Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

view-icon 1042
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň jemleri, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, onda durmuş häsiýetli möhüm resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselä serediljekdigini aýtdy. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde milli ykdysadyýetiň ösüşiniň jemleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, hasabat döwri ýokary makroykdysady görkezijiler we jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bilen häsiýetlenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly maliýe-ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňat netijeler gazanyldy.

2012-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemlerine laýyklykda jemi içerki önümiň ösüş depgini senagatda 112,6 göterime, gurluşykda 113,4 göterime, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 105,6 göterime, söwdada 106,8 göterime, hyzmatlarda 106,5 göterime, oba hojalygynda 101,9 göterime barabar boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi hem artdy. 2011-nji ýyla garanyňda geçen üç aýda bölekleýin söwda dolanyşygynyň ösüşi 112,7 göterime, tölegli hyzmatlary etmek boýunça görkeziji 112,8 göterime deň boldy.

Birinji çärýegiň jemleri boýunça salgyt salmagyň ähli görnüşleri boýunça meýilnama doly möçberinde ýerine ýetirildi. Býujet serişdeleriniň agramly bölegi hasabat döwründe aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň tölenilmegine gönükdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberleri barada hasabat bermek bilen, wise-premýer 2011-nji ýylyň degişli döwrüne laýyklykda bu görkezijiniň hem ep-esli artandygyny habar berdi.

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň hasaplaryna daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagy barada hem aýtdy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, üç aýda gazanylan üstünlikler, umuman alanyňda, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli we ynamly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitiniň başlygy A.Mämmedow çykyş etdi, ol ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2012-nji ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli we oňyn özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgini üpjün edilýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň birinji çärýeginde senagat we gurluşyk pudaklarynda has ýokary ösüş gazanyldy.

2012-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda tebigy gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 119,1 göterime, nebitiň öndürilişiniň ösüş depgini-113,6 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 105,7 göterime, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 107 göterime, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň ösüş depgini 102,7 göterime, kerosiniň öndürilişiniň ösüş depgini-115,5 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 115,9 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 116,4 göterime, sementiň öndürilişiniň ösüş depgini 104,3 göterime, armatura we beýleki demir önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 126,1 göterime, lukmançylykda ulanýan pamyk we olardan edilen önümler boýunça 111,3 göterime, dermanlyk serişdeleriň öndürilişiniň ösüş depgini 109,3 göterime, gaýtadan işlenilen we konserwirlenen balyk we balyk önümleri boýunça 128,4 göterime, çörek we çörek önümleri boýunça 105,3 göterime barabar boldy.

Soňra maliýe ministri D.Sadykowa söz berildi, ol Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 2012-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilişiniň jemleri we bu döwürde ministrligiň garamagyndaky edaralarda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän maliýe-býujet syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýär. Hasabat döwrüniň jemleri boýunça döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirilip, onuň girdeji bölegi 113,5 göterime, çykdajy bölegi 93,8 göterime deň boldy. Ýerli býujetiň girdeji bölegi 113,5 göterim, çykdajy bölegi 94,9 göterim ýerine ýetirildi.

Býujet serişdeleriniň 70,5 göterimi döwletiň durmuş syýasatyny amala aşyrmaga gönükdirildi. Döwlet býujetiniň goralýan maddalary, hususan-da, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilýän işler barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toparlaryň mejlislerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi.

