Ï “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigiň birinji tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigiň birinji tapgyry geçirildi

view-icon 813
Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň obasenagat toplumyna degişli beýleki birnäçe ministrlikler we pudak edaralary, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly gözellik bäsleşiginiň birinji tapgyry geçirildi.


Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda türkmen halkyna bütin dünýäde şöhrat getiren atçylyk pudagyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde öňe sürülýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän we iň ýokary derejedäki enjamlar bilen üpjün edilen atçylyk-sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, dünýäniň köp ýurtlaryndan belli atşynaslaryň, alymlaryň gatnaşmaklarynda halkara ylmy maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle çäreleriň netijesinde ýurdumyzda atçylyk pudagyny, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini mundan beýläk-de ösdürmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Şeýlelikde, ahalteke bedewlerine çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2009-njy ýylda döredilen, 2011-nji ýylda bolsa halkara derejesine eýe bolan “behişdi bedewleriň” her ýylky gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar geçiriljek güni – 29-njy aprelde ýurdumyzyň Halkara atçylyk-sport toplumynda geçiriler. Bu bäsleşigiň baş maksady diňe bir türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak buýsanjyna öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat siwilizasiýasynyň hem baýlygyna öwrülen “ahalteke bedewleriniň” bütin dünýäde şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmakdan, şeýle hem tutuş ömrüni ahalteke bedewlerini köpeltmäge we ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan atşynaslaryň hem-de seýisleriň zähmetini höweslendirmekden ybaratdyr.


Geçen ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna we Göçme kubogyna hem-de “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ada Şekilli diýen mele bedew, Görkli diýen altynsow mele bedew, Hanbegler diýen mele bedew eýe boldy.

Asylly däbe görä, iň owadan we ajaýyp bedew diýen ady almak ugrunda ahalteke tohumyndan bolan 3-10 ýaşar arassa ganly naýbaşy bedewleriň iň gowularynyň onusy bäsleşer.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin ajaýyp bedewleriň 40-sy bäsleşdi. Emin agzalary olaryň owadanlygyny, çeýeligini we tohum sypatlaryny hasaba almak bilen iň gowularynyň 20-sini saýladylar. Hut şolar bäsleşigiň indiki tapgyrynda 2012-nji ýylyň iň owadan we ajaýyp bedewi diýen ady almak ugrunda bäsleşigi dowam etdirerler.

Türkmen halkynyň buýsanjy bolan ajaýyp ahalteke bedewlerine bagyşlanan bu çäre Türkmenistanyň ösüşiň we döredijiligiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň nyşany bolan “behişdi bedewleriň” Ýer ýüzündäki şöhratynyň artmagyna uly goşant bolar.