Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda öz wezipesini tamamlaýan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany jenap Sergeý Belýaýewi kabul etdi.
Iri halkara guramasynyň wekili wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda işlemegiň we bu ýerde ýurduny ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan dünýä belli paýhasly syýasatçy bolan döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler bilen ýakyndan tanyş bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat we özara gyzyklanmalary nazarda tutup, ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde diplomatyň şahsy goşandyna ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda işlän döwründe diplomat tarapyndan birnäçe möhüm işler ýerine ýetirildi. Bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna parahatçylyk söýüjillik we halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parahatçylygyň diplomatik ýollar arkaly berkarar edilmeginiň tarapdarydyr diýip, milli Liderimiz belledi we biziň ýurdumyzyň abraýly halkara düzümleri we halkara guramalary, şol sanda ÝHHG bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Şeýle hem şu döwürde birnäçe möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki işiň oňyn tejribesiniň toplanandygy bellenildi.
ÝHHG Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyna, ählumumy abadançylygyň hatyrasyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär we olary goldaýar diýip bellemek bilen, jenap S. Belýaýew özüniň wekilçilik edýän halkara guramasynyň Türkmenistan bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge gyzyklandyrma bildirýändigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany soňky ýyllarda täze sazlaşykly ösüşe eýe bolan köp ýyllyk işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylan üstünlikler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Ýangyç-energetika toplumy, durmuş-ykdysady we gumanitar ulgamlar özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem halkara terrorçylygyna we tutuş adamzada çynlakaý wehim salýan serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly derwaýys ugurlarda tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyna taraplaryň taýýardygy tassyk edildi.
Duşuşygyň çäklerinde bellenilişi ýaly, şu döwürde toplanylan oňyn tejribeler geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açýar. Olaryň biri-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen hukuk ulgamynda alnyp barylýan özgertmelere ýardam bermekden ybaratdyr. Häzirki döwürde bu ulgam boýunça ÝHHG-niň işgärleri bilen bilelikde birnäçe täze, möhüm kanuny taslamalar işlenip taýýarlanylýar.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz ÝHHG-niň paýtagtymyzdaky merkeziniň ýolbaşçysy sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek babatda umumy maksatlaryň we wezipeleriň jähetinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Diplomat döwlet Baştutanymyza ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly üns berýändigi we merkeziň işine hemmetaraplaýyn kömek-goldawy üçin ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de bu ýerden Türkmenistan we onuň dostana, myhmansöýer adamlary barada iň gowy, hoşniýetli ýatlamalary alyp gidýändigini nygtady.
Men özüm üçin täze ýurdy örän uly, gyzykly hem-de beýik geljegi bolan ýurdy açdym diýip bellemek bilen, myhman ÝHHG-niň Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýardygyny aýtdy.