Maliýe ministri şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasynyň”, “Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen bilelikdäki işler geçirilýär, olar milli ykdysadyýetimize uzakmöhletleýin maýalary çekmek üçin çeşmeleri giňeltmäge ýardam etmelidir.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdüriýetiniň başlygy T.Japarow hasabat döwründe bank ulgamynyň edaralarynyň alyp baran işleri, milli puluň durnukly hümmetini saklamak üçin görülýän çäreler, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň daşary ýurt pulundaky hasaplaryna serişdeleriň gelip gowuşmagy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek, ipoteka karzlaryň hasabyna ýerleşdirilýän ýaşaýyş jaýlary bilen raýatlary üpjün etmek bilen bagly meseleleri öwrenmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlary boýunça amala aşyrylan iş saparynyň jemleri barada aýdyldy. Merkezi bankyň ýolbaşçysy şeýle hem telekeçiligi goldamak üçin karzlary bölüp bermek boýunça banklaryň ýerli bölümleriniň geçirýän işleri hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetrilişi barada hasabat bermek bilen T.Japarow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň taslamasyny, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy halkara deňiz portuny hem-de Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň taslamasyny Merkezi bankyň daşary ýurt pulundaky erkin serişdeleriniň hasabyna karzlaşdyrmak bilen bagly teklipleri beýan etdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak we häzirki zaman düzümini ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň hususy telekeçilerini goldamak ýakyn döwür üçin gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde telekeçilige möhüm orun degişlidir. Özleşdirilen serişdeleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,2 göterim artdy. Şu maksatnama laýyklykda, durmuş maksatly binalaryň jemi 10 sanysynda gurluşyk işleri tamamlanyp, işe girizildi, suw geçirijileriniň 339 kilometri, lagym geçirijileriniň 105 kilometri, awtomobil ýollarynyň 124,4 kilometri, gaz geçirijileriniň 522,9 kilometri, elektrik geçirijileriniň 443,2 kilometri, telefon ulgamynyň 462,4 kilometri çekildi, şeýle hem 85,4 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy.

Uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça welaýatlaryň ýaşaýjylary bilen jemi 1831 sany üçtaraplaýyn şertnama baglaşylyp, şu günki günde ýaşaýyş jaýlarynyň 878 sanysynda gurluşyk işleri alnyp barylýar we 953 sanysynda gurluşyk işleri tamamlanyp, ulanylmaga berildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýet we ösüş ministri şeýle hem 4 gatly ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygy barada hasabat berdi. Hususan-da, 112 öýli 3 sany ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilendigi we jemi 538 öýli 16 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň dowam edýändigi habar berildi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi, ol ýurdumyzyň DIM-inde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň jähedinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilşi ýaly, Bitarap Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny özüniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitläp, dünýäniň köp sanly döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklary işjeňleşdirýär we netijeli hyzmatdaşlygyň çägini yzygiderli giňeldýär. Daşary ýurtlaryň dürli derejedäki wekiliýetleriniň biziň ýurdumyza guraýan saparlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetleriniň daşary döwletlere saparlarynyň yzygiderli artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr, diýip wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy belledi. Hasabatda ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň we yzygiderli esasda geçirilýän daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň netijeli häsiýete eýedigi aýdyldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara döwlet saparlary guraldy. Şol saparlaryň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda möhüm tapgyra öwrüldi.

Biziň ýurdumyzyň BMG bilen bolşy ýaly, beýleki abraýly halkara guramalary we düzümleri, şol sanda ÝB, ÝHHG, GDA we beýleki guramalar bilen ýola goýýan özara gatnaşyklary okgunly ösüşe we netijeli häsiýete eýe boldy diýlip, hasabatda nygtaldy. Şu jähetden bellenilşi ýaly, ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden sebitleýin we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça maksada okgunly işleri durmuşa geçirýär.

Şeýle hem wise-premýeriň, ýurdumyzyň daşary işler ministriniň hasabatynyň çäklerinde Aşgabatda şu ýylyň 18-nji aprelinde Owganystan meseleleri boýunça daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek halkara maslahatyna taýýarlyk boýunça ikinji duşuşygy we 16-njy maýda “Hazar deňziniň sebitinde we Merkezi Aziýada ulag hem üstaşyr gatnawlarynyň ösüşiniň geljegi” atly halkara maslahatyny geçirmek hakyndaky resminamalaryň taslamalary barada aýdyldy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny mundan beýläk-de yzygiderli durmuşa geçirer diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, häzirki döwürde adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň oňaýly çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň DIM-niň hem-de diplomatik düzüminiň öňünde goýlan wezipeleriň ähmiýetini ýene bir gezek belläp, milli Liderimiz görkezilen resminamalary oňlady we olara gol çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz olarda görkezilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmalydygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan gatnaşyklarynyň meselesine degip geçmek bilen, biziň ýurdumyzyň Owganystan babatdaky garaýşynyň üýtgewsizdigini tassyklady. Şol gatnaşyklar doganlyk owgan halkyna parahatçylykly we abadan durmuşy gurmakda, durmuş-ykdysady düzümi dikeltmekde netijeli kömek-goldaw berýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýlk-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna işjeň gatnaşjakdygyny nygtady. Bitarap Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylykly ýol bilen hem-de diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýär, türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberiýewa milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzda häzirki zaman, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalara laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça parlament tarapyndan hasabat döwründe geçirilen işler barada habar berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde Mejlisiň iki maslahatynyň bolandygy, şolaryň çäklerinde deputatlaryň birnäçe möhüm resminamalara, şol sanda kanunlaryň birnäçesine garandygy we olary kabul edendigi bellenildi. Milletiň Lideri tarapyndan başy başlanan türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uly möçberli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, onuň demokratiki esaslaryny pugtalandyrmaga, şeýle hem aýry-aýry ulgamlary, şol sanda sporty we syýahatçylygy ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge ýardam etjek beýleki kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesiniň hem taýýarlanylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, deputatlar ýerlerde we habar beriş serişdelerinde maglumat beriş-düşündiriş işlerini işjeň geçirýärler.

