Ï “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi

view-icon 927
Şu gün Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara bäsleşigiň II tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär. Bäsleşigiň baş maksady milletiň we adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly baýlygyna öwrülen behişdi bedewleriň şan-şöhratyny has-da artdyrmak, şeýle hem öz ömrüni ahalteke bedewlerini köpeltmäge we ösdürip ýetişdirmäge bagyşlan seýisleriň işini höweslendirmek bolup durýar.

Şu mynasybetli bu ýere “behişdi bedewleriň” muşdaklarynyň köp sanlysy ýygnandy. Aýdym-tans toparlarynyň we bagşylaryň gatnaşmagy bilen berlen konsert bu çärede baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Şu günki waka gatnaşyjylar milli Liderimiziň türkmen atçylygyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisinde beýan eden täze başlangyçlaryny ägirt uly buýsanç bilen kabul etdiler. Ozal habar berlişi ýaly, hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň baýramyna, şol sanda şu bäsleşige bagyşlanan dabaralara ünsi çekip, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça işleriň möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Öňde boljak dabaralara beýleki ýurtlardan köp sanly myhmanlaryň, şol sanda çapyksuwarlaryň gatnaşmaga isleg bildirendigini kanagatlanmak bilen belläp, uludan tutulýan türkmen toýunda halkymyzyň myhmansöýerlik däp-dessurlaryna eýerip, şol çapyksuwarlaryň ahalteke bedewlerini çapmagynda ýörite çapyşyk guralsa, oňa gatnaşýan daşary ýurtly çapyksuwarlaryň gazanan netijesine görä, olaryň ýeňijisi bellenilse, maksada laýyk boljakdygy barada degişli tabşyryklary berdi. Biziň ýurdumyzda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýmakda ezber çapyksuwarlaryň hem saldamly goşýandygynyň bardygyny bellemek bilen, milletiň Lideri türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygyny, ezberligini göz öňünde tutup we olary höweslendirmek maksady bilen, çapyksuwarlara tapawutlandyryş derejeleriniň berilmegini üpjün edýän ýörite Düzgünnamany işläp taýýarlamak barada tabşyryklary berdi. Özboluşly gözelligi, gelşikliligi we ýyndamlygy bilen tapawutlanýan dünýä belli behişdi bedewlerimiz biziň milli buýsanjymyz bolup durýar diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şu gün Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň arasynda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň II tapgyry hem döwletiň atçylygy ösdürmek hakynda edýän yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasy boldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa ahalteke tohumyndan bolan bedewleriniň 3-10 ýaşar aralygyndaky arassa ganly saýlama atlary gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, bäsleşigiň birinji tapgyrynda ýaryşyň nobatdaky tapgyryna çykmak üçin ajaýyp ahalteke bedewleriniň 40-sy bäsleşdi, olardan iň gowularynyň 20-si seçilip alyndy.

Gözellik bäsleşiginiň birinji tapgyrynyň ýeňijileri emin agzalarynyň öňünde çykyş etdiler, emin agzalarynyň düzümine ýurdumyzyň atşynaslary, suratkeşleri we heýkeltaraşlary bilen bir hatarda meşhur alymlar, ipologlar, hünärmen atşynaslar, Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Ukraina we Çehiýa ýaly ýurtlardan ahalteke bedewleriniň hakyky muşdaklary girdi.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda talapgär emin agzalary bäsleşige gatnaşýan bedewleriň ýyndamlygyna baha berdiler. Bedewleriň gelşikliligine we owadanlygyna, olaryň dürli buýruklary ýerine ýetirmek ukybyna aýratyn üns berildi. Ikinjiden ahalteke bedewleri emin agzalaryna we tomaşaçylara ajaýyp at esbaplaryny we olar üçin ussat zergärler tarapyndan ýasalan şaý-sepleri görkezdiler.

Elbetde, ahalteke bedewleriniň iň oňatlaryndan owadan we gelşikli bedewleri seçip almak aňsat bolmady. Sebäbi tomaşaçylar we emin agzalary atlaryň biri-birinden ajaýyplygy barada birmeňzeş pikire geldiler. Emma ýaryşyň şerti şeýle diýlişi ýaly, onuň ikinji tapgyrynyň jemleri boýunça 2012-nji ýylyň ajaýyp we gözel bedewleri diýen at ugrunda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna behişdi bedewleriň 10-sy: Bagtyýar, Akdag, Hanpata, Ahalteke, Hanbürgüt, Şatlyk, Täsinguş, Ilkinji, Hanbeg we Gündogar bedewleri bäsleşer.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýurdumyzyň Halkara atçylyk-sport toplumynda 29-njy aprelde—Türkmen bedewiniň baýram ediljek güni geçiriler. 2012-nji ýylyň gözden geçirilişiniň ýeňijisi Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna we göçme Kubogyna, şeýle hem “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ada mynasyp bolar. Bu gyzykly we özüne çekiji bäsleşige gatnaşyjylaryň galanlary gymmat bahaly baýraklara eýe bolarlar.

* * *


Şu gün Marynyň atçylyk-sport toplumynda bäş çapyşyk geçirildi, onda gündogar welaýatyň iň ýyndam bedewleri bäsleşdiler, mysal üçin, birinji çapyşykda 1400 metr aralykda 3 ýaşar bedewleriň arasynda 1 minut 46,78 sekunt wagt görkezip, Serkerde bedewi ýeňiş gazandy. Galan çapyşyklara 4 ýaşar we ondan uly bedewler gatnaşdylar, olaryň hataryndan ikinji çapyşykda 1600 metr aralykda Serdar bedewi 2 minut 17,5 sekunt wagt görkezip, üçünji tapgyrda 1800 metr aralykda Perwaz bedewi 2 minut 19,75 sekunt wagt görkezip ýeňiji boldy, 4-nji we 5-nji çapyşyklarda 2000 metr aralykda degişlilikde Jomart bedewi 2 minut 57,01 sekunt wagt görkezip we Gyrgaplaň bedewi 2 minut 48,88 sekunt wagt görkezip pellehana ilkinji bolup geldi.