Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli nobatdaky iş maslahatyny geçirdi, oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalarynyň käbiri, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy. Maslahatyň barşynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady ösüşiniň ýurdumyzda ýaýbaňlanan giň möçberli maksatnamalarynyň esasy ugurlary we wezipeleri, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa mähriban ülkämize ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyryş işlerini giň gerimde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen milli parlamentiň deputatlarynyň 14-nji aprelde tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek baradaky teklipleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz aýdylan teklibi makullap, ählihalk ýowarynyň biziň ene topragymyza bolan söýgümiziň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş etdi, ol döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylyp 2-8-nji aprelde geçirilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde taýýarlanylan uly maksatnamanyň çäklerinde bütin ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça köp sanly medeni-köpçülik hem-de sport çäreleri, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Türkmenistanlylar tutuş hepdäni bedenterbiýe hem-de sport bilen işjeň dostlukda geçirmek barada milletiň Lideriniň çagyryşyna seslenip, bu ählihalk sport çäresine agzybir maşgala bolup gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde-de bu ugurda yzygiderli çäreleri görmek bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmek meselelerine çynlakaý üns berjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz gözelligiň we durmuşyň sazlaşyklylygynyň, ýokary umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanmasy bolan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň jemlerine kanagatlanma bildirip, biziň ata-babalarymyz tarapyndan wesýet edilen we nesilden-nesle geçirilip gelinýän paýhasly durmuş ýörelgeleriniň we türkmen halkynyň hoşniýetli däpleriniň biziň ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilen bu ählihalk sport çäresiniň ähmiýetini artdyrýandygyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini mundan beýläk-de giňden we yzygilderli wagyz etmegiň, ildeşlerimizi bedenterbiýe bilen işjeň hem-de gündelik meşgullanmaga çekmegiň zerurdygyny ýene-de nygtady. Ol türkmenistanlylaryň her biriniň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gündelik durmuşynyň esasy kadasy bolmalydyr.
Döwlet Baştutany soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýewi çagyrdy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, demir ýol ulagy üçin täze teplowozlaryň gelip gowşandygy, şeýle hem milletiň Lideri tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ulag-argatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip nygtady. Häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol düzüminiň ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly üns berilýär diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi hem-de döwrüň talabyna laýyklykda pudagyň işini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu mesele boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi çagyrdy. Wise-premýer milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler we şu ýylyň dekabr aýynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi. Şonda bellenilşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji iýunynda gol çeken kararyna laýyklykda häzirki wagtda jogapkär düzümler tarapyndan degişli çäräni guramak bilen bagly işler amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz uçdantutma ilat ýazuwynyň ähmiýetini nygtap, onuň netijeleri boýunça alnan statistiki maglumatlar, hususan-da, ilatyň demografik düzümi, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky maglumatlar milli özgertmeler maksatnamalaryny işläp düzmek we üstünlikli amala aşyrmak üçin esas bolup hyzmat eder diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräni degişli derejede guramak üçin zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.
“Ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” amala aşyrmak bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamada kesgitlenen birinji derejeli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, yzygiderli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi, ol gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilýän iri desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada durup geçip, senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň durkuny täzelemek we gurmak hakynda ozal kabul edilen kararlara laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulýan binalary hem-de desgalary öz wagtynda işe girizmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Iş maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoşekilli aragatnaşyga çagyrdy. Ol paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde gurulýan desgalar, şeýle hem şäher ilaty üçin dynç almagyň hem-de çagalaryň öz wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 14-nji aprelinde ählihalk ýowaryny geçirmek baradaky teklibini biragyzdan goldaýandyklaryny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gözel paýtagtymyzyň binagärlik, şähergurluşyk keşbini kemala getirmek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi we häkime paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz şäheriň abadançylygyna, bar bolan desgalaryň degişli derejede saklanmagyna, köçeleriň arassalygyna, olaryň yşyklandyrylyşyna aýratyn üns bermegiň gerekdigini aýtdy. Soňky ýyllarda mese-mälim özgeren Aşgabat diňe dünýäniň gözel şäherleriniň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher bolmalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy we gurluşyk işlerini öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi.