Döwlet Baştutanymyz maglumaty diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmekde milli parlamentiň möhüm ornuny we deputatlary öz saýlawçylarynyň ynamyny ödemäge borçly edýän ýokary jogapkärçiligini ýene-de nygtady. Parlamentiň işi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna we jogapkärli wezipelerine laýyk gelmelidir, döwletimiziň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, halkymyzyň abadançylygy şolaryň çözülmegine baglydyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew geçirilýän işler, şol sanda gurluşyk, gurluşyk materiallary senagaty we elektrik energetikasy ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, şeýle hem “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen ýol-gurluşyk tehnikasyny, enjamlaryny we asfalt zawodlaryny satyn almagy hakyndaky” Kararyň taslamasy baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça işleri geçirmegiň we önüm öndürmegiň ösüş depgini 112,9 göterime barabar boldy. Gurluşyk guramalary boýunça geçirilen işleriň ösüşi 125,6 göterime deňdir.

Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda gurluşyk materiallaryny öndürmegiň umumy ösüşi 103 göterime barabar boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça bu görkeziji 104, 3 göterime, sozulan metaly öndürmek boýunça 126,1 göterime ýetdi. Şu döwürde girdejiler 105,4 göterime barabar boldy.

Energetika we senagat ministrligi boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işler boýunça ösüş depgini 130,2 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäheri boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda döwlet ulgamynda senagatda önümçiligiň ösüşi 109 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk pudagynda önümçilik görkezijileriniň oňyn ösüş depginini belläp, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň giň möçberli maksatnamasynyň gurluşygyň depginlerini, gurluşyk materiallaryny öndürmegi mundan beýläk-de artdyrmagy, ýerine ýetirilýän işleriň we edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy talap edýändigini, olaryň iň ýokary talaplara we häzirki zaman standartlaryna laýyk gelmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri iň täze tehnologiýalary, ýokary netijelei enjamlary we tehnikany has giňden peýdalanmak, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak baradaky wezipäni öňde goýdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, gurluşyk ulgamynda ileri tutulýan wezipeleriň biriniň pudaklaýyn kärhanalary tehnologiýa taýdan täzelemek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýol gurluşygy üçin ýöriteleşdirilen tehnikany, enjamlary we asfalt zawodlaryny satyn almak hakyndaky degişli resminama gol çekip, bar bolan tehnikalara oňat hilli hyzmat etmek we olary netijeli ulanmak boýunça sazlaşykly işi üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer, hususan-da, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň çykarylyşy birinji çärýekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 119,1 göterime barabar boldy. Daşary ýurtlara iberilýän tebigy gazyň möçberleri hem ep-esli artyp, onuň görkezijisi 129 göterime deň boldy. Nebit önümleriniň, dökünleriň öndürilen möçberleri, degişli pudaklaryň işleriniň beýleki görkezijileri barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmekde möhüm orun eýeleýän milli ykdysadyýetiň ýangyç-energetika pudagynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatyny, himiýa pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde we ozal berlen tabşyryklary amala aşyrmakda bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmagy, şeýle hem balyk hojalygyndaky işleri kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleri görmegi talap etdi.

Wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işinpe gözegçiligi gowşadandygy hem-de nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleriň pes depginler bilen alnyp barylýandygy üçin döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa berk käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

S.Toýlyýew şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, döwlet durmuş syýasatyny hem-de ylmy we bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça milli maksatnamalary amala aşyrmakda alnyp barylan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, ýanwar-mart aýlarynda ulanmaga berlen desgalar hakynda habar berildi. Olaryň arasynda Daşoguz welaýatynda her biri 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň ikisi, Mary welaýatynda 500 orunlyk mekdep we 160 orunlyk çagalar bagy, “Berzeňňi” şypahanasynyň täze binasy bar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 12 gatly myhmanhananyň gurluşygyna girişildi.

Hasabatda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligine hem-de türkmen hünärmenleriniň taýýarlan okuw we ylmy edebiýatynyň neşir edilmegine aýratyn üns berildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly okuw olimpiadasynyň çäklerinde döredijilik taslamalarynyň bäsleşiginiň döwlet tapgyrlary we dersler boýunça olimpiadalar geçirildi, olara mekdep okuwçylarynyň 700-den gowragy gatnaşdy.

Hasabatda şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda geçen üç aýyň içinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri beýan edildi. Hususan-da, Milli golýazmalar instituty, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty, Arheologiýa we etnografiýa instituty tarapyndan ylmy-köpçülikleýin kitaplaryň we ylmy işleriň ençemesi çap etmäge taýýarlanyldy.

Bulardan başga-da wise-premýer ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde Hünär derejesini ýokarlandyryş hem-de Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetlerini açmak meselesi boýunça hasabat berdi. Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän “Daşoguz” şypahanasynyň gurulmagy meýilleşdirilýän täze binalary hakynda habar berildi.

Sport ulgamynda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy hakynda hasabat bermek bilen, hökümetiň başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda şu ýylyň martynda Aşgabat şäherinde sambo boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi diýip belledi. Onda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary birinji orny eýeledi. Hasabat döwrüniň dowamynda ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarynyň jemi 30-syna gatnaşyp, 55 medal, şol sanda 19 sany altyn, 28 sany kümüş we 8 sany bürünç medallaryna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, jemgyýetiň we ýurdumyzyň durmuşynda bilim, ýaşlary terbiýelemek, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ýaly ileri tutulýan ugurlar döwletimiziň hemişe üns merkezinde durar diýip belledi. Çünki, eziz Watanymyz adamlaryň mynasyp durmuş şertlerini döretmäge, olaryň zehinlerini we ukyplaryny açmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasaty alyp barýar.

“Ýokary okuw mekdeplerinde Hünär derejesini ýokarlandyryş hem-de Diplomdan soňky taýýarlyk we lukmanlary kämilleşdiriş fakultetlerini açmak hakynda” Karara gol çekip, milli Liderimiz döwletimiz hemişe bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns berer diýip belledi.

Ýurdumyzyň şypahana ulgamyny ösdürmek baradaky meselä geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän “Daşoguz” şypahanasynyň täze binalaryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi. Türkmenistanda täsin rekreasion serişdeleriň bolmagy şypahana ulgamyny işjeň ösdürmek üçin oňaýly şertleri we mümkinçilikleri döredýär diýip, milli Liderimiz şunuň bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda futbol boýunça däbe öwrülen halkara ýaryşyny fewral aýyndan sentýabr aýyna geçirmegiň we 2013-nji ýyldan başlap her ýylyň fewral aýynda Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli hokkeý boýunça halkara ýaryşyny geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyna aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere öňde boljak ähli ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany şeýle hem M.Mollaýewany pensiýa gidýänligi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Bu edaranyň başlygy wezipesine G.Hanberdiýewa bellenildi.

Soňra mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow jemgyýetçilik tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ministr ýokary wezipeli adamlaryň çagalary bilen bagly bolup geçen ýol-ulag hadysasy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň derwaýysdygyny belledi hem-de kanunçylygyň we jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň gyşarnyksyz berjaý edilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýokarda agzalan ýol-ulag hadysasy barada aýtmak bilen, şeýle hadysalara, ahlak kadalaryndan çykmalara ýol berilmeli däldigini, nesil terbiýesinde atalarymyzdan galan beýik ýörelgeleriň berjaý edilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň hukuk döwletimizde şunuň ýaly gelşiksiz herekete ýol bermäge hiç kimiň haky ýokdur, eger-de şeýle ýagdaý gaýtalansa, degişli ýolbaşçylara berk çäre görüljekdir diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen politehniki institutynyň talyplarynyň ýokarda agzalan ýol-ulag hadysasynyň günäkärleri bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutany wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, bilim terbiýeçilik edaralarynyň işini talaba laýyk guramakda kemçiliklere ýol berendigi we olaryň işine gözegçiligi gowşadanlygy üçin Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa berk käýinç yglan etdi. Şeýle hem berk käýinç ýurdumyzyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepler boýunça orunbasary G.Jumagulyýewe yglan edildi.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin H.Saparlyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmen politehniki institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä ozal Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory bolup işlän M.Aşyrbaýew bellenildi. Bu ýokary okuw mekdebiň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory N.Kulyýewiň üstüne ýüklenildi.

