Ï Ata Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ata Watanymyzyň sebitlerinde täze jaý toýlary

view-icon 629
Şu gün Beýik Türkmenbaşy etrabynyň merkezi Dostluk şäherçesinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde bina edilen täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. 365 orunlyk bu mekdebiň binasyny “Mähirli” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular. Olaryň has tapawutlananlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ir bilen sport şäherjiginiň baýramçylyk görnüşinde bezelen, abadanlaşdyrylan çäklerinde dabaraly ýagdaý höküm sürdi. Bu dabara köp sanly gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň, şäherçäniň ilatynyň öňünde ýaşajyk türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler, tansçylar, aýdymçylar we sazandalar çykyş etdiler.

Ýaşlary täze ajaýyp sport desgasynyň açylmagy bilen gutlamak üçin welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar geldiler. Dabarada çykyş edenler täze desganyň ýerli ýaşlaryň arasynda sport hereketini ösdürmekde uly ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň saglygy hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde bolsa bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.

Häzirki döwre mahsus bolan binagärlik nusgasynda innowasion timarlaýyş materiallary we tehnologiýalar ulanylyp bina edilen bu sport mekdebi ýörite türgenleşik enjamlary bilen doly üpjün edilipdir. Bu ýerde şäherçäniň ýaşlarynyň öz boş wagtyny gyzykly we saglygy üçin peýdaly geçirilmegi, bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Mekdebiň giň sport zalynda basketbol, woleýbol oýnamak üçin meýdançalar, boks, göreş, küşt we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin aýratyn otaglar bar. Şeýle hem türgenleşik zaly, hyzmat ediş, lukmançylyk otaglary ýaşlaryň ygtyýaryna berildi.

Mekdebiň çäklerinde ýerleşýän açyk sport meýdançasy dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin peýdalanylar. Bu ýerde kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gimnastika, tennis meýdançalary, ylgaw ýodajyklary bar.

Bu täze bina soňky ýyllarda Lebap welaýatynda ulanmaga berlen on üçünji sport mekdebidir we Beýik Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde gurlan ikinji sport desgasydyr. Dostluk şäherçesinde iki ýyl mundan ozal 1500 orunlyk ylgaw ýodajyklary, türgenleşik zaly hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça, şol sanda milli oýunlar boýunça hem ýaryşlary geçirmek üçin sport zallary bolan ajaýyp stadion ulanmaga berlipdi.

Täze häzirki zaman sport mekdebiniň açylmagy mynasybetli geçirilen dabara tamamlanandan soň eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milletiň Lideriniň baş saglygyna toý sadakasy berildi.