Soňra göni wideoşekilli aragatnaşyga Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri B.Annabaýramow çagyryldy. Ol milli Liderimiziň ýurdumyzyň ilatly ýerlerini bagy-bossanlyga büremek we abadanlaşdyrmak boýunça başyny başlan iri möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat bermek bilen, täze tokaý we seýilgäh zolaklaryny döretmek, şeýle hem ýöriteleşdirilen tokaý hojalyklarynda we nahalhanalarda saýaly we pürli agaçlaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly meseleleri jikme-jik beýan etdi. Döwlet Baştutanymyza şeýle hem daşky gurşawy goramagyň talaplaryny berjaý etmek boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri we meýilleşdirilýän işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar babatda ekologiýa degişli bolan meseleleriň ileri tutulmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, nahal ekmek işleri geçirilende häzirki zaman bag-seýilgäh bezeginiň talaplaryna gabat gelýän agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň, şol sanda daşary ýurtlardan getirilen baglaryň dürli görnüşlerini peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde welaýatlarda we Aşgabat şäheriniň töwereginde oturdylan agaç nahallaryna degişli derejede ideg etmegiň hem-de bu işleriň ýerine ýetrilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ýene bir gezek ünsi çekdi.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda Türkmenistan beýleki ýurtlar üçin görelde bolmalydyr diýip,hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ähli pudaklaryň kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda, aýratyn-da gurulýan iri önümçilik desgalarynda ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Tebigaty goramak babatda ylmy işleri hem artdyrmak gerek diýip, milli Liderimiz bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatynda “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarow atçynaslyk we atçylyk sporty babatda tejribäni öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça geçen hepdede Fransiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, saparyň maksatnamasy Fransiýanyň iri aýlawlarynyň biri bilen, şeýle hem weterinariýa gullugynyň işiniň guralyşy bilen tanyşmagy özünde jemledi. Şunda fransuz hyzmatdaşlarynyň bütin dünýäde meşhur ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlaryň dowamynda şöhrat gazanan türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň, onuň özboluşly däplerini gorap saklamagyň we şunuň bilen bilelikde, atçylyk sportuny höweslendirmegiň, degişli häzirki zaman düzümlerini kemala getirmegiň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygyny nygtap, biziň ýurdumyzyň bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin hemişe açykdygyny belledi.
Gözelligi, gelşikliligi we ýyndamlygy bilen deňsiz-taýsyz bolan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we onuň baý medeni mirasynda aýratyn orny eýeleýär hem-de şunda umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly baýlygy hökmünde ykrar edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milletiň Lideri bu barada söz açyp, “behişdi bedewleri” bütin dünýäde giňden wagyz etmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işi dowam etdirmegiň, ýurdumyzyň atçylyk sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmagyň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen atlary” döwlet birleşigininiň ýolbaşçysyna uly ählihalk dabarasy hökmünde aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde däp boýunça biziň ýurdumyzda bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygyna we şoňa bagyşlanylan ähli çärelere taýýarlyk görmegiň hem-de olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreleriň hatarynda “Türkmen bedewi we dünýä atçylyk sungaty” atly IV halkara maslahaty, ahalteke atçylygynyň halkara assosiasiýasynyň II halkara maslahaty we ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi hem-de başgalar bar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Olar özlerine ynanylan welaýatlarda işleriň ýagdaýy, obasenagat pudagynda işleriň ýerine ýetirilişi, şol sanda gowaça ekişiniň barşy, şeýle hem ýerlerde durmuş-ykdysady we beýleki maksatly desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler. Welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary türkmenistanlylaryň tutuş halkara bileleşigi bilen bilelikde 7-nji aprelde giňden belläp geçen Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler hem-de bu baýramçylyga gabat gelen, milli Liderimiziň başyny başlan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginde geçirilen çäreler hakynda jikme-jik hasabat berdiler.