Ýokarda agzalan waka baha bermek bilen baglylykda döwlet Baştutany şeýle hem Ý.Orazgulyýewi Türkmenistanyň energetika we senagat ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä degişli ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary bolup işlän M.Artykowy belledi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns we goldaw bermegi netijesinde medeniýet ulgamynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berlendigini belledi.

Wise-premýer agzalan ulgamyň işi barada habar berip, soňky üç aýda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda halkara möçberli iri çäreleriň birnäçesiniň geçirilendigini aýtdy. Hususan-da, Türkmenistanyň medeniýet ulgamynyň wekilleri hökümet weikliýetleriniň düzüminde Türkiýe Respublikasynda we Ukrainada boldular, şol ýerlerde uly konsertler bilen çykyş etdiler. Ukrainada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain dilinde neşir edilen “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” atly kitaplarynyň, şeýle hem “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy we Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi, hindi filmleriniň görkezilişi boldy, Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen-polýak bilelkidäki arheologik toparynyň tapyndylarynyň sergisi guraldy. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hasabat döwründe neşirýat işinde öňegidişlikler gazanyldy, habar beriş serişdelerinde berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň wakalaryny giňden beýan etmek boýunça işler dowam etdirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet we habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça işiň täze usullaryny we serişdelerini gözlemegiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri beýan etmäge döredijilikli çemeleşmegiň, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Sazlaşykly jemgyýeti we raýatlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagy üçin amatly şertleri bolan döwleti döretmek medeniýet ulgamyny üstünlikli ösdürmek bilen berk baglanyşyklydyr diýip, milletiň Lideri nygtady.

Soňra welaýatlaryň we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna söz berildi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem möwsumleýin oba hojalyk işleriniň-gowaça ekişiniň we güýzlük galla ekinlerine ideg etmegiň barşy barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerlerde ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň ýolbaşçysy 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde sebitiň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, häzirki zaman önümçiliklerini döretmek, täze obalary gurmak, şunuň hasabyna iş orunlaryny döretmek boýunça anyk meýilnamalar barada hasabat berdi.

Soňra mejlisde Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çykyş etdi.

Balkan welaýatynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, 2012-2016-njy ýyllar üçin ýurdumyzyň durmuş-ykdysady maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, welaýatyň senagatyny köptaraply ösdürmek, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze kärhanalary döretmek, obasenagat toplumyny okgunly ösdürmek, täze häzirki zaman obalaryny döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri göz öňünde tutýan jikme-jik meýilnamanyň işlenip taýýarlanandygy barada hem hasabat berdi. Umuman alnanda, şu meýilnama laýyklykda ýakyn 5 ýylda welaýatda durmuş maksatly desgalaryň 80-e golaýyny gurmak bellenildi.

Häkim şeýle hem “Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakynda” we “Balkanabat şäherinde Bagt köşgüni gurmak hakynda” kararlaryň taslamalary barada hasabat berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem demirgazyk welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişiniň guramaçylykly alnyp barylýandygy, şeýle hem güýzlük galla ekinlerine ideg etmekde, şol sanda ekinleri mineral dökünleri bilen iýmitlendirmekde we suw tutmakda degişli agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilýändigi bellenildi. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda ýazky owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär.

