Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 691
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen bilelikde buýsanmak, dünýä türkmenleriniň jebisligini, dostlukly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem olara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 21 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga mümkinçilik döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XV maslahatyny 2012-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde çagyrmak bellenildi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine ýurtlar we sebitler boýunça maslahata gatnaşjak wekilleriniň sanynyň we atlarynyň kesgitlenmegini hem-de olaryň maslahata gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň suw hojalyk pudagyna ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary ornaşdyrmak we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligine Mary welaýatynda “Zähmet-Türkmengala” abzal ýabynyň 3 sany suw göteriji bekediniň durkuny täzelemek barada Russiýa Federasiýasynyň “Gidromaşserwis” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Işlere 2012-nji ýylyň maý aýynda başlamak we suw göteriji beketleri 2014-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine Belarus Respublikasynyň “MAZ” we “Amkodor” kysymly awtoulaglary we ýörite tehnikalary öndürýän zawodlarynyň Türkmenistandaky resmi wekili bolan Gyrgyz Respublikasynyň “Ýaraw” söwda öýi” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen awtoulaglary, ýörite tehnikalary ätiýaçlyk şaýlary bilen bilelikde satyn almak barada; Belarus Respublikasynyň “Minskiý traktornyý zawod” respublikan unitar kärhanasy bilen traktorlary ätiýaçlyk şaýlary bilen bilelikde satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 4947-nji Permanyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýoluny halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Gazagystan Respublikasynyň “ASPMK-519” jogapkärçiligi çäkli şereketiniň hem-de Hindistan Respublikasynyň “KEC International Limited” kompaniýasynyň belelikdäki konsorsiumy bilen “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň Bereket-Buzhun böleginiň Çilmämmet-Buzhun aralygynyň energiýa, habardar ediji, aragatnaşyk ulgamlarynyň enjamlaryny satyn almak we gurnamak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.