Ï Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi

view-icon 1637
Sagdyn bedende – sagdyn ruh

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanylan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi dowam edýär. Onuň dördünji gününiň häsiýetli aýratynlygy sport ýaryşlarynyň köpçülikleýin häsiýetde bolmagydyr. Şol ýaryşlary milletiň Lideriniň sagdynlyk çäresini ählihalk dabarasy hökmünde geçirmek baradaky çagyryşyny işjeň goldan ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary guraýarlar.

* * *

Aşgabat. Şu gün “Köpetdag” sport toplumynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň XIII milli sport oýunlarynyň Aşgabatdaky tapgyrynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu oýunlar toplumlaýyn ýaryşlardyr, göreş, düzzüm we ýaglyga towusmak boýunça ýaryşlar onuň maksatnamasyna goşuldy. Bu ýaryşlar ilatyň giň toparyny bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek hem-de döwlet Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda dikeldilen sportuň milli görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy.


Ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklary köpçülikleýin jemgyýetçilik guramasy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türkmenistanlylary, aýratyn hem ýaşlary beden taýdan taplamak taglymlaryny işjeň durmuşa geçirýärler. Olaryň şu günki guran çäresi hem sportuň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Oňa pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň 14-sinden toparlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Oýunlar açyk diýip yglan edilýär. Aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyk ýagdaýyna aýratyn öwüşgin goşýar, şol çykyşlar bilen paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň topary hem-de Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň folklor-etnografiki studiýasynyň “Serdara serpaý” döredijilik topary çykyş etdiler.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli sport oýunlarynyň zähmetkeşler toparlarynda bolup geçen öňki tapgyryna sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň müňlerçesi gatnaşdy. Ine, indi olaryň iň oňatlaryna ikinji seçip alyş tapgyrynda öz ussatlyklaryny görkezmäge mümkinçilik boldy. Aşgabatda şu gün geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça bilim we ylym işgärleriniň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň topary ýeňiji boldy. Obasenagat toplumynyň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň topary 2-nji, döwlet edaralarynyň işgärleriniň pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň topary 3-nji orna mynasyp boldy.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň milli sport oýunlarynyň 2-nji seçip alyş tapgyrynyň ýaryşlary Ahalda, Daşoguzda we Maryda hem geçirildi. 6-njy aprelde welaýat seçip alyş tapgyry Balkanda, 7-8-nji aprelde bolsa Lebapda bolar.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli sport oýunlarynyň maksatnamasynda jemleýji ýaryşlar 12-nji maýdan 14-nji maý aralygynda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Daşoguzda geçiriler.


Günüň ikinji ýarymynda “Köpetdag” sport toplumynda “Biz berkarar döwletiň sagdyn nesli” atly köpçülikleýin sagaldyş çäresi geçirildi. Ony Sport we syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, Aşgabat şäheriniň häkimligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi guradylar. Çäräniň maksatnamasyna sportyň bäş görnüşi – kiçi futbol, gysga aralyklara ylgamak, sport daşlary bilen edilýän maşklar, ýüp çekmek we ýaglyga towusmak boýunça ýaryşlar girizildi. Olara Aşgabat şäheriniň ähli etraplaryndan kärhanalaryň we guramalaryň ýaş işgärleri gatnaşdylar.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde paýtagtymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda hem şu gün sportuň dürli görnüşleri boýunça sport mekdepleriniň okuwçylarynyň görkezme çykyşlary guraldy. “Olimpiýa” stadionynda bolsa 4 görnüşli ýeňil atletika ýaryşlary badalga aldy. Ol ýeňil atletika boýunça sport mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýaş toparlarynyň ikisi – 13 we 15 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçirilýär. Şu gün ýaş türgenler 60 metr aralyga ylgamakda we uzynlygyna bökmekde güýç synanyşdylar. Ertir 500 metr aralyga (kiçi ýaşdakylar üçin) we 800 metr aralyga (uly ýaşdakylar üçin) ylgamak we uzak aralyga top zyňmak boýunça ýaryşlar geçiriler.

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşda ýurdumyzyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” topary ilkinji finala çykan topar boldy, bu ýaryş “Olimpiýa” Milli sport köşgüniň buzly meýdançasynda geçirilýär. Bu janköýerlerde uly gyzyklanma döreden şu gün bolan ikinji tapgyryň oýunlaryndan soň mälim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hokkeý boýunça milli ýaryş ilkinji gezek geçirilýär. Ýakynda türkmenistanlylar üçin “geň bolan” sportuň bu görnüşiniň häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň ýaş türgenleriniň giň toparyny gurşap alýandygy örän guwançlydyr. Olaryň käbiriniň daşary ýurtlarda Naberežnyý Çelnydaky hokkeý akademiýasynyň rus toparlarynda, Priwolžäniň talyp toparynda we başgalarda oýnamagyň eýýäm iş tejribesi bardyr.