Häkimler welaýatlarda “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezlerini gurmak hakyndaky çözgüdi üçin Türkmenistanyň Prezidentine welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdiler, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň şu ýylyň 14-nji aprelinde ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky teklibini tutuşlygyna goldaýandyklaryny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk meseleleriniň, ilkinji nobatda gowaça ekişiniň barşyna aýratyn ünsi çekdi. Ekişiň depginleriniň geçen ýylyň degişli döwründen yza galýandygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň ýolbaşçylaryndan ekişi guramaçylykly geçirmegi talap edip, ony gysga möhletlerde degişli derejesine ýetirmek üçin gyssagly çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň ýaşaýyş-durmuş we ykdysady ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen, ýurdumyzda amala aşyrylýan Milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynda bar bolan kemçiliklere ünsi çekip, welaýatlaryň ýolbaşçylaryna bu işleriň depginlerini artdyrmak maksady bilen anyk çäreleri görmegi we bu meseläni hemişelik gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň möhüm desgalary bolup durýan elewatorlaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezme berdi.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň abatlaýyş işleriniň depginlerini çaltlandyrmagyň, şol merkezlerde işlemek üçin işgärleri taýýarlamagyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän tomus dynç alyş günlerinde türkmenistanlylaryň öz wagtyny oňaýly we peýdaly geçirmegi üçin dynç alyş zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça işleri öz wagtynda tamamlamagyň hem-de munuň üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň başlygy, Mary şäheriniň bolsa bu döwürde GDA-nyň medeni paýtagty bolup durýandygyny belläp, bu şanly waka gabatlanan ähli çäreleri ýokary derejede guramagy we geçirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, ýagny gowaça we beýleki ekinleriň ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Oba hojalyk tehnikasynyň ýene-de bir uly toparynyň, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary esasynda satyn alnan “Belarus” kysymly sürüm traktorlarynyň 400-e golaýynyň ýurdumyza gelip gowşandygy hakynda hem habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin meýdan işlerini göwnejaý möhletlerde hem-de ähli zerur agrotehniki çäreleri berjaý etmek bilen tamamlamak üçin ähli möhüm guramaçylyk şertlerini üpjün etmegi talap etdi. Milli Liderimiz ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygy hakynda söz açyp, daşky gurşawy goramak ýaly döwlet syýasatynyň möhüm ugruna ünsi çekdi. Bellenip geçilişi ýaly, öňdebaryjy serişdeleri aýaýan we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary pudaga giňden ornaşdyrmak, şeýle hem oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, suwdan rejeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy bu ugurda wajyp wezipeleri çözmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda bar bolan tehnika toplumyny döwrebaplaşdyrmak meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwletimiziň geljekde hem oba hojalyk toplumy üçin häzirki zaman, ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen tehnikalary satyn aljakdygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz mehanizatorlaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan traktorlaryň netijeli hem-de aýawly ulanylmagyny üpjün etmek üçin ähli çäreleriň görülmegi barada görkezme berdi. Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň umumymilli baýramçylygyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen gyzyklanyp, meýilleşdirilen ähli medeni-köpçülik çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan geçirilmegi teklip edilen ählihalk ýowary ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga we tämizlige öwürmäge ýardam eder diýip belledi. Biz 14-nji aprelde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçiriljek bu giň gerimli çärä bilelikde, agzybirlik bilen gatnaşyp, bu asylly işe öz mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Maslahatda gozgalan ähli meseleler halkymyz hakyndaky alada gönükdirilendir, munuň özi Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň möhüm ugrudyr diýip, milli Liderimiz bellenilen wezipeleriň täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuna laýyk gelýän ýokary derejede ýerine ýetirilmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutany göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.