Şu gün Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde bolan maslahatda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary üstünlikler gazanylýan sporty mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli sport merkezleriniň, sport mekdepleriniň ýolbaşçylary, esasy türgenler, tälimçiler, sport weteranlary, ýurdumyzyň giň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri dünýä derejesindäki türgenleri taýýarlamagy ünjün etmek hem-de bedenterbiýe-köpçülik we olimpiýa hereketine ýene-de uly gerim germek boýunça Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin hereketleriň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Milletiň Lideriniň atalyk aladasy netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmek Türkmenistanda milletiň saglygyny pugtalandyrmaga, beden taýdan taplanan we ruhy taýdan baý ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, çykyş edenler bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda guralan hem-de geçirilen ählihalk çäresi bolan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi we hakykatdan hem umumymilli häsiýete eýe bolan “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uly möçberli spartakiada muňa şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň umumy döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky möhüm görkezmeler bu ýerde ýygnananlarda gyzgyn seslenme döretdi.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň köpçülikleýin häsiýetini giňeltmek, türkmen türgenleriniň dünýädäki gazanýan üstünliklerini artdyrmak boýunça öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli güýçlerini sarp etjekdiklerine milletiň Liderini ynandyrdylar.