Şu gün ilkinji bolup Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” topary we “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguz han” topary meýdança çykdy, olar ýaryşyň başynda eýýäm ýeňiş gazandylar. Şeýlelikde, şol bäsleşigiň jemi ilkinji finala çykan topary ýüze çykardy. “Bürgüt” topary finala çykdy, ol hokkeý topunyň dördüsini derwezä salyp, öz bäsdeşlerini ynam bilen ýeňdi we 6 utuk bilen ýaryşyň öňbaşçysy boldy.

Ýeňiji toparyň hüjümçisi Çöli Dagdanow ýaryşda has tapawutlandy. Onuň okgunly hereketleri bäsdeşleriň ähli goragyny böwüsmegi başardy, derwezä takyk urgulary bolsa “Oguz han” toparynyň derwezeçisini hemişe dartgynly ýagdaýda goýdy. Iki gezek bolsa derwezeçi “Bürgüt” toparynyň okgunly urgularynyň garşysyna hötde gelip bilmedi.

Ç.Dagdanow “Olimpiýa” Milli sport köşgünde ol 2006-njy ýylda açylan bäri sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türkmen hokkeýçilerini biridir. Soňky wagtlarda ol häzirki wagtda okaýan ýeri bolan Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň toparynda çykyş etmek bilen Russiýanyň talyp hokkeý ligasynda kämilleşýär. Örän tejribeli türgenler bilen yzygiderli çykyş etmegi häzirki wagtda Çölüniň biziň ýurdumyzyň iň oňat hokkeýçilerini biri bolmagyna getirdi.

Söwda we dokma senagaty ulgamynyň “Şir” topary bilen Ulag hem-de aragatnaşyk ulgamynyň “Alp Arslan” toparynyň arasyndaky ikinji oýun öňki ýaryşlara garanyňda iň oňat oýunlaryň hataryna girdi. Şunda güýçleri boýunça deň sport toparlary duşuşdylar, olaryň hormatly baýrak ugrunda mundan beýläk-de bäsleşmekleri üçin diňe ýeňiş gazanmak zerurdy. Şonuň üçin hem duşuşygyň ilkinji sekuntlaryndan başlap oýnuň depgini has ýokary boldy.

“Şir” toparynyň hokkeýçileri hasaby açdylar, ýöne birnäçe wagtdan soň “Alp Arslan” topary deňeçerligi gazandy, şol ýagdaý birinji tapgyryň ahyryna çenli saklandy. Arakesmeden soň “Şir” toparynyň türgenleri öz toparynyň oýnuny birneme üýtgetdiler, munuň özi utuk gazanmaly pursatlaryň köp bolmagyna getirdi. Ikinji döwrüň 5-nji minudynda “Şir” topary öňe saýlandy, 15-nji we 17-nji minutlarynda bolsa 4:1 hasaby bilen hokkeý toplarynyň üçüsini tora salyp, öz artykmaçlyklaryny artdyrdylar.

Bir göräýmäge ýeňiş eýýäm üpjün edilen ýaly bolup göründi, ýöne utulýan topar hem asgyn gelmedi. Aýgytly 20 minutlyk oýnuň ortasynda 2:6 hasaby bilen utulýan “Alp Arslan” topary dolulygyna oýna erk etmegi başardy. “Şir” toparynyň artykmaçlygynyň iň az derejä çenli ýetmegi üçin bary-ýogy 4 minut gerek boldy. Oýnuň tamamlanmagyna 1 minut galanda “Alp Arslan” toparynyň hokkeýçileri 6:5 hasaby bilen utuş gazanmaga anyk mümkinçilik aldylar: rugsat berilmeýän usuly ulanandygy üçin bäsdeş topar azlykda galdy. Şonda utulýan toparyň tälimçileri derwezeçini oýunçy bilen çalyşmagy ýüregine düwýär. Emma, hokkeý topy derwezä urlanda “Şir” toparynyň ýaş hokkeýçileri erjellik görkezdiler. Olaryň biri takyk urgy bilen “Alp Arslan” toparynyň boş derwezesine hokkeý topuny urdy, hasap 7:5 boldy.