Şeýle hem häkim milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan Milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, hususan-da, şu ýyl Daşoguz welaýatynda durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň birnäçesini gurmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça meýilnama düzüldi. Onda welaýatda dokma we azyk senagatyny, oba hojalyk pudagyny, gurluşyk senagatyny okgunly ösdürmäge, ýaşaýyş jaý gurluşygynyň gerimini giňeltmäge, ulag we aragatnaşyk düzümini kämilleşdirmäge, täze iş orunlaryny döretmäge gönükdiirlen toplumlaýyn işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakyndaky, şeýle hem Daşoguz şäherinde Bagt köşgüni gurmak hakyndaky kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Öz nobatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow gün tertibiniň esasy meselesi boýunça hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamasyna laýyklykda ähli ugurlar boýunça anyk meýilnamanyň taýýarlanylandygy bellenildi. Onda welaýatyň senagat ulgamyny, oba senagat toplumyny, ulag we aragatnaşyk, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman obalaryny döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Häkim döwlet Baştutanymyzyň Lebap welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly kararynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Welaýatyň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde gowaça ekişiniň barşy barada durup geçip, gowaça ekilen meýdanlaryň köpüsinde eýýäm gögerişiň alnandygyny aýtdy. Güýzlük galla ekinlerine ideg etmek boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler geçirilýär, öňümizdäki galla oragyna toplumlaýyn taýýarlyk görülýär. Şeýle hem sebitde dowam edýän ýazky owlak-guzy almak möwsümi barada habar berildi. Häkim biziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ertir geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Welaýatyň ýolbaşçysy şeýle hem Garabekewül etrabynda täze, döwrebap obany gurmak, Türkmenabat şäherinde Bagt köşgüni gurmak bilen baglanyşykly resminamalaryň taslamalary barada hasabat berdi.

Soňra şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda geçirilen işler baradaky hasabat bilen Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow çykyş etdi. Welaýatyň ýolbaşçysy häzirki wagtda oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan gowaça ekişi, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak we suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak hakynda, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşyk işleri hakynda hasabat berdi. Mundan başga hem häkim “Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakyndaky“ kararyň taslamasy barada aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow oba hojalygyny mundan beýläk-de özgertmek boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer öz hasabatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň möhüm pudaklarynyň iş görkezijilerini beýan edip, ýurdumyzda öndürilýän azyklyk önümleriň öndürilişiniň artandygyny habar berdi. Şeýle hem möhüm oba hojalyk möwsümleri, şol sanda gowaça ekişiniň barşy hakynda habar berildi. Dänelik ekinlere ideg etmek dowam edýär, bereketli galla hasylyny almak üçin zerur bolan işler – dökünlemek we ösüş suwuny tutmak, ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek işleri dowam edýär. Orak möwsümine görülýän taýýarlyk işleri irgözünden ýaýbaňlandyryldy. Hususan-da, ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň agramly bölegi eýýäm taýýarlyk hataryna çykaryldy.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna “Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda maldarçylyk toplumyny gurmak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu resminama gol çekip, maldarçylyk hojalygyna öňdebaryjy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, hususan-da, mallaryň köp önüm berýän tohumlaryny satyn almak pudagyň netijeliligini artdyrmaga, ýokary hilli etiň we süýdiň öndürilýän möçberlerini, içeri we daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri artdyrmaga mümkinçilik berer diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ekişi bilen bagly meseläni dowam edip, obasenagat toplumynyň ykdysady netijeliligini artdyrmak, onuň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan bu möhüm oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Güýzlük dänelik ekinlere ideg etmek barada aýdylanda bolsa, gallanyň bereketli hasylyny almak üçin ähli çäreler görülmelidir, munuň üçin döwletimiz zerur bolan ähli şertler bilen üpjün edýär—giň gerimli melioratiw işleriniň hasabyna ýerleriň hasyllylygy ýokarlandyrylýar, häzirki zaman tehnikany satyn alýar, daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi üçin şertleri döredýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyew gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Bellenilip geçilişi ýaly, esasy görkezijileriň oňyn ösüş depgini awtomobil, demir ýol , deňiz we derýa ulaglarynyň kärhanalarynda gazanyldy. Hususan-da, demir ýol pudagynda ýük dolanyşygynyň ösüş depgininiň 100 göterime, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň bolsa 105,1 göterime barabar bolandygy habar berildi. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şol görkezijiler degişlilikde 103 we 100,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Türkmenistanyň döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugy boýunça görkezijiler 139,3 we 110,3 göterime barabar boldy. Wise-premýer “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň tehniki üpjünçylyk enjamlaryny satyn almak hakyndaky” kararyň taslamasy barada hem hasabat berdi.

