Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Renessans” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Renessans” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 838
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Renaissance Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy we “Renaissance Construction” kompaniýasynyň prezidenti Hüseýn Awni Akwardary kabul etdi.

Myhmanlar hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda alyp barýan düýpli özgertmeler syýasatynyň ähli halk tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip bellediler.

“Renaissance” kompaniýasynyň ýolbaşçylary kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdiler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan birnäçe täze taslamalary görkezdiler.

Hususan-da, milli Liderimize umumy meýdany 7 gektara golaý bolan üç sany okuw binasyndan, umumy ýaşaýyş jaýyndan we sport toplumyndan, naharhanadan, suw çüwdürimlerinden, awtoduralgadan we tehniki otaglardan ybabart bolan A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binasynyň, Aşgabat şäherinde Döwlet ösüş bankynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly daşlar we gymmat bahaly metallar komitetiniň edara binasynyň, Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän 4 müň orunlyk kongresler zalyny, VIP, metbugat, ýygnak, banket we maslahat otaglaryny hem-de sergi zalyny özünde jemleýän maslahatlar we sergi merkeziniň, Aşgabat—Türkmenbaşy ulag ýolunyň Türkmenbaşy şäherindäki böleginiň köpri görnüşli desgasynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän awtoulag köprüsiniň taslamalary görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary jikme-jik tanyşdy we olara birnäçe düzedişleri we bellikleri girizdi hem-de bu işlerde türkmen tarapynyň bildirýän talaplaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda ýokary hiliň berjaý edilmegi we binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy esasy şertleriň biri bolup durýar.

Myhmanlar bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, özleriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň buýrujy tarapyndan öňe sürülýän talaplary gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge we mundan beýläk-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyran ägirt uly özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe döwletiniň işewür toparlarynyň milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, türkmen halkynyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandyklaryny kanagatlanma bilen belledi. Duşuşykda uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly täze hile eýe bolýandygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhmanlar soňky ýyllarda ýola goýulýan hem-de birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli esaslara daýanýan netijeli gatnaşyklaryň möhüm meselelerini we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Işewürler Türkmenistanda özüniň ähmiýeti we möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigine haýran galýandyklaryny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, döwletiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.