Bu ýeňil bolmadyk we ajaýyp ýeňiş “Şir” toparyna finala çykmaga mümkinçiligi üpjün etdi. Iň soňky sekunda çenli erjellik bilen oýnan “Alp Arslan” topary bolsa 3-nji orun ugrunda bäsleşer.

Hokkeý boýunça ýaryşyň üçünji tapgyry jemleýji ýaryşa çykan toparlary we 3-nji orna dalaşgär toparlary kesgitlär, şol ýaryş 6-njy aprelde geçiriler.

Merkezi küşt klubynda ýokary ligada erkekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär, oňa ýurduň güýçli türgenleriniň 14-si gatnaşýar. Şu günki bäsleşikler altyn medal ugrunda esasy dalaşgärleriň toparyna käbir üýtgetmeleri girizdi. Mysal üçin, alty tapgyryň jemleri boýunça bu ýaryşyň ýeke-täk öňbaşçysy bolan halkara grossmeýsteri Hanjar Ödäýew ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Bu ýedinji tapgyrda bolup geçdi, şonda tejribeli küştçi FIDE-niň ussady M.Çommyýewden utuldy.

H.Ödäýewiň ýakyn bäsdeşi FIDE-niň ussady Maksat Atabaýew öz ýaryşyny deňlik bilen tamamlady. Munuň özi oňa 4,5 utuk bilen öňbaşçynyň yzyndan ýetmäge mümkinçilik berdi. Çempionatda ýeňşe esasy dalaşgärleriň biri bolan FIDE-niň ussady Ýusup Atabaýewiň 1 utugy azdyr, onuň öz bäsdeşlerinden tapawutlylykda ätiýaçdaky bir oýny bar we öňbaşçylaryň toparynda bolmaga mümkinçiligi saklap galýar.

6-njy aprelde ýurdumyzyň iň oňat küştçüleri 8-nji tapgyrda öz aralarynda duşuşarlar.

Tigir sporty boýunça dowam edýän Türkmenistanyň çempionatynda şu gün 25 kilometr aralyga şahsy ýaryşda güýçlüler kesgitlendi. 41 minut 25 sekunt wagt bilen Röwşen Amangeldiýew ýeňiji boldy. ikinji we üçünji orunlary 41 minut 26 sekunt wagt bilen birmeňzeş netije gazanan Sapar Serdarow we Wýaçeslaw Kutuzow paýlaşdylar.

Şu gün ýurdumyzda dowam edýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde türkmen paýtagtynda ugurly gaýa dyrmaşmak boýunça “Agama” alpklubynyň açyk şahsy birinjilik ugrundaky ýaryşy badalga aldy. “Dag belentliklerini boýun egdirijileriň” ýaryşynyň birinji tapgyry alpklubyň emeli gaýdromynyň binýadynda boldy. Emeli gaýadrom türkmen daga dyrmaşyjylaryň hemişelik türgenleşýän ýeri bolup hyzmat edýär, olar bu ýerde gymmatly endikleri ele alýarlar. Gaýadrom soňra şol endikleri dik gaýalara dyrmaşmak bilen tebigy dag eňňitlerinde berkidýärler. Olar türgenleriň ussatlyk derejesine baha bermek, janköýerler we emin agzalaryny üçin göwnejaý şertleri döretmek arkaly ýaryşlary geçirmek bilen has göwnejaýdyr.

Gaýadrom şunuň ýaly gurlandyr, bu ýerde gaýalara dyrmaşmaga ýaňy başlaýanlar üçin hem, ussatlar üçin gyzykly bolan dürli çylşyrymlylykdaky ugurlary geçmek mümkindir. Ýaryşlar 14 ýaşly ýaş türgenlerden başlap, birnäçe ýaş toparlary boýunça geçdi. Özüne-de eger ýaş türgenler sportuň bouldering ýaly görnüşinde bäsleşen bolsalar, tejribeli türgenler degişli ätiýaçlyk bilen gaýadromyň dik diwarlaryna dyrmaşyp, her bir hereketini, her bir ädimini hasaplamak bilen tizligi hem-de ussatlygy görkezdiler, sportuň bouldering görnüşinde kiçeňräk hem-de howpsuz belentlikde gaýa dyrmaşmagy ulanmak zerurdyr.

Sport ugrunda gaýa dyrmaşmak boýunça birinjiligiň ikinji tapgyry 8-nji aprelde Arçabil jülgesiniň dag eňňitlerinde tamamlanar. Şonda ýaryşyň ýeňijileri kesgitlener. Bu ýerde daga dyrmaşyjylar zerur zatlar bilen üpjün edilen tebigy gaýadromda bäsleşerler, şol ýerde dürli çylşyrymlylykdaky ugurlar döredildi.

