygyň ýurdy” atly okuw – usulyýet maslahaty geçirildi. Oňa welaýatyň belli türgenleri, sport weteranlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar bu ýerde sport ulgamy bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylan serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň stadionynda aýdym-sazly sport baýramçylygy geçirildi. Onda mähriban Watanymyzyň berkararlygyny we bagtyýarlygyny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Türgenler we bedenterbiýeçiler görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Welaýatyň edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň sport toparlarynyň arasynda woleýbol we kiçi futbol boýunça bäsleşikleri guraldy. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, Daşoguz welaýatynyň hukuk goraýjy edaralarynyň, “Daşoguzgazakdyryş” gaz kärhanasynyň, sebitiň energetikleriniň sport toparlarynyň arasynda guralan bäsleşikler has-da täsirli boldy.

* * *

Lebap welaýaty. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi Amyderýanyň jülgesinde giň möçberli sport-sagaldyş çärelerine utgaşyp gitdi. Sebitiň zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde her günde 15 minutlyk önümçilik maşklary guralýar we dürli sport bäsleşikleri geçirilýär. Şu gün Türkmenabadyň 2-nji sport mekdebinde umumybilim berýän mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda woleýbol ýaryşyna badalga berildi. Baýrakly orunlar ugrunda ýiti bäsleşigiň emele gelmegi welaýatyň ähli şäherleriniň we etraplarynyň mekdepleriniň toparlarynyň ýeňiş gazanmaga bolan höweslerini, gyzyklanmalaryny alamatlandyrdy.

Baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiliginiň çäklerinde geçirilen ýaryşlar has-da ýiti boldy. Ol ýöriteşleşdirilen suw sporty mekdebiniň binýadynda geçirildi we bu ýaryşlara sebitiň onlarça güýçli türgenleri gatnaşdylar.

Şu gün Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň we hünärment mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda spartakiada badalga berildi. Ony welaýat sport komiteti bilen Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň welaýat müdirligi bilelikde gurady. Bäsleşigiň maksatnamasyna sportuň söýgüli görnüşleri bolan woleýbol, kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we beýleki görnüşleri girizildi.

Lebap welaýatynyň kubogy ugrunda 16 toparyň gatnaşmagynda guralýan futbol bäsleşikleri hem örän gyzykly we çekeleşikli geçýär. Oýunlar olimpiýa ulgamy boýunça utulan oýundan çykmak şerti bilen şäheriň üç stadionynda guralýar. Bäsleşigiň final oýunlary 5-nji aprelde Lebap welaýatynyň 10 müň orunlyk baş stadionynda geçiriler. Sport synçylarynyň aýtmagyna görä, bäsleşikler örän çpekeleşikli bolan we oňa köp sanly tomaşaçylar ýygnanar.

* * *

“Sagdyn durmuş ýörelgesi ynsanyň bezegidir, çünki saglyk milletiň baş baýlygy bolup durýar”.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň adamy bezeýändigi hem-de saglygyň bahasyna ýetip bolmajak baýlyk bolup durýandygy baradaky ganatly sözleri döwlet Baştutanynyň milletiň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, beden taýdan taplanan we ruhy taýdan kämil ýaş nesliň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirip ýöredýän syýasatynyň çuňňur many-mazmunyny äşgär edýär.

Çäräniň üçünji güni Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň biziň ýurdumyzda uly üstünliklere besleýnändigini tassyk etdi.