Ï Türkmen bedewleriniň uzak aralyga bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen bedewleriniň uzak aralyga bäsleşigi

view-icon 877
Şu gün Türkmen bedewiniň ählihalk baýramynyň öňýanynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda uzak aralyga (marafon) at çapyşygy geçirildi.

Bu çäre mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin türkmen bedewiniň köp sanly janköýerleri ýygnandylar. Olaryň arasynda bu ajaýyp baýramçylyga gatnaşmak üçin ýurdumyza ýörite gelen daşary ýurtly myhmanlar hem bar. Dag eteginde ýerleşýän ajaýyp meýdanda ýörite bezelen ak öýler, haly düşelen tagta sekiler gurnalypdyr. Bu ýerde bagşylar aýdym aýtsalar, çeper elli zenanlar el işleri boýunça öz sungatyny görkezdiler.

Ýörite gurnalan sahnada belli estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň, tans we folklor toparlarynyň, artistleriň şowhunly çykyşlary boldy.

Milli göreş, ýaglyga towusmak we tanap çekmek boýunça ýaryşlar geçirilip, ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, myhmanlara milli tagamlar hödür edildi. Bu ýerde şeýle hem Ahal welaýatynyň etraplarynyň çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň işleriniň sergisi guraldy. Ýörite bezelen hiňňillikleriň ýany has-da köp adamly boldy. Bularyň ählisi geçirilýän çärä aýratyn dabaralylyk we baýramçylyk şowhunyny berdi.

Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzda atçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, ahalteke bedewlerini köpeltmek maksady bilen geçirilýän seçgi işleriniň kämilleşdirilmegi, bedewleri halkara ýaryşlaryna taýýarlamak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bedewlere çäksiz sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi--biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly meşhur kitabynda belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri diňe bir däp bolan çapyşyklarda däl-de, eýsem, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerinde hem ýokary netijeleri görkezdiler. Olaryň biri hem geçilýän çäkleriň we howa şertleriniň ýagdaýyna garamazdan, atlaryň çydamlylygyny synamak üçin gadym döwürlerden bäri uzak aralyklara geçirilýän at çapyşyklarydyr.

Ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak ýyndamlyk we beden taýdan kämillik sypatlaryny köp günlük atly ýörişler we sport ýaryşlary hem subut etdi. Türkmen jigitleriniň Aşgabat-Moskwa (1935 ý.), Aşgabat-Garrygala-Aşgabat (1983 ý.), Aşgabat-Köneürgenç-Aşgabat (1986 ý.) ýaly uzak aralyklara geçiren ýörişleri häzirki wagtda hemmeleriň ýadyndadyr.

Ajaýyp ahalteke bedewi Absentiň atasy Arap diýen bedewiň 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat-Moskwa atly ýörişe gatnaşandygyny ýatlamak ýakymlydyr. 4300 kilometr bolan bu aralygy ahalteke bedewleri 84 günde geçdiler. Şunda bir gije-gündiziň dowamynda geçilýän aralyk 120 kilometre ýetipdir. Garagum çölüniň geçmesi kyn çägeliklerini bolsa çapyksuwarlar üç günüň dowamynda geçipdirler. Şol ýörişde bedewleriň ählisi ýokary tizligi we ajaýyp beden ýagdaýyny görkezip, Moskwa sag—aman bardylar, şol ýerde olary köp sanly tomaşaçylar şowhun bilen garşyladylar. Uzak wagtlap ýatda galan ýörişiň ýeňijisi Tarlaň diýen mele bedew boldy. Göräýmäge näzik görünýän ahalteke bedewleriniň uzak aralyklarda adaty bolmadyk çydamlylygy görkezýändigine we teşnelige aňsatlyk bilen döz gelýändigine haýran galaýmaly.

Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçirilen bu at çapyşygy her biri 30 kilometr aralykdan durýan iki tapgyrdan ybarat boldy. Çapyşygyň ugry päsgelçilikli ýerlerden geçýär.

Uzak aralyga bolan bäsleşige 5-12 ýaşar aralygyndaky atlaryň 20-si gatnaşdy. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Atçylyk sportunyň milli merkeziniň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ähli welaýatlarda ýerleşýän athanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň atlarydyr we hususy eýeçilikdäki bedewlerdir.

At çapyşygyň jemleri boýunça düzüminde türkmen hünärmenleri bilen bir hatarda daşary ýurtly atşynaslar hem bolan emin agzalary Tugun (birinji orun), Gaýly (ikinji orun) we Adylhan (üçünji orun) diýen bedewleri ýeňijiler diýip ykrar etmek barada karara geldiler.