Daga dyrmaşmak Türkmenistanda sportuň depginli ösýän görnüşleriniň biridir, “Agama” alpklubynyň agzalary biziň ýurdumyzyň belent daglaryna yzygiderli çykýarlar, şu maksat bilen daşary ýurtlara hem gidýärler. Bu çäre sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, ýurdumyzda dag syýahatçylygyny ösdürmäge ýardam edýär. Şol çäreler aýdyň watançylyk häsiýetine eýedir. Garaşsyz Türkmenistanyň baýdagy biziň ýurdumyzyň we onuň çäklerinden daşyndaky belent nokatlarda ýokary göterilýär. Şeýle çäreleriň iň soňkusy Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanda iň beýik bolan Köýtendagdaky Aýrybaba dagyna çykmak boldy.

“Agama” klubynyň daga dyrmaşyjylary gaýa dyrmaşmak, gaýa festiwallary, köpçülikleýin daga çykmak boýunça ýaryşlary yzygiderli guraýarlar. Şol ýaryşlara okuwçy ýaşlar, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri işjeň çekilýär, şonluk bilen sagdyn durmuş ýörelgesine eýerijileriň sany artýar.

* * *

Balkan welaýaty. Şu gün Türkmenbaşy şäheriniň deňiz bulwarynda Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde milli köpgörnüşli ýaryş boldy. Saglygyny berkidýän, ruhubelentligini ýokarlandyrýan we göwnühoş türkmenlerde sportuň däp bolan görnüşlerine eýerijIleriň köpçülikleýin ýaryşy deňiz ýakasyndaky kärdeşler arkalaşyklary birleşigi bilen bilelikde sport komiteti tarapyndan geçirildi. Göreş, ýüp çekmek, agyrlyklary götermek, ýaglyga towusmak, düzzüm boýunça ilat arasynda meşhur bolan ýaryşlaryna türgenler hem zähmetkeşler toparlary hem gatnaşdylar. Sport baýramçylygy tamamlanandan soň, ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere ýaryşy guraýjylardan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

* * *

Daşoguz welaýaty. Şu gün Daşoguz welaýatynda baýramçylyk, ruhubelentlik we agzybirlik ýagdaýynda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde hem-de Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna geçirilýän dürli sport, medeni we jemgyýetçilik çäreleri depgin alýar. Onuň ugry demirgazyk welaýatyň ähli şäherleri we etraplary boýunça geçýär.

Şu gün welaýat merkeziniň we Görogly etrabynyň sport desgalary ýaryşlaryň esasy geçirilýän ýerleri boldy. Ir bilen Daşoguz şäherinde 10 kilometr aralyga tigir sürmek boýunça ýaryşa badalga berildi. Oňa welaýatyň tigir sürüjileri gatnaşdylar. Bu ýaryşda welaýat merkeziniň tigir sürüjileri ýeňiş gazandylar. Olar iň oňat netijeleri görkezdiler. Soňra sport çäreleriniň maksatnamasyny erkin göreş boýunça welaýatda birinjiligi almak ugrunda bäsleşýän 1997-1998-nji ýyllarda doglan ýaş türgenler dowam etdirdiler. Garaşylyşy ýaly, bu ýaryşda Görogly we S.Türkmenbaşy adyndaky etraplaryň wekilleri ýeňiş gazanýarlar. Göreş, ýaglyga towusmak we düzzüm boýunça bäsleşen zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri öz ussatlyklary bilen tapawutlanýarlar. Daşoguz welaýatynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşigi tarapyndan geçirilýän ýaryş ählumumy baýramçylyk ýagdaýyna aýdyň milli öwüşgin çaýdy. Bu ýaryşlar iki günläp dowam eder.

Görogly etrabynda on müň tomaşaçy üçin niýetlenilen täze sport desgasynda geçirilen medeni–sport baýramçylygynda ýerine ýetirilen aýdym – tans kompozisiýasy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne buýsanç duýgusyna ýugruldy, şonda ýaş we meşhur türgenler görkezme çykyşlarynda öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny görkezdiler. Öň şular ýaly baýramçylyklar welaýatyň Gubadag, Akdepe we beýleki käbir etraplarynyň täze stadionlarynda hem geçirildi.

Demirgazyk welaýatyň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň toparlarynyň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryşlar öňküleri ýaly dartgynly göreşde, sport ussatlygynyň yzygiderli artmagyna şaýatlyk etmek bilen geçirilýär. “Daşoguzgazakdyryş” gaz – ulag müdirliginiň, “Daşoguztelekom” welaýat kärhanasynyň, welaýatyň energetikleriniň we Daşoguz welaýatynyň nebit kärhanasynyň işgärleriniň toparynyň we beýlekileriň gatnaşmagy bilen geçirilen ýaryşlar aýratyn özüne çekiji boldy.

* * *

Lebap welaýaty. Şu günler geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi türkmen jemgyýetinde ýaş nesle terbiýe we bilim bermegiň, jemgyýetimizde ahlak hem-de beden saglygyny baýlaşdyrmagyň özboluşly serişdesi hökmünde bedenterbiýäniň we sportuň möhümdigine hem-de ähmiýetli ornuna düşünmegiň barha berkeýändigini ýene-de bir ýola görkezdi. Şü günler bütin ýurdumyzda bolşy ýaly, Amyderýa jülgesinde dürli sport-sagaldyş çäreleri köp müňlerçe türgenleriň, tälimçileriň we janköýerleriň gatnaşmagy bilen köpçülikleýin häsiýete boldy.

Şu hepdäniň başyndan başlap, gündogar welaýatda ýaryşlaryň köp görnüşleri boýunça önümçilik kärhanalarynyň, guramalaryň, edaralaryň işgärleriniň arasynda spartakiadalar, welaýatyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň estafeta görnüşleri boýunça ýaryşlar, “Sagdyn maşgala-berkarar döwlet” diýen şygar bilen sport ýaryşlary, welaýatyň sport we bilim edaralarynyň toparlarynyň arasynda kiçi futbol boýunça birinjilik ugrundaky ýaryşlar geçirildi.

Düýn baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça Türkmenabat şäherinde birinjilik ugrundaky ýaryş tamamlandy. Sportuň suw görnüşleriniň ýöriteleşdirilen mekdebiniň binýadynda geçirilen ýaryşa oňa türgenleriň 50-den gowragy gatnaşdy. Erkekler we zenanlar 200 hem-de 500 metra aralyklarda bäsleşdiler. Erkekleriň arasynda 200 metr aralykda A.Hemraýew, 500 metr aralykda E.Gabrilýan şäheriň çempionlary boldular. Zenanlaryň arasynda bu aralyklarda degişlilikde S.Maklowsewa we Ý.Kuwanç ýeňiş gazandylar.

Şu gün Lebabyň dolandyryş merkeziniň futbol meýdançalarynda welaýatyň göçme kubogy ugrunda futbol toparlarynyň jemleýji ýaryşlary boldy. Türkmenabat şäheriniň we Serdarabat etrabynyň toparlary janköýerleriň öňünde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Üçünji baýrakly oýun ugrunda bolsa Seýdi şäheriniň we Birata etrabynyň futbolçulary bäsleşdiler.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäreleriniň çäklerinde şu gün Amyderýanyň boýundaky şäheriň 1-nji sport mekdebinde küşt, şaşka, düzzüm boýunça welaýatyň bilim ulgamynyň işgärleriniň arasynda ýaryşlar başlandy. Şol ýaryşlar iki günläp dowam eder. Şu günler gündogar welaýatyň beýleki şäherleriniň we etraplarynyň sport desgalarynda hem sportuň milli görnüşleri, ýeňil atletika, futbol, woleýbol hem-de sportuň beýleki görnüşleri boýunça köpsanly ýaryşlar geçirilýär.

* * *

Mary welaýaty. Şu günler Mary welaýatynyň şäher we etrap merkezleriniň ählisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde köpçülikleýin sport ýaryşlary dowam edýär.

Şu gün welaýatyň 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenilen esasy stadiony aýratyn köp adamly boldy. Bu ýerde sportuň ýeňil atletika, göreş, woleýbol, futbol we beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Şol ýaryşlara Mary şäherinden we Mary welaýatynyň etraplaryndan türgenleriň müňden gowragy gatnaşdylar, olaryň arasynda abraýly ýaryşlaryň sport baýraklaryna eýe bolanlar hem bar.

Şu gün Mary welaýatynyň ähli etrap merkezlerinde we sport desgalarynda kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynyň gatnaşmagy bilen guralan sport çäreleri geçirildi. Iň oňat türgenler ýadygärlik kuboklary we hormat hatlary bilen sylaglandy.

Şeýlelikde, Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň 4-nji güni tamamlandy. Emma bize öňde gyzykly ýaryşlar, özüne çekiji sport bäsleşikleri garaşýar.