Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 583
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, öz garamagyndaky desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiziň döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň guramaçylyk we maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini mundan buýana-da gowulandyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Milli Liderimiz döwleti dolandyrmagyň özgertmeleri döwlet we dolandyryş düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şol özgertmeler bolsa döwleti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak we dolandyryş ulgamyna täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak bilen baglylykda amala aşyrylýar.Döwlet Baştutanymyz bu ulgamdaky wezipeleri çözmek boýunça anyk tabşyryklary berip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň garamagyndaky desgalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň parlamentiniň alyp barýan işi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada habar berdi.

Milletiň Lideri öňümizdäki wakanyň aýratyn taryhy ähmiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň Esasy Kanuny Türkmenistanyň durnukly ösmeginiň we rowaçlanmagynyň, onuň raýat jemgyýetiniň edaralaryny demokratiýalaşdyrmak we kämilleşdirmek ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň ygtybarly kepiline öwrüldi diýip nygtady.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetimiziň esasy ýörelgesi beýan edilendir. Oňa laýyklykda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Hut şu konstitusiýon ýörelge biziň amala aşyrýan syýasatymyzyň esasyna goýuldy we ol “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda beýan edildi diýip, milletiň Lideri aýtdy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda birnäçe teklipleri aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy babatda DIM-iň alyp barýan işi we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 3-nji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Wise-premýeriň, DIM-iň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, şu günüň ikinji ýarymynda geçirmek göz öňünde tutulýan mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şeýle hem köp ugurlar boýunça türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Şol ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, saglygy goraýyş, ylym, bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, maýa goýum işi, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler bar. Şunuň bilen baglylykda, esasy nemes kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge we Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalara gatnaşmaga çalyşýandygy bellenildi. Türkmen bazarynda işlemek üçin amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Hasabatyň çäklerinde II türkmen-german lukmançylyk maslahaty barada habar berildi, ol 26-njy aprelde Aşgabatda geçiriler. Germaniýa tarapyndan maslahata gatnaşýanlaryň arasynda degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, meşhur lukman hünärmenler, şeýle hem ençeme ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzda üstünlikli işleýän we hususan-da, lukmançylyk enjamlaryny öndürmek ulgamynda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň wekilleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanyň köpden bäri gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, ilki başdan deňlik we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan hem-de ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ugry bounça türkmen-german gatnaşyklaryny ösdürmek meselesine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belläp, öz tarapyndan Türkmenistan hem germaniýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär diýip aýtdy. Nemes hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplanyldy. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň we lukmançylyk ylmynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň däbe öwrülen ugurlarynyň biridigini belläp, bu möhüm ulgamda türkmen-german gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Biziň ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy we şunuň bilen baglylykda anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa garamagyndaky ulgamlarda ileriň barşy barada hasabat bermeginiň barşynda iki sany iri halkara çäresine, ýagny Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine we Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň dabaralaryna taýýarlyk görmegiň hem-de olary geçirmegiň meseleleriniň üstünde durup geçdi.

Tatarystanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde dostlukly ýurduň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagynda iki doganlyk halklaryň ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň tejribe alyşmagyna, milli medeniýeti wagyz etmäge ýardam etjek birnäçe çäreleriň geçiriljekdigi bellenildi.

Wise-premýer Mary şäherinde şanly waka taýýarlyk görmek meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, hususan-da, Mary şäheriniň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň, ýurdumyzyň alymlarynyň , medeniýet ulgamynyň işgärleriniň, ýaşlaryň, giň jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda geçiriljekdigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dostlukly halklaryň ruhy taýdan özara baýlaşmagyna, şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmäge ýardam etjek medeniýet ulgamyndaky bu halkara çäreleriniň aýratyn ähmiýetini belledi. Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip seçilip alynmagy diňe bir onuň taryhy ähmiýetiniň ykrar edilmegini däl-de, eýsem, häzirki zaman Türkmenistanyň dünýäniň syýasy durmuşynda eýeleýän jebisleşdiriji ornuny hem görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Dünýä biziň ýurdumyzyň häzirki ruhy ösüşi, şeýle hem bütin dünýäniň ruhy hazynasynyň ähmiýetli we aýrylmaz bölegi bolup durýan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hem jikme-jik bilmelidir diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu halkara çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek barada anyk görkezmeleri berdi

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ykdysady topara girýän guramalaryň işi hem-de maliýe-býujet syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar bilen çykyş etdi. Hökümet Baştutanymyzyň orunbasarynyň hasabatynyň çäginde, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy. Bellenip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan maliýe syýasaty türkmen döwletiniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly möçberli ykdysady özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe edaralarynyň we bank düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň, olaryň işine döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagynyň milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetli şertleriniň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtamak bilen, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň maliýe ýagdaýyny seljermek, maliýe-hasabat düzgün-nyzamyny ýokarlandyrmak hem-de degişli resminamalary düzmegiň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça işi mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, welaýatlarda gowaça ekişiniň iň soňky gektarlarda alnyp barylýandygy, gymmatly tehniki ekin üçin bölünip berlen ýerleriň uly böleginde eýýäm oňat gögeriş alnandygy bellendi. Gowaça ekilen ýerlerde birinji hatarara bejergi, ýekeleme we otag işlerine girişildi, ak ekinlere ikinji we üçünji ösüş suwlaryny tutmak ýaly agrotehniki çäreler, oraga taýýarlyk görmek bellenilen iş tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

Hasabatyň çäklerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynda ýokary öndürijilikli tehnologiki enjamlary ornaşdyrmak we ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Mary welaýatynda “Zähmet-Türkmengala” abzal ýabynyň suw göteriji beketleriniň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hem habar berildi.

Şeýle hem wise-premýer geljek ýekşenbede türkmen toýuna mahsus öwüşgünde çäksiz dabaralara beslenjek Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hormatly Prezidentimize habar berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanynyň garamagyna bu baýram mynasybetli geçiriljek “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisiniň göçme nyşanynyň, uzak aralyga atly ýöriş (marafon) boýunça bäsleşigiň ýeňijisiniň göçme nyşanynyň hem-de bedewleriň päsgelçilikden böküp geçmek (konkur) boýunça bäsleşiginiň ýeňijisiniň göçme nyşanynyň nusgalary hödürlendi.

Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk toplumynda geçiriljek at çapyşyklarynyň birine Russiýa Federasiýasyndan, Kanadadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Çehiýadan hem-de Fransiýadan geljek 6 çapyksuwaryň gatnaşmagy göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Şol çapyşykda birinji orna mynasyp bolan çapyksuwara ahalteke bedewiniň gyzyldan heýkeli we ikinji orna eýe bolan çapyksuwara ahalteke bedewiniň gyzyl çaýylan heýkeli, üçünji orna mynasyp bolan çapyksuwara ahalteke bedewiniň kümüş çaýylan heýkeli hem-de ýeňiji çapyksuwarlaryň her birine 6 inedördül metr bolan ahalteke bedewiniň şekili dokalan haly gowşurylar.

Türkmenistanyň Prezidenti gowaça ekişine ünsi çekip, bu gymmatly tehniki ekiniň mundan beýläk-de bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üpjün etjek ähli agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzüm birliklerini ýetip gelýän galla oragy möwsümine taýýarlamak barada anyk görkezmeler berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mary welaýatynda “Zähmet-Türkmengala” abzal ýabynyň suw göteriji beketleriniň durkuny täzelemek hakynda” hödürlenen resminamany tutuşlygyna makullap we oňa gol çekip, ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlaryny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işiň möhümdigini nygtady.

Şu günler Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralar

ata Watanymyzyň ähli künjeklerini gurşap alýar. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ýüwrük we owadan bedewlerimiziň şanyna tutýan toýlarymyza dünýäniň çar tarapyndan geljek myhmanlaryň ähli çärelere işjeň gatnaşmagy üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz bu şanly baýramçylygyň edermen halkymyza ata-babalarymyzdan miras galan belent myhmansöýerlik däplerine laýyklykda ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew öz gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm döwlet durmuş syýasatyny hem-de wajyp milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ХV maslahatyny çagyrmaga taýýarlyk görlüşi barada döwlet Baştutanymyza habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ady agzalan ulgamlar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, bu ulgamlaryň öňünde goýlan wajyp we jogapkärli wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň geljekki beýik ösüşleriniň, arzyly sepgitleriniň gözbaşydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamlara girýän guramalaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly ähli meseleleri mundan buýana-da mydama berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gumanitar ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine degip geçip, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen köptrapalaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady. Milletiň Lideri bu birleşigiň işi Türkmenistanyň we dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge, türkmen halkynyň köp asyrlyk baý taryhy-medeni mirasyny we onuň täze taryhy eýýamda gazanan uly üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam edýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Dünýä türkmenleriniň ХV maslahatyny çagyrmak hakyndaky” karara gol çekip, döwletimiz mundan beýläk hem Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işine aýratyn üns berer diýip nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we dürli desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler baradaky habar bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, wise-premýer ýurdumyzyň jemagat hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler hakynda-da habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, awtoulaglary, ýörite tehnikalary, traktorlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak babatda teklip beýan edildi we degişli resminamanyň taslamasy hödürlendi.

Türkmen halkynyň durmuşynyň täze, ýokary ülňülerini üpjün etmegiň häzirki eýýamda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Onuň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar gurulýar. Şunda taslama resminamalaryny düzmekden başlap, ähli işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň meselelerine aýratyn üns bermek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy. Gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagyna bildirilýän talap üýtgewsizligine galýar diýip, döwlet Baştutany wise-premýere gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň jemagat hojalygyny ösdürmegiň, degişli ulgamda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň Jemagat hojalygy ministrligi üçin tehnikalary satyn almak hakynda hödürlenen resminamany makullady. Hormatly Prezidentimiz degişli karara gol çekip, gelip gowuşýan awtoulag serişdelerini, ýörite tehnikany, traktorlary netijeli we aýawly ulanmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň maýa goýum we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ýakyn wagtlarda meýilleşdirilýän pudaklaýyn çäreler, şeýle hem söwda we hyzmat edýän kärhanalaryň ulgamyny giňeltmek, ýaşaýyş-durmuş düzümini mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilatyň isleglerini has doly kanagatlandyrmak maksady bilen bu ugra häzirki zaman halkara ülňülerini giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagy üçin oýlanyşykly strategiýanyň möhümdigi barada söz açyp, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum kuwwatyny ýokarlandyrmak, daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Bu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň daşary ýurt bazarlarynda sergi we mahabatlandyryş-tanyşdyryş işiniň uly ornuny belledi. Hususan-da, milletiň Lideri döwletara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek arkaly dokma toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çärelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlara iberilýän dokma önümleriniň möçberini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, pudagy tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak we tutuşlygyna alnanda, Türkmenistanyň ýeňil senagatynyň önümçilik-söwda ulgamyny ösdürmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz çykyşynda gözegçilik edýän pudaklarynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi. Hususan-da, wise-premýer “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze guruljak binalaryň we desgalaryň tanyşdyrylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada, şeýle hem Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan ähli gurluşyk işleriniň iň ýokary ölçeglere laýyk gelmelidigini nygtady.Hazaryň kenarynda kemala gelýän deňiz şypahanasynyň täze desgalary barada aýdylanda bolsa, olaryň taslamasy düzülende we gurlanda dünýäniň iň oňat tejribesi, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik pikir we özboluşly bezeg işläp taýýarlamalary işjeň ulanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurdygy hakynda söz açyp, kaliý dökünlerini öndürmek boýunça ýurdumyzda ilkinji dag-baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygynyň taslamasynyň aýratyn ähmiýetini nygtady, şol taslama Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Belarusdan bolan hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Himiýa senagatynyň ägirt uly serişde kuwwatyny, ýarym metallaryň, beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý ýataklaryny nazara almak bilen, biz mundan beýläk-de bu geljegi uly pudagy ösdürmäge ilkinji nobatda üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary bermek bilen, bu möhüm senagat desgasynyň gurluşygynyň möhletleriniň berjaý edilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda geçirilýän işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer “Gyzylgaýa-Bereket- Etrek” demir ýolunyň Bereket-Buzhun böleginiň Çilmämmet-Buzhun aralygynyň energiýa, habardar ediji, aragatnaşyk ulgamlarynyň enjamlaryny satyn almak we gurnamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem “Bereket-Gyzylgaýa-Serhetýaka” demir ýolunyň ugrunda guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň häzirki wagtda, Ýewraziýa yklymynyň halkara ulag we üstaşyr geçelgelerinde, şol sanda demir ýol ulagy babatda hem möhüm halka öwrülýändigini belläp, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri herekete girizmegiň zerurdygyny nygtady. Milletiň Lideri Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmak boýunça ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň stategik ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de sebitleýin we dünýä möçberinde ösüşe we rowaçlyga ýardam eder diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda Türkmenistanyň çäklerinden geçýän içerki döwlet we halkara üstaşyr gatnawlaryna hyzmat etmek boýunça demir ýol üçin habar beriş hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň ornunyň artýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz tutuşlygyna alnanda “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň Bereket-Buzhun böleginiň Çilmämmet-Buzhun aralygynyň energiýa, habardar ediji, aragatnaşyk ulgamlarynyň enjamlaryny satyn almak we gurnamak hakyndaky” kararyň taslamasyny makullap we oňa gol çekip, ähli gurluşyk işlerini iş tertibine berk laýyklykda we ýokary hil derejesinde geçirmegiň zerurdygyna aýratyn üns bermek bilen, bu taslamanyň durmuşa geçirilişine berk gözegçilik etmegi wise-premýere tabşyrdy.

Milletiň Lideri bu meseläni dowam edip, ýaşaýyş jaýlarynyň hödürlenen taslamalary bilen içgin tanşyp, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" üstünlikli durmuşa geçirmegiň aýratyn ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalary oňlap, olaryň halkara derejelerinde doly laýyk gelmelidigi barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine hemmetaraplaýyn göwnejaý taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde jikme-jik durup geçdi. Ajaýyp Gökdere jülgesindäki çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerini möhüm möwsüme birkemsiz taýýarlamagyň, hususan-da, bu ýerlerde abatlaýyş işleriniň depginleriniň çaltlandyrylmalydygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň öz wagtyny peýdaly we şatlykly geçirmeklerini üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi babatda gaýragoýulmasyz guramaçylyk işleriniň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda beýleki birnäçe möhüm meselelere hem garady, olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, mejlisi tamamlady we oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.