Şu ulgamlarda gazanylan üstünlikler ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynyň kuwwatynyň durnukly berkidilýändigine şaýatlyk edýär. Olara döwletimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde möhüm orun berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen birlikde, milletiň Lideri ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak babatda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem ilata aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini hödürlemegiň meselelerini berk gözegçilikde saklamaga ünsi çekdi. Döwletimiz geljekde-de howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglaryny ösdürmek meselelerine ilkinji nobatda üns berer diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmak boýunça taslamany amala aşyrmagyň möhüm halkara ähmiýetini, şeýle hem ähli gurluşyk işlerini iş tertibine berk laýyklykda we ýokary hil derejesinde geçirmegiň zerurdygyny belledi, şol demir ýol Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasyndaky möhüm ulag geçelgesi bolar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän pudaklarynda, şol sanda dokma we haly pudaklarynda, söwdada hem-de daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekde şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň maýa goýum, önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly görülýän çäreler hakynda habar aýdyldy.

Jikme-jik hasabatda şu sanlar getirildi: söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar-mart aýlarynda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 106, 4 göterim boldy. Ministrligiň kärhanalary tarapyndan önüm öndürmegiň ösüşi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 106, 9 göterim boldy. 2012-nji ýylyň birinji çärýeginde maýa goýumlarynyň özleşdirilişi geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 86,3 göterim artdy. Bellenip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynda erkin söwdada esasy azyk önümleriniň esasy görnüşleriniň nyrhlary durnukly derejede saklanyp galýar.

Ýurdumyzyň dokma senagaty ulgamynda önüm öndürmegiň möçberleriniň yzygiderli ösüşi göze ilýär, ýüpek matalary öndürmekde hasabat döwründe has ýokary ösüş depginleri, ýagny 139,3 göterim bolandygy bellige alyndy. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak maksady bilen onuň önümçilik we maddy enjamlaýyn-ýagdaýyny gowulandyrmak, dokma kärhanalarynyň birnäçesinde tehnologiki işleri täzelemek üçin çäreleri görmek hem-de çykarylýan önümleriň görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýanwar-mart aýlarynda söwdalaryň 36-sy geçirildi, bellige alnan geleşikleriň umumy möçberi 10,5 milliard manatdan gowraga, şol sanda eksport şertnamalarynyň möçberi 2,5 milliard manatdan gowraga barabar boldy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 14,4 göterimden gowrak artdy.

Hasabatda “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasyndaky görkezijiler hem beýan edildi, korporasiýanyň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde önüm öndürmegiň ösüşi 106 göterim boldy, önümleri ýerlemegiň möçberi geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 20 göterime golaý artdy.

Soňra hökümetiň başlygynyň orunbasary söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 7-nji mejlisiniň hem-de 11-nji aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek işewürlik maslahatynyň jemleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” atly bazar bilen Söwda merkezi hojalyk jemgyýetini döwlet eýeçiliginden aýyrmak we hususylaşdyrmak hem-de onuň goşmaça (kömekçi desgalaryny gurmak baradaky), Aşgabadyň dokma toplumynyň ikinji nobatdakysyny gurmak hakyndaky, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde pagta egriji fabrikleriň durkuny täzelemek we gaýtadan enjamlaşdyrmak hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda we lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde şolar ýaly kärhanalary gurmak hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Mundan başga hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik hem-de durmuş maksatly täze desgalaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek baradaky Kararlaryň taslamalary hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma we söwda ulgamlaryny ösdürmegiň maksatlary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijileriniň islegleriniň gyşarnyksyz artmagy bu ulgamyň kärhanalarynyň öňünde öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini artdyrmak, dürli harytlary teklip etmek wezipelerini goýýar diýip belledi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmagyň zerurdygy hakynda söz açyp, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda milli ykdysadyýetimiziň gazanan üstünliklerini we mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine görkezjek, daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna hem-de pudaga täze tehnologiýalary we maýa goýumlaryny çekmäge ýardam etjek dürli sergileriň hem-de ykdysady maslahatlaryň geçirilmeginiň ýokary derejedäki ähmiýetini nygtady.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlyg B.Atdaýew welaýatlaryň daýhan birleşikleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň wezipe sanawyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet maksatnamalary we ösüş meýilnamalary bilen kesgitlenilen umumymilli wezipeleri çözmek ähli ulgamlarda utgaşdyrylan çemeleşmäni talap edýär diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, döwlet serişdelerini netijeli dolandyrmagy üpjün etmekde, şeýle hem işgärler syýasatynda ýokary döwlet gözegçiligi edarasynyň ornunyň gündelik ýagdaýy dogruçyl seljermekde hem-de strategiki meýilleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri pudak edaralarynda guramaçylyk-işgärler işini kämilleşdirmek, welaýatlaryň daýhan birleşikleriniň hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryk berip, B.Atdaýewe hem gözegçilik-seljeriş çäreleriniň netijelerine baha bermegiň ölçeglerini işläp taýýarlamakda öňdebaryjy halkara tejribesini giňden ornaşdyrmak barada görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň umumy bahasy 700 million dollarlyga golaý resminamalara gol çekmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş meselelerine hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga uly üns berilýändigine şaýatlyk

