Ï Ýazky möwsümiň ikinji çapyşyk güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýazky möwsümiň ikinji çapyşyk güni

view-icon 806
Şu gün ýurdumyzyň ähli atçylyk sport toplumlarynda ýazky möwsümiň ikinji çapyşyk güni geçirildi. Şu mynasybetli toplumlara atçylyk sportunyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren tomaşalary hem-de ýaşajyk türgenleriň görkezme çykyşlary aýlawlarda özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Şeýlelikde Aşgabatdaky atçylyk toplumynda çapyşyklaryň onusy geçirildi. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk sport toplumynda bolsa bedewler bäş çapyşyk boýunça öz aralarynda güýç synanyşdylar.

Aşgabatdaky atçylyk sport toplumynda türkmen nusgawy şahyry Seýitnazar Seýdiniň homratyna goýlan däp bolan “Seýdi” baýragy ugrunda üçýaşar bedewler ikinji çapyşykda 1200 metr aralyga goşuldylar. Bu aralygy 1 minut 20,2 sekuntda geçmegi başaran Dal bedew aty baýraga mynasyp boldy.

Dürli topardaky atlaryň arasynda hem çapyşyklar geçirildi. Şunuň ýaly belli bir topardaky bedewleriň arasynda bäsleşikleriň hem geçirilýändigini bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda belleýşi ýaly, bedewler ýyndamlyk babatda bäş topara bölünýärler. Çapyşyklarda ýeňiş gazanmadyk ikiýaşar bedewler dördünji topary emele getirýärler. Bir gezek ýeňiş gazanan bedewler bolsa üçünji topar hasaplanýar. Bäsleşiklerde iki gezek ýeňiş gazanan bedewler ikinji topara girýär. Ilkinji üç çapyşykda ýeňiş gazanan we umumy ýeňşi dörde ýeten bedewler özbaşyna bir topary emele getirýärler. Şeýlelikde olar bäş topara bölünýärler. Her bir bedew öz toparyndan çykýan atlar bilen guralýan ýaryşlara gatnaşyp bilýär.

Şeýlelikde dördünji topardan çykan üçýaşar bedewler 1-nji, 3-nji we 4-nji çapyşyklarda 1200 metr aralyga goşuldylar. Olarda degişlilikde Garagaş (1 minut 23,5 sekunt ), Doýduk (1 minut 21,2 sekunt) we Seýil (1 minut 24,5 sekunt) atly bedewler ýeňiş gazandylar. Üçünji topardaky üçýaşar bedewler 6-njy we 7-nji çapyşyklarda 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Olarda degişlilikde Merdana (1 minut 37,4 sekunt) we Gaýratly (1 minut 37,5 sekunt) ýeňiji boldular. Bäşinji çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 2400 metr aralykda güýç synanyşdylar. Onda bu aralygy 2 minut 51,0 sekuntda geçmegi başaran Dostluk atly bedew ýeňiji boldy. Sekizinji çapyşykda 2000 metre goşulan bedewleriň arasynda Gorasyn ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 2 minut 22,5 sekundda geçmegi başardy. Dokuzynjy we onunjy çapyşyklarda bolsa bedewler 1800 metr aralyga goşuldylar. Onda degişlilikde Gudrat (2 minut 08,2 sekunt) we Gozgan (2 minut 10,2 sekunt) ýeňiji boldular.

Balkan welaýatyndaky atçylyk sport toplumynda birinji çapyşykda üçýaşar bedewler 3000 metr aralyga goşuldylar. Onda bu aralyga 4 minut 50 sekund wagt görkezen Garaaltyn ýeňiji boldy. Soňky çapyşyklarda dört we uly ýaşar bedewler 4600 metre goşuldylar. Şonda Gala (7 minut 12 sekunt), 3000 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Ýyldyrym (4 minut 43 sekunt) ýeňiji boldular. 1400 metr aralyk boýunça geçirilen çapyşyklarda Galaly (1 minut 55 sekunt) we Merdem (2 minut 05 sekunt) öňe saýlanmagy başardylar.

Daşogzuň atçylyk sport toplumynda dört we uly ýaşar bedewler birinji we ikinji çapyşyklarda 2000 metr aralyga goşuldylar. Onda degişlilikde Şagadam (2 minut 36,1 sekunt) we Gojadag (2 minut 45,2 sekunt) ýeňiji boldular. Şeýle hem dördünji çapyşykda 2400 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Algyr öň gelmegi başardy. Onuň bu aralyga görkezen wagty 3 minut 14,3 sekunda barabar boldy. Üçünji we bäşinji çapyşyklarda üçýaşar bedeler 1400 metr aralyga goşuldylar. Olarda degişlilikde Toýçy (1 minut 54,2 sekunt) we Kepderi (1 minut 53,2 sekunt) ýeňiji boldular.

Lebap welaýatynyň atçylyk sport toplumynda geçirilen ýaryşyň birinji çapyşygynda üçýaşar bedewler 1400 metr aralyk boýunça öz aralarynda güýç synanyşdylar. Onda bu aralyga 1 minut 35,05 sekunt wagty sarp eden Almaz ýeňiji boldy. Beýleki dört çapyşyklarda dört we uly ýaşar bedewleriň arasynda bäsleşik geçirildi. Şonda 1500 metr aralyga güýç synaşyşan bedewlerden Babarap öň gelmegi başardy. Ol bu aralyga 1 minut 55 sekunt wagt sarp etdi. 1800 metr aralyga goşulan bedewleriň arasynda Kepderi (2 minut 13 sekunt) ýeňiji boldy. Ýene-de şeýle aralyk boýunça geçirilen ýaryşda Perzent öň gelmegi başardy. Ol bu aralyga 2 minut 11 sekundy sarp etdi. 2000 metrlik menzil boýunça bäsleşen bedewleriň arasynda bu aralyga 2 minut 23 sekunt wagty sarp eden Toýly ýeňiji boldy.

Mary welaýatynyň atçylyk sport toplumynda birinji we ikinji çapyşyklarda 1400 metr aralyga goşulan bedewleriň içinden Serkerde (1 minut 52,78 sekunt) we Paýhasly (1 minut 58,43 sekunt) öň gelmegi başardylar. Üçünji çapyşyga goşulan atlar 1500 metr aralykda güýç synanyşdylar. Onda bu aralygy 2 minut 09,04 sekuntda geçmegi başaran Tahyr ýeňiş gazandy. Dördünji çapyşykda 1600 metr aralyk boýunça güýç synanyşan bedewleriň arasynda Altaýhan ýeňiş gazandy. Ol bu aralygy 2 minut 16,83 sekuntda geçmegi başardy. Bäşinji çapyşykda bolsa 1800 metr aralyk boýunça goşulan bedewleriň arasynda Sandykly (2 minut 25,45 sekunt) öňe saýlandy.