Şu günler paýtagtymyzyň Merkezi küşt klubunda geçen ýokary ligada çykyş edýän erkekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty 17 ýaşly FIDE-niň ussady Maksat Atabaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Oýunlara sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň güýçli ussatlary gatnaşdylar hem-de medallar ugrunda öz aralarynda güýç synanyşdylar.
Şular ýaly ýaryşlarda M. Atabaýew eýýäm üçinji gezek ýeňiş gazanýar. Maksat ilkinji altyn medalyny 2009-njy ýylda eýeledi. Şonda M. Atabaýewyň bary-ýogy 14 ýaşy bardy. Soňky ýyl bolsa bu ýaş türkmen küştçüsi öz ýeňşini gaýtalady. Indi bolsa ol üçünji gezek Türkmenistanyň iň güýçli küştçüsi diýen ada eýe boldy.
Ikinji orny FIDE-niň ussady Ýusup Atabaýew eýeledi. Ol ýeňijiden bary-ýogy ýarym oçko yza galdy.
Iki küştçi hem Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň sport mekdebiniň wekilleridir. Olar diňe bir milli ýaryşlarda däl, eýsem, halkara ýaryşlarynda hem ýeňiş gazanýarlar. Muňa olaryň Aziýa we dünýä derejelerindäki uly ýaryşlarda gazanan köpsanly medallary hem şaýatlyk edýär. Mysal üçin, küşt boýunça Özbegistanda geçirilen 6-njy halkara ýaryşynda Maksat kümüş, Ýusup bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Küşt boýunça ýurdumyzyň çempionatynda 3-nji orny halkara grossmeýstery Hanjar Ödäýew eýeledi. Ilki başda hut onuň özi ýaryşyň ýeňijisi bolar diýip hasap edilýärdi. Ýöne Atabaýewler öz oýunlarynda durnuklylygy sakladylar, şol oýunlaryň birinde bolsa Ýusup H. Ödäýewi ýeňmegi başardy. Bu bolsa çempionatyň gutarnykly netijesini kesgitledi.
Bu ýaryş Türkmenistanyň ýygyndy toparyny şu ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Türkiýede geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiýadasyna taýýarlamakda möhüm tapgyr boldy.