Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY

view-icon 783
(2012-nji ýylyň 13-nji apreli)

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri, umuman erbet däl. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgini 10,4 göterim, maýa goýumlarynyň möçberi 163,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy 156,4 göterime golaý, ilatyň zähmet hakynyň möçberi 111,7 göterim artdy. Milli pulumyz  manadyň hümmeti durnukly bolmagynda galýar. Puluň hümmetsizlenmeginiň derejesi hem göz öňünde tutulan çäklerde saklanýar.

Jemi içerki önümiň düzüminde öňküsi ýaly, senagatyň paýy artýar, şeýle hem gurluşyk, söwda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň, hyzmat ediş ulgamynyň paýy ýokary bolmagynda galýar. Birinji çärýekde biz gurulmagy göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, ýokary okuw mekdepleriniň we sport mekdepleriniň binalaryny, şeýle hem beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurup, ulanmaga berdik.

Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, içerki durnuklylyk, egsilmez tebigy baýlyklarymyz, degişli hukuk binýadynyň bolmagy iri halkara kompaniýalarynyň ýurdumyza örän uly gyzyklanma bildirmegine getirýär, ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlarynyň yzygiderli gelmegini üpjün edýär. Şu aýdylanlaryň netijesi hökmünde ýurdumyzda jemi bahasy 32 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 500-den gowrak desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny görkezmek bolar. Häzir döwletimiziň daşary ýurtlara möhleti geçen bergisi ýok.

Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň durnukly ösýändigine, ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanyp, diňe bir öz ýurdumyzyň ösüşine oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem sebitiň beýleki döwletleriniň hem ösmegine ýardam berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Biz şu ýyl häzirki zaman ýokary tehnologiýalaryny we innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ösdürilmegine, medeniýetimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň täze derejä göterilmegine, Watanymyzyň abadan jemgyýetli, ähli raýatlaryň erkin ýaşamagy, zähmet çekmegi we döretmegi üçin oňat şertleri bolan, gülläp ösýän döwlete öwrülmegine gönükdirilen ykdysady ulgamyň täze nusgasyny döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin oňat badalga aldyk.

Biziň kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda ylym, bilim we sport ulgamy düýpli özgerdilýär, önümçilik döwrüň talaplaryna laýyk getirilýär. Ykdysadyýetde bazar gatnaşyklarynyň we döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň utgaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzda kem-kemden bazar ykdysadyýeti emele gelýär. «DemirgazykGünorta» demir ýolunyň gurulmagy, nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegi, gaz geçirijileriň çekilmegi üstünlikli dowam edýär. Şonuň bilen birlikde, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar hem amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda ägirt uly özgertmeleri geçirmek bilen, biz senagat pudagyny täzeçe, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şu maksat bilen, ýurdumyzda innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, senagaty taýýar önümleri öndürmäge gönükdirmek üçin zerur bolan binýady döredýäris. Biz şu ýyl maýa goýumlarynyň möçberini has-da artdyrmagy göz öňünde tutýarys we onuň esasy bölegini senagat pudaklaryna gönükdirip, özleşdirmegi maksat edinýäris.

Biz ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösmegine, işewürleriň senagat hem-de ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmaga giňden gatnaşmagyna ýardam berip başladyk. Telekeçileriň taslamalaryny goldamak üçin döwlet tarapyndan her ýyl köp möçberde serişdeler bölünip berilýär. Oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamy, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de ulanmak ýaly ugurlarda kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan kärhanalara ýeňillikli karzlar berilýär. Bu bolsa, ýurdumyzda telekeçiligiň işjeňliginiň has-da artmagyna, bazaryň zerur bolan senagat we azyk harytlary bilen has doly üpjün edilmegine ýardam berýär.

Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň ýakynda geçirilen sergisi olaryň uly mümkinçiliklerini hem-de ykdysadyýetimiziň ösmegine goşýan goşantlaryny aýdyň görkezdi. Hökümetimiz mundan beýläk hem ykdysadyýetimiziň hususy bölegini we hususy telekeçiligi giňden goldamagyny dowam eder!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!


Şu ýyl biziň etmeli işlerimiz kän. Öňümizde durýan wezipeleri biz öň kesgitledik. Men häzir bu wezipeler barada ýene-de bir gezek jikme-jik aýdyp durjak däl. Biziň esasy wezipämiz ýurdumyzyň häzirki ösüş depginini saklamakdan, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna netijeli we ynamly işlemekden ybaratdyr!

Biziň öňümizde ýakyn wagtlarda çözülmegini talap edýän şu wezipeler durýar:

A.Nurberdiýewa, biz Türkmenistanyň Mejlisinden ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam edilmegine garaşýarys. Nesip bolsa, maý aýynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyny dabaraly belläp geçeris. Siz degişli ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde bu çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça oňat maksatnamany işläp taýýarlaň hem-de ýetip gelýän bu uly dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görüň!

Siziň bilşiňiz ýaly, 2012-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şoňa görä-de, R.Meredow, ýurdumyzyň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen Meýilnamanyň çäklerinde göz öňünde tutulan çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmeli. Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleri Watanymyzyň bähbitlerini yzygiderli gorap, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleri tutanýerli dowam etmelidirler.

A.Goçyýew, maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň wezipesi ykdysadyýetimizi özgertmegi dowam etmekden, ýurdumyzda maliýe-bank ulgamyny ösdürmekden, bazar gatnaşyklaryna geçmekden ybaratdyr. Şeýle hem, maliýe ulgamynda işlejek, dolandyryş we bank işiniň esaslary boýunça hünärmenleri taýýarlamak, hususylaşdyrmagy mundan beýläk-de dowam edip, kärhanalaryň bir bölegini hususy eýeçilige geçirmek baradaky teklipleri taýýarlamak zerurdyr.

B.Hojamuhammedow we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylary! Siz ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, täze açylan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak, şeýle hem olary ulanmaga bermek boýunça zerur işleri geçirmeli. Aýratyn hem «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyryny dowam etmeli. Seýrek duş gelýän gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň känlerini özleşdirmäge we şol magdanlary çykarmaga uly üns bermeli. Häzirki döwürde dünýä bazarynda olara uly isleg bildirilýär. Biziň ýurdumyzda şol magdanlaryň känleriniň birnäçesi bar, ýöne olar häzire çenli talaba laýyk özleşdirilmeýär. Seýrek duş gelýän gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň känlerini özleşdirmäge maýa goýumlaryny giňden çekmeli. Bu pudaga maýa goýmaga isleg bildirýänler bolar diýip men pikir edýärin. Şoňa görä-de, zerur işleri geçirip, seýrek duş gelýän peýdaly magdanlaryň känlerini özleşdirip we olary çykaryp başlamaly.

A.Ýegeleýew hem-de gurluşyk, energetika we senagat toplumynyň ýolbaşçylary! Siziň bilşiňiz ýaly, biz örän uly möçberli gurluşyk maksatnamasyny kabul etdik. Şoňa görä-de, siz mundan beýläk hem maýadarlary we iri kompaniýalary bu pudaga çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Siziň öňüňizde, beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary giň gerim bilen gurmak wezipesi durýar. Bu desgalaryň ýokary hilli gurlup, bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini gazanmak siziň esasy wezipeleriňiziň biridir.

Şeýle hem, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek, gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmaly. Magdan däl serişdeleriň, gurnama demir-beton önümleriniň, keramzitiň we beýleki gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň möçberini yzygiderli artdyrmaly.

Energetika pudagynyň işgärleri bar bolan gazturbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlary gurmak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli. Ýol gurluşyk pudagy barada aýdylanda bolsa, bu pudagyň işgärleriniň esasy wezipesi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän tizlikli awtomobil ýollaryny gurmagy we olaryň durkuny täzelemegi dowam etmekden ybaratdyr.

Welaýatlaryň häkimleri, A.Ýazmyradow we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary! Siziň öňüňizde iki sany örän möhüm çäre dur. Bu çäreler gowaça ekişini ýokary hilli, guramaçylykly geçirmekden hem-de ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz we öz wagtynda ýygnamakdan ybaratdyr. Gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek hem-de bellenen möhletlerde tamamlamak, oba hojalyk tehnikalaryny galla hasylyny ýygnamaga taýýarlamak, şeýle hem gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek üçin ähli zerur işleri amala aşyrmaly. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we ýygnamak siziň bu pudagyň ýolbaşçylary hökmünde öňüňizde durýan esasy wezipeleriň biridir we abraýyňyzdyr.

Garaşsyz Watanymyzyň galla öndürýän we ony daşary ýurtlara iberýän döwlet hökmünde ýeten täze derejesini geljekde hem saklap galmalydyrys. Nesip bolsa, biz maý aýynyň ortalarynda birbada galla önümleri kärhanalarynyň birnäçesini açyp, ulanmaga bermegi göz öňünde tutýarys. Şoňa görä-de, ösdürilip ýetişdirilen hasyly täze kärhanalarda saklamak we gaýtadan işlemek üçin, bu galla önümleri kärhanalaryny talaba laýyk ulanmaga bermek we kabul edip almak esasy wezipeleriň biridir.

R.Seýitkulyýew, ulag we aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçylary! «UzenGyzylgaýaBereketEtrekGorgan» demir ýolunyň gurluşygyny we beýleki desgalaryň durkuny täzelemek işlerini dowam etmeli. Öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmek, kompýuter tehnologiýalaryny we Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli.

Welaýatlaryň häkimleri, S.Toýlyýew, ylym we bilim ulgamynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzyň ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeleri iň oňat dünýä tejribesi, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary we milli däpleri, örän baý taryhy we medeni mirasy esasynda durmuşa geçirmegi, ähli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli, ussat hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamagy dowam etmeli.

Meniň öň hem belläp geçişim ýaly, köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýäni we olimpiýa hereketini talaba laýyk guramak, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny goraýan ýaş türgenleriň sanyny artdyrmak boýunça umumydöwlet maksatnamasyny taýýarlamak siziň esasy wezipeleriňiziň biridir. Biziň türgenlerimiz geçirilýän halkara ýaryşlarynda oňat netijeleri we üstünlikleri gazanmagy başardylar. Biz geljekde hem bu gazanylan netijeleri has-da ösdürmelidiris we üstünliklerimizi berkitmelidiris.

Siziň bilşiňiz ýaly, tomus möwsümi hem golaýlap gelýär. Şoňa görä-de, myhmanhanalary we dynç alyş-sagaldyş merkezlerini möwsüme häzirden doly taýýar etmeli. Şeýle hem ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýanynda hünär derejesini ýokarlandyrýan iki aýlyk okuwlary guramaly. Ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň orta düzümdäki ýolbaşçylaryny, edara-kärhanalaryň bölümleriniň we müdirlikleriniň başlyklaryny her ýyl şu okuwlarda okadyp, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaly. Bu aýdylanlar, aýratyn hem ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň işgärlerine degişlidir. Ähli ýolbaşçylara bu işleri talaba laýyk ýola goýmak üçin iki aý möhlet berýärin.

B.Nurmyradowa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary! Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wezipesi ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri, giň gerimli özgertmeleri has doly beýan etmek, gazanylýan uly üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri giňden wagyz etmek arkaly geçirilýän özgertmeleri goldamakdan, medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmekden, durmuş we ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda medeniýetiň ornuny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

N.Atagulyýew, söwda we dokma toplumynyň ýolbaşçylary! Şu ýyl siziň öňüňizde hem örän uly wezipeler durýar. Toplumyň kärhanalaryny, aýratyn hem, dokma senagatynyň kärhanalaryny giň gerim bilen döwrebaplaşdyrmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmeli.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly adamlar!


Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisini geçirip gutarýarys. Men size we mähriban halkyma berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin.