Ï Kenarda şypahana gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kenarda şypahana gurulýar

view-icon 795
„Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly ýokary derejeli dynç alyş merkeziniň gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Öz binagärçilik gurluşy boýunça özboluşlylygy bilen tapawutlanaýan bu bäş binadan ybarat bolan myhmanhana gözüň alnynda parlap duran baýdagy şekillendirýär. Bu desgany şertnamada bellenilen wagtdan dört aý öň - 2013-nji ýylyň tomus möwsümimiň başyna ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Merkezi binalaryň üçüsinde gurluşyk-gurnama işleri tamamlandy diýen ýaly. Olaryň birinde - baş bina ýanaşyk ýerleşýän binanyň birinde iň soňky gaty – onunjy gaty ýapmak işleri galdy. Alnyp barylaýan işleriň tehnologiýalaryna laýyklykda myhmanhananyň beýleki binalarynyň gatlary hem yzygiderli ösdürilýär. Binanyň iň ýokary böleginde, myhmanlar üçin niýetlenen 80 metrlik diňinde, 4-nji gatyň daşky diwarlaryny we germewini örmek işlerine başlanyldy. Myhmanhananyň gapdal binalarynyň ikisinde: üsti ýapyk basseýninde we binagärçilik taýdan ýerine ýetirilen – ýokary derejeli myhmanhananyň esasy girelgesinde ýerine ýetirilýän işleriň möçberi barha artýar. Köpugurly dynç alyş merkeziniň beýikligi 68 metr bolan VIP – binasynyň we beýleki desgalarynyň gurluşyk işleri çaltlandyrylan depginlerde alnyp barylýar.

132 müň inedördül metr gurluşyk meýdanynda uly ýük göterýän başnýa we awtoulag kranlary, ýüküni özi düşürýän kän ulaglary, demrikdiriji ulaglaryň, beton daşaýjylar, ýer gazyjylar, ýer tekizleýji ýaly tehnikalaryň birgideni bar. Gurluşykda 560 adam zähmet çekýär. Ýokary derejeli dynç alyş merkeziniň ýokary gurluşly we durmuş üpjünçilkili dynç alyş desgalarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Gurluşykçylar akwaparkly tomaşa jaýlar merkeziniň gurluşyk işlerine başladylar.

Akar suwly emeli derýajygyň we kölüň gurluşygy üçin meýdança taýýarlanyldy. Golaý wagtda olaryň kenarlarynda kafe-barlar, uly we kiçi telärler, hytaý kafeteriýesi, saýalyk üçin bassyrmalar, çyrmaşýan ösümlikler, oýun oýnalýan meýdançalar, owadan köprüler bilen biri-birini birleşdirýän deňizde oňaýly dynç almak üçin niýetlenen beýleki desgalar peýda bolar. Gurluşygyň dürli künjeklerinde beton taýýarlamak işleri, tehniki binalaryň, açyk awtoulag duralgasynyň, luna-parkyň, açyk asmanyň astynda tans etmek üçin meýdançalaryň, halas edijileriň gözegçilik ediji diňiniň, suwda ýüzülýan howzuň, töweregiňi syn etmek üçin sekiniň we kiçi-golf oýny üçin meýdançalaryň binýat çukurlaryny gazmak işleri alnyp barylýar.

Gurluşykçylaryň tebigy landşaftyň, aýratyn hem suwa düşülýän kenaryň, owadanlygynyň saklanyp galmagy üçin edýän aladalary guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu ýeriniň gurluşyk bilen baglanyşykly tolkunly zolagyny ähli ýerinde aýmançalary gurmak işleri göz öňünde tutulandyr. Islendik tehnikalaryň bu ýere gelmegi gadagan edilendir. Çägeli kenarlaryň aýratyn rekreasion gymmatlylygy sebäpli ekologiki howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelýän işleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulandyr. Olar göçme kenar saýawanlaryny, egin-eşik çalşyrylýan we suw akydylýan ýeňiljek enjamlary öz içine alýan altyn çägeli dynç alyş ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglydyr.

Bu köpugurly şypahana diňe bir myhmanlara doly ölçegli hyzmatlary etmäge niýetlenilmän, eýsem halkara maslahatlaryny, daşary ýurt parlamentleriniň wekilýetiniň duşuşyklaryny oňaýly şertlerde geçirmäge hem niýetlenendir. Türkmenistanyň Mejlisiniň sagaldyş merkezi deňziň kenarynyň giň gözýetiminde alnyp barylýan täze gurluşyklar bilen sazlaşyp gidýär. Onuň bir gapdalynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň 250 orunlyk 5 ýyldyzly myhmanhanasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar, beýleki gapdalynda bolsa, ýurdyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň 234 orunlyk 12 gatly beýik binasynyň boýy barha belende galýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň toplumy bilen ýanaşyk ýerde dynç alyş-myhmanhana, bejeriş-sagaldyş, sport we tomaşa geçirmäge niýetlenen desgalaryň 20-den gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olardan ikisi – Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we „Türkmenbaşy“ döwlet täjirçilik bankynyň iki gatly kottejleriniň on sanysy ýetip gelýän tomusky dynç alyş möwsüminiň başyna ulanylmaga beriler.