Türkmen tennisçileriniň topary ilkinji gezek Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Onuň oýunlary Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilýär. Biziň toparymyz ýaryşyň başynda Bahreýniň, Yragyň we Saud Arabystanynyň toparlaryndan 3:0 hasabynda üstün çykyp, yzly-yzyna üç ýeňiş gazanmagy başardy.
Bu abraýly ýaryşlaryň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparyna iki sany ýollanma ugrunda on sany topar bäsleşýär: “A” toparda Türkmenistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Bahreýn, Yrak, “B” toparda Kamboja, Katar, Singapur, Iordaniýa we Mýanma ýaly ýurtlaryň tennisçileri güýç synanyşýarlar.
“A” toparda diňe Türkmenistanyň topary şowly çykyş edýär, ikinji orna bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň tennisçileri dalaş edýärler. Bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk “A” toparyndaky jemleýji oýun gününde geçiriler. Onuň netijesi boýunça pleý-off tapgyryna kimiň birinji orundan, kimiň bolsa ikinji orundan çykjakdygy belli bolar.
Bu bäsleşigi şöhlelendirýän sport synçylary Türkmenistanyň toparynyň ynamly oýnaýandygyny belleýärler. Biziň toparymyzyň düzüminde A.Ärnepesow, G.Poçaý, E.Döwletow we J.Ilmyradow çykyş edýärler. Bahreýniň we Yragyň toparlary bilen bäsleşikde biziň tennisçilerimize bary-ýogy iki set ýeterlik boldy. Professional ýaryşlarda çykyş edýän oýunçylar bilen düzümi güýçlendirilen Saud Arabystanynyň topary bilen bolan duşuşykda bolsa türkmen tennisçilerine ýeňiş üçin üç set gerek boldy. Ýeke bolup oýnamakda biziň toparymyza G.Poçaý we A.Ärnepesow bir utukdan getirdiler. Iki bolup oýnamakda bolsa E.Döwletow we J.Ilmyradow ýeňiş gazandylar.
Hytaýyň paýtagty Pekinde “6 Sense” halkara tennis akademiýasynda geçirilen okuw-türgenleşik çäresi türkmen tennisçileriniň Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşda üstünlikli çykyş etmegine ýardam etdi. Şol ýerde biziň tennisçilerimiz bilen daşary ýurtly hünärmenler, şol sanda geçen aýda Türkmenistana sapar bilen gelen bütin dünýäde meşhur tälimçi Karlos Rodriges, şeýle hem şu akademiýanyň tälimçisi Faýzal Bin işlediler. Olar häzir biziň toparymyz bilen Katarda Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda bolýarlar.