Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 603
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Stats-sekretary – daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.

Ýokary wezipeli myhman wagt tapyp kabul edilendigi we özara söhbetdeşlikde birnäçe esasy ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny ýetirdi we iberen hatyny gowşurdy. Ol milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna iki ýurduň taryhynda şanly sene – diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy hem-de Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberipdir. Hatda bellenilşi ýaly, şu geçen ýyllaryň içinde döwletara gatnaşyklary örän öňe ilerledi we Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýan Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarly syýasaty netijesinde köp zatlary gazanmak başartdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa biziň möhüm, esasy hyzmatdaşymyz bolmagynda galýar diýip belledi. Türkmenistany dostlukly ýurt bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine we milli bähbitlere esaslanýan hoşniýetli goňşuçylygyň köp asyrlyk däpleri hem-de geljegi uly bolan köpugurly hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

Şu ýyllarda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny, onuň iki tarap üçin hem buýsançly ýagdaý bolup durýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, türkmen döwletiniň Baştutany we myhman türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň häzirki derejesini onuň ösüşiniň hil taýdan täze aýlawy hökmünde häsiýetlendirdiler, munuň bolsa iki doganlyk ýurduň halklarynyň bähbitlerine gös-göni gabat gelýändigi barada bir pikire geldiler.

Duşuşykda durmuş-ykdysady ösüşiň umumy wezipelerine we ileri tutulýan ugurlaryna esaslanmak bilen, Türkmenistana we Russiýa Federasiýasyna häzirki güne çenli şertnamalaryň, ylalaşyklaryň we teswirnamalaryň 150-ä golaýyny öz içine alýan döwletara gatnaşyklarynyň giň we ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmegiň başardandygy bellenildi. Däbe öwrülen hyzmatdaşlygy dürli derejelerde giňeltmegiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň baştutanynyň orunbasary taraplaryň iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge berýän ähmiýetini bellediler. Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda gol çekilen 2012-nji ýyl üçin Hyzmatdaşlygyň maksatnamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň amala aşyrylmagy köp derejeli esasda döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge ýardam berer.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda parahatsöýüjilikli daşary syýasata iki tarapyň hem ygrarlylygyny beýan etmek bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň bu gün häzirki zaman ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde netijeli gatnaşyklary saklaýandygy aýratyn nygtaldy. Halkara durmuşynyň esasy ugurlary boýunça özara düşünişmek, ägirt uly syýasy ynam we garaýşylaryň meňzeşligi taraplara ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, bu gün taraplar sebitleýin we iri halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşýarlar.

Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň belleýişi ýaly, möhüm halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýän türkmen Lideriniň oňyn syýasaty sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine we durmuş-ykdysady taýdan ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam edip, ýokary halkara abraýyna we dünýä bileleşiginiň, şol sanda Russiýanyň ykrar etmegine mynasyp boldy. Russiýa Federasiýasy Bitarap Türkmenistany ygtybarly, wagtyň synagyndan geçen möhüm hyzmatdaş hasaplaýar, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde ylalaşdyryjy ýurduň umumy ykrar edilen derejesini nazara almak bilen oňa esasy orun berilýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen Lideriniň ýöredýän, Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň hem özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

G.Karasin pursatdan peýdalanyp, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge şahsy ýardamy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk sözlerini aýtdy. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda emele gelen ynanyşmak gatnaşyklarynyň, dürli derejelerde saparlary yzygiderli alyşmagyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bilen üsti ýetirilýän netijeli syýasy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gös-göni ýardam edendigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Biziň döwletimiziň arasynda soňky ýyllarda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagy we daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji türkmen bazarynda iri rus kompaniýalarynyň üstünlikli işlemegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Olar türkmen Lideriniň başyny başlan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Häzir özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijesinde bilelikdäki kärhanalaryň 180-e golaýy işleýär, rus kompaniýalary, şol sanda “Silowyýe maşiny”, “Itera”, “Wozroždeniýe” we beýlekiler köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalaryň, ýollaryň, kommunikasiýalaryň gurluşygynda hereket edýär.

Goňşy ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, milli Liderimiz we myhman bar bolan ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatlyklarynyň özara gatnaşyklaryň ugurlaryny ep-esli giňeltmäge hem-de geljegi uly bolan täze ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle ynam köp babatda geçen döwrüň dowamynda hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribe bilen berkidilendir. Bu hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasynyň iri we medeni merkezleri, şeýle-de aýry-aýry sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman iki halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygyna daýanýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, senagatda, oba hojalygynda, saglygy goraýyşda we beýleki ugurlarda bilelikdäki üstünlikli işler bilen baýlaşýandygyny kanagatlanmak bilen bellediler.

Medeni-gumanitar ulgamda, hususan-da, bilim, ylym, medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk hem özara gyzyklanmany nazara almak bilen döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegini düzýän ugurlar bolmagynda galýar. Türkmenistan we Russiýa bu wajyp ugurlary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýärler. Türkmenistanlylaryň Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, ýola goýlan akademiki alyşmalar, iki ýurduň alymlarynyň Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna gatnaşmagy, bilelikdäki ylmy barlag işleriniň giňelmegi – bularyň hemmesiniň, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna oňaýly täsirini ýetirýändigi şübhesizdir.

Taraplaryň ykrar edişi ýaly, Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän döredijilik bäsleşikleri, rus kitap sergileri, rus kinosynyň günleri, konsertler we beýleki medeni köpçülikleýin çäreler hem dostlugyň we özara düşünişmegiň özboluşly köprülerine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn günlerde Aşgabat şäheriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günlerinine gatnaşyjylary kabul etjekdigi, şu ýylyň maýynda bolsa türkmen wekiliýetiniň ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň düzüminde Astrahan oblastynda saparda boljakdygy guwançlydyr.

-Biz ýöne bir goňşular däldiris, biz taryhy nukdaýnazardan dostdurys hem-de öz gatnaşyklarymyzy we dostlugymyzy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýäris – diýip, myhman belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Stats-sekretary – daşary işler ministriniň orunbasary hoşlaşanlarynda döwletara hyzmatdaşlygynyň taryhyndaky şanly sene mynasybetli bir-birini ýene bir gezek gutlap, iki doganlyk halkyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de gyşarnyksyz we hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.