edýär. Milli Liderimiz adamlar hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudygyny we mydama şeýle boljakdygyny nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň, has amatly ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleri döretmegiň asylly maksatlaryna gönükdirilendigini belledi.

Mejlisiň dowamynda türkmen döwletiniň Baştutany bu ýere ýygnananlaryň öňünde söz sözledi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda şu ýylyň geçen üç aýynyň netijelerini häsiýetlendirdi we ýurdumyzyň öňünde ýakyn geljek üçin goýlan wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz Gurbunguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2012-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri umuman erber däl. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgini 10,4 göterim, maýa goýumlarynyň möçberi 163,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy 156,4 göterime golaý, ilatyň zähmet hakynyň möçberi 111,7 göterim artdy. Milli pulumyz - manadyň hümmeti durnukly bolmagynda galýar. Puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi hem göz öňünde tutulan çäklerde saklanýar.

Jemi içerki önümiň düzüminde öňküsi ýaly, senagatyň paýy artýar, şeýle hem gurluşyk, söwda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň, hyzmat ediş ulgamynyň paýy ýokary bolmagynda galýar.

Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, içerki durnuklylyk, egsilmez tebigy baýlyklarymyz, degişli hukuk binýadynyň bolmagy iri halkara kompaniýalarynyň ýurdumyza örän uly gyzyklanma bildirmegine getirýär, ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlarynyň yzygiderli gelmegini üpjün edýär. Şu aýdylanlaryň netijesi hökmünde ýurdumyzda jemi bahasy 32 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 500-den gowrak desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny görkezmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durnukly ösýändigine, ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanyp, diňe bir öz ýurdumyzyň ösüşine oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem sebitiň beýleki döwletleriniň hem ösmegine ýardam berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Biziň kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda ylym, bilim we sport ulgamy düýpli özgerdilýär, önümçilik döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklarynyň we döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň utgaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda kem-kemden bazar ykdysadyýeti emele gelýär. «DemirgazykGünorta» demir ýolunyň gurulmagy, nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegi, gaz geçirijileriň çekilmegi üstünlikli dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar hem amala aşyrylýar.

Döwlet senagat pudagyny, ilkinji nobatda bolsa, onuň önümçilik ulgamyny ösdürmäge täzeçe çemeleşmäge aýratyn üns berip, uly mümkinçiliklere eýe bolan hususy telekeçiligi hem hemmetaraplaýyn goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl etmeli işleriň kändigini aýdyp, biziň esasy wezipämiz ýurdumyzyň häzirki ösüş depginini saklamakdan, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna netijeli we ynamly işlemekden ybaratdyr diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Mejlisiň başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň häkimlerine, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýakyn wagtda çözülmeli wezipeleriň üstünde jikme-jik durup geçdi.

Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde şeýle hem käbir beýleki möhüm meselelere garaldy we degişli resminamalaryň birnäçesine, şol sanda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, ertir ýurdumyzda ählihalk ýowarynyň geçirilýändigini ýatlatdy we türkmenistanlylaryň ählisi tarapyndan ruhubelentlik bilen goldanan bu giň möçberli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de halkymyzy täze taryhy eýýamyň döredijilikli ýörelgeleriniň töwereginde has-da berk jebisleşdirjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşlaşan mahaly ýygnananlara we ähli ildeşlerimize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.