Şu gün at çapyşyklaryna sarpa goýýanlaryň köp sanlysy ýene-de aýlawlaryň münberlerine ýygnandylar. Paýtagtymyzyň, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň atçylyk-sport toplumlarynda çapyşyklary geçirildi.
Atçylyk-sport toplumlarynyň sahna meýdançalarynda estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň, folklor-tans toparlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen konsertler, şeýle hem ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda guralan bu çärä hakyky türkmen toýunyň öwüşginini çaýdy.
Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda 7 çapyşyk geçirildi. Olaryň ilkinji dördüsinde dördünji topardan üç ýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga ýaryş geçirildi. Onda degişlilikde Atlyhan (1 minut 23,04 sekunt), Garamaşal (1 minut 21,5 sekunt), Bitaraplyk (1 minut 23,0 sekunt) we Garateke (1minut 22,5 sekunt) ýeňiji boldular. Bäşinji çapyşykda üçünji topardan üç ýaşar bedewleriň arasynda 1400 metr aralyga geçirilen bäsleşikde Gülsary diýen at (1 minut 38,1 sekunt) pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Altynjy we ýedinji çapyşyklarda dört ýaşar we ondan hem uly bedewler 1800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda Gindiguş (2 minut 07,2 sekunt) we Galapar (2 minut 09,5 sekunt) ýeňiji boldy.
Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň atçylyk-sport toplumlarynyň her birinde 5 çapyşyk geçirildi.
Balkan welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda ilkinji dört çapyşykda uly ýaşar bedewler bäsleşdiler. 1400 metr arylyga geçirilen çapyşykda Galaly (1 minut 59 sekunt) we Akguş (2 minut 12 sekunt), 4600 metr aralyga geçirilen ýaryşda Meleguş-2 (6 minut 53 sekunt) we 3 000 metr aralyga geçirilen çapyşykda Balkan (4 minut 37 sekunt) ýeňiji boldular. Üç ýaşar atlaryň arasynda 3 000 metr aralyga geçirilen bäşinji çapyşykda pellehana Arkadag diýen bedew (5 minut 42 sekunt) ilkinji bolup geldi.
Daşoguz welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda ilkinji dört çapyşykda dört ýaşar we ondan hem uly bedewler öz ýyndamlygyny görkezdiler. 2 000 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Gadyr-2 (2 minut 37,30 sekunt), 1800 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda Gaplaň (2 minut 27,30 sekunt), 3 000 metr aralyga geçirilen üçünji çapyşykda Algyr (4 minut 01,70 sekunt) we 2800 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda Salpy (3 minut 53,20 sekunt) ýeňiş gazandylar. Bäşinji çapyşykda üç ýaşar bedewler 1400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda Sülgün diýen bedew (1 minut 52,30 sekunt) pellehana ilkinji bolup geldi.
Lebap welaýatynyň atçylyk-sport toplumynda dördünji topardan üç ýaşar bedewleriň arasynda 1800 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Sumbar (2 minut 15 sekunt) ýeňiji boldy. Galan dört çapyşykda dört ýaşar we ondan hem uly ýaşdaky bedewler güýç synanyşdylar. Onda 1400 metr aralyga geçirilen ýaryşda Gurt (1 minut 40 sekunt), 1600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Köpel (1minut 50 sekunt), Giňdiwar (1 minut 54 sekunt) we Perzent (1 minut 51 sekunt) pellehanadan birinji bolup geçdiler.