Ï Ýetginjekleriň arasynda darts boýunça ýurdumyzyň ilkinji bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýetginjekleriň arasynda darts boýunça ýurdumyzyň ilkinji bäsleşigi

view-icon 652
Şu gün 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda darts boýunça Türkmenistanyň birinji bäsleşiginiň ýeňijileri we baýrak eýeleri kesgitlenildi. Oňa Ahal, Balkan, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hanmudo söweş sungaty Milli federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşigiň maksady ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda sazlaşykly ösdürilýän iňlis oýnuny wagyz etmekden ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar iki topara bölünip, “301” bölümi boýunça oçkolary hasaplamagyň aýratyn ulgamyny peýdalanmak arkaly bäsleşdiler. Ýaryşyň kadasyna laýyklykda, aýlawly ulgamyň barşynda toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijileri ýüze çykaryldy.

Ýetginjekler toparynyň arasynda altyn medala D.Bäşimow mynasyp boldy. Ol final ýaryşynda Baýramalydan gelen türgen D.Gurbanniyazowdan üstün çykdy. Üçünji orna bolsa Ahal welaýatynyň toparyndan bolan B.Garajaýew mynasyp boldy.

Gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde bolsa bu welaýatyň toparynyň wekilleri ýeňiş münberine çykyp, altyn medala mynasyp boldular. Şonda altyn medaly G.Kadyrbaýewa eýeledi. Ikinji ýere bolsa E.Angarbaýewa düşdi. Üçünji baýrakly orna bolsa A.Utesinowa mynasyp boldy.

Aşgabatda tomsuň ahyrynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda darts oýny boýunça Türkmenistanyň ýene-de bir çempionaty geçiriler. Güýzde bolsa Beýik Britaniýada bu iňlis oýnunyň Bütindünýä federasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onda Türkmenistanyň Milli darts merkezini halkara sport guramasynyň hataryna girizmek baradaky